Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

“Agro Pack Turkmenistan-2026” halkara sergisi işini dowam etdirýär

13.05.2026
16

          Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän “Agro Pack Turkmenistan-2026” atly halkara sergisi 2026-njy ýylyň 13-nji maýynda ýokary işjeňlikde öz işini dowam edýär. Halkara çäräniň çäklerinde geçirilýän B2B duşuşyklar işewür hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar.

         Sergä gatnaşýan ýerli we daşary ýurt kompaniýalary oba hojalygy, azyk senagaty hem-de gaplama tehnologiýalary boýunça innowasion çözgütlerini tanyşdyrýarlar. Şeýle hem önümçiligi döwrebaplaşdyrmak, eksport mümkinçiliklerini giňeltmek we täze maýa goýum taslamalary boýunça netijeli gepleşikler alnyp barylýar.

         “Agro Pack Turkmenistan-2026” atly halkara sergisi tejribe alyşmak, özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de agro-senagat ulgamynda halkara gatnaşyklary ösdürmek üçin netijeli platforma hökmünde çykyş edýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň