11.02.2026
2026-njy ýylyň 11-nji ýanwarynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport
harytlarynyň 12-nji sergisi ýokary guramaçylyk derejesinde öz işini dowam
edýär. Giň gerimli bu sergi türkmen-türk söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň depginli
ösüşini aýdyň görkezýän möhüm meýdançasyna öwrüldi.
Sergä
Türkiýe Respublikasynyň 100-e golaý öňdebaryjy kompaniýalary we pudaklaýyn
assosiasiýalary gatnaşýar. Olar häzirki zaman tehnologiýalaryna esaslanýan,
halkara hil ülňülerine laýyk gelýän dürli görnüşli önümlerini giňden
tanyşdyrýarlar. Ekspozisiýalarda gurluşyk we senagat serişdeleri, oba hojalyk
önümleri, maşyn gurluşygy hem-de durmuş tehnikalary hem-de beýleki köpugurly
harytlar görkezilýär. Bu bolsa türkmen işewürlerine dünýä bazarynda bäsdeşlige
ukyply önümler bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Serginiň
çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar we gepleşikler işjeň alnyp barylýar. Şeýle
duşuşyklar täze hyzmatdaşlyk şertnamalarynyň baglaşylmagyna, bilelikdäki
taslamalaryň durmuşa geçirilmegine özara söwda dolanyşygynyň möçberiniň
artmagyna giň ýol açýar. Hususan-da, türkmen telekeçileri üçin Türkiýäniň
eksport mümkinçiliklerini içgin öwrenmekde we täze hyzmatdaşlygy has-da
giňeltmäge hyzmat edýär.
Aşgabatda
geçirilýän bu sergi diňe bir harytlaryň tanyşdyrylyşy bilen çäklenmän, eýsem
täze mümkinçilikleriň açylýan, hyzmatdaşlygyň täze sahypasynyň ýazylýan möhüm
platformasy hökmünde çykyş edýär.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.