25.05.2026
2026-njy ýylyň 24-25-nji maýynda Belarus Respublikasynyň Söwda-senagat
edarasynyň Minsk bölüminiň ýolbaşçylygyndaky işewürler wekiliýeti Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan
«Ak şäherim Aşgabat» atly XXV halkara serginiň
we maslahatyň işine işjeň
gatnaşdylar. Myhmanlar sergi-ýarmarkada
ýaýbaňlandyrylan diwarlyklar bilen tanyşyp, çäräniň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdiler.
Halkara serginiň we maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň
belorussiýaly kärdeşleri bilen türkmen işewür toparlarynyň arasynda B2B görnüşinde göni gepleşikler geçirildi. Dostlukly ýurduň işewür wekiliýeti ykdysadyýetiň
dürli pudaklarynda iş alyp barýan täze kompaniýalarynyň ençemesiniň sazlaşykly
ösýän türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýändigini bellediler.
Gepleşiklerde türkmen tarapy bilen geljegi
uly hyzmatdaşlygyň ugurlary barada giňişleýin gürrüň etdiler. Esasan hem söwda
we ykdysady, senagat we gurluşyk, saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy
has-da işjeňleşdirmek babatda pikir alşyldy.
Şeýle-de taraplar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljegini
ara alyp maslahatlaşdylar.
Belarussiýanyň işewür wekiliýeti türkmen
tarapyna görkezilen myhmansöýerlik we
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga berilýän goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini
beýan etdiler.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.