04.05.2026
2026-njy ýylyň 12-14-nji maýynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Agro Pack
Turkmenistan-2026” atly halkara sergisi geçiriler. Bu iri çäre oba hojalygynda
we azyk senagatynda gazanylan öňdebaryjy tejribeleri hem-de innowasion çözgütleri
bir ýere jemleýär.
Sergide
ýerli we daşary ýurt kompaniýalary öz önümlerini, häzirki zaman enjamlaryny we
hyzmatlaryny giňden tanyşdyrarlar. Azyk önümçiligi, gaplama tehnologiýalary,
logistika we degişli ugurlarda täze mümkinçilikler görkeziler. Şeýle hem işewür
duşuşyklar geçirilip, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň ýol açylar.
“Agro
Pack Turkmenistan-2026” atly halkara sergisi sebitde oba hojalygy we azyk
senagaty pudaklary üçin iň iri meýdançalaryň biri bolup, pudagy ösdürmekde,
öndürijiligi ýokarlandyrmakda we eksport mümkinçiliklerini giňeltmekde möhüm
orun eýelär.
Bu
halkara sergi milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynyň ösdürilmegine
goşant goşup, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna we netijeli
hyzmatdaşlyklaryň ýola goýulmagyna itergi berer. Bu çäre Türkmenistanyň oba
hojalyk we azyk senagaty pudaklarynda täze ösüşleriň badalga nokady hökmünde
çykyş eder.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.