06-07 Noýabr 2026
06.11.2026
Forum
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy
Hytaý - Şanhaý
2026-njy ýylyň
6–7-nji noýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde
geçiriljek 9-njy Hytaý Halkara import sergisiniň (CIIE) çäklerinde
türkmen-hytaý işewürlik forumy geçiriler. Geçirilmegi meýilleşdirilýän bu çäre
iki ýurduň döwlet edaralarynyň we hususy pudagynyň wekillerini bir ýere jemlär.
Forumyň
maksatnamasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn söwda, senagat hyzmatdaşlygy we oba
hojalygy, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we sanlylaşdyrmak,
üstaşyr ulag-logistika mümkinçiliklerini pugtalandyrmak, şeýle hem ynsanperwer
gatnaşyklarynyň ösdürilmegine bagyşlanan gepleşikler geçiriler. Mundan
başga-da, gatnaşyjylara Hytaý Halk Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň edara
binalaryna we önümçilik desgalaryna baryp görmek mümkinçiligi dörediler.
Türkmen-hytaý
işewürler forumy Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň dürli
taraplarynyň arasynda işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga, mümkin boljak
hyzmatdaşlyk ugurlary bilen tanyşmaga we bilelikdäki taslamalaryň durmuşa
geçirilmegini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilen netijeli meýdança bolar.
Forumyň
maksatnamasynyň çäklerinde gatnaşyjylar işewür duşuşyklara we gepleşiklere üç
görnüşde gatnaşyp bilerler:
G2G (Government-to-Government) — döwlet edaralarynyň arasynda;
B2G (Business-to-Government) — işewür toparlaryň we döwlet edaralarynyň
arasynda;
B2B (Business-to-Business) — kompaniýalaryň we telekeçileriň arasynda göni
duşuşyklar.
Türkmenistan we
Hytaý: işewürlik üçin täze mümkinçilikler, täze gatnaşyklar we bilelikdäki
taslamalar!
Gatnaşmak we goşmaça maglumat
almak boýunça habarlaşmak üçin:
Kemal Kutlyýew
Türkmenistanyň Söwda-senagat
edarasynyň Daşary ykdysady gatnaşyklar bölüminiň başlygynyň orunbasary, Halkara
seljeriş we maglumat bölümçesiniň başlygy
Telefon: +993 12 39 88 53 / +993
61 776088
Elektron poçta: ferd2@cci.gov.tm
Telefon: +993 12 75 36 44 / 48;
+993 64 04 27 51
Elektron poçta: ogulbagt.hydyrova@tmt.tm