Täzelikler | TSSE
Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

2026-njy ýylda halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen sergiler we forumlar

22.12.2025
160

        Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan 2026-njy ýylda ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini giňden wagyz etmäge, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga hem-de telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen dürli ugurly sergileriň we forumlaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

         Geljek ýylda guraljak çäreler milli ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny öz içine alyp, senagat, söwda, energetika, oba hojalygy, ulag-logistika, sanly tehnologiýalar, innowasiýalar hem-de hyzmatlar ulgamynda alnyp barylýan ösüşleri giňden görkezmäge mümkinçilik berer.

         Sergileriň we forumlaryň dowamynda döwlet edaralarynyň, hususy pudagyň wekilleriniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň, halkara guramalarynyň hem-de işewürler jemgyýetiniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn duşuşyklar, tegelek stollar, tanyşdyryş çäreleri we hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikler geçiriler. Bu bolsa täze maýa goýum mümkinçilikleriniň açylmagyna, bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine hem-de tejribe alyşmaga ýardam eder.

         2026-njy ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän sergileriň we forumlaryň doly sanawy, olaryň seneleri hem-de ugurlary barada giňişleýin maglumatlar Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň resmi internet saýtynda ýerleşdirilendir.

         Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraljak çäreler ýurdumyzyň halkara ykdysady giňişligindäki ornuny pugtalandyrmaga, milli önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hem-de işewür gatnaşyklary täze derejä çykarmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň