30.04.2026
2026-njy ýylyň 30-njy aprelinde
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen Türkmen – Hytaý işewürler
forumy we sergisi ýokary guramaçylyk derejesinde üstünlikli tamamlandy. Üç gün
dowam eden bu giň gerimli çäre iki ýurduň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň täze
tapgyrynyň berk binýadyny goýdy.
Serginiň
jemleýji güni netijeli işewür gepleşiklere baý boldy. Iki ýurduň döwlet
düzümleri we hususy telekeçiler arasynda geçirilen B2B duşuşyklarynda
hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi, Hytaý kompaniýalary tarapyndan
guralan tanyşdyryş çykyşlarynda hem sanly ulgamlary ornaşdyrmak we önümçiligi
döwrebaplaşdyrmak boýunça täze taslamalar hödürlendi. Şeýle-de birnäçe ikitaraplaýyn
Hyzmatdaşlyk Ähtnamalaryna gol çekildi. Bu resminamalar söwda dolanyşygyny giňeltmek,
tejribe alyşmak hem-de bilelikdäki kärhanalary döretmek ýaly ugurlary öz içine
alýar.
Çäräniň
ahyrynda gatnaşyjylara diplomlar gowşuryldy hem-de Türkmenistanyň hormatly Prezidentine
minnetdarlyk Ýüzlenmesi kabul edildi.
Türkmen
– Hytaý işewürler forumy we sergisi ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bir
hatarda, iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň has-da
pugtalandyrylýandygyny aýdyň görkezdi.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy.