05.06.2026
Dünýä modasynyň paýtagtlary bolan
Parižiň, Milanyň we Londonyň owazy bu gün Aşgabatda «TurkmenTextile Expo — 2026-da» ýaňlanýar.
Dünýä belli «Vivienne Westwood» modalar öýüniň ýolbaşçylarynyň öňünde çykyş
eden türkmen dizaýnerleri dünýä
podyumlaryna taýýardygyny subut etdiler. Italiýanyň «Fashion Channel Italy»
telekanalynyň esaslandyryjysy Marzio Noçera milli brendlerimiziň häzirki zaman
meýilleri bilen bezelen täze lybaslaryna haýran galandygyny aýtdy. Diňe bir
moda däl, eýsem ekologik taýdan arassa, tebigy süýümlerden taýýarlanan we
smart-enjamlarda dokalan matalar üns merkezinde boldy.
Abat Muhammetniýazowa, Seýrangeldi
Berdiýew, Anna Kor ýaly dizaýnerlerimiz özleriniň täze ýygyndylary bilen sergä
gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldular. Keteniniň, milli
keşdeleriň we häzirki zaman stiliniň utgaşmasy hemmeleriň ünsüni çekdi.
«Miras», "Gülýaka Lybaslary" milli mirasyň iň nepis we kaşaň
nusgalaryny podyuma çykardy. «Emine Bridal» gözelligi bilen gözüňi gamaşdyrýan,
durmuş toýlary üçin iň näzik lybaslary tanyşdyrdy.
Bu sergi — Türkmenistanyň diňe bir pagta
öndürýän ýurt däl, eýsem dünýä modasyna uly täsir edip biljek gözellik
merkezi bolup biljekdigini subut edýär.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.