Makalalar
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

Makalalar

ÇAGALYGYŇ REŇBE-REŇ DÜNÝÄSINDE

24.08.2026
25
Card image cap

Çagalyk — arzuwlaryň ilkinji ganat açýan döwri. Şol arzuwlaryň haýsy ugra «uçjakdygyny» bolsa bilim, terbiýe, döredijilik we ynam kesgitleýär. «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi ýarmarka şol ganatlaryň berkemegi üçin dürli mümkinçilikleri bir ýere jemleýär. Bu ýerde çagalar özüni tanamaga, ukybyny synap görmäge, täze zatlary öwrenmäge, geljek baradaky arzuwlaryny has aýdyň göz öňüne getirmäge mümkinçilik alýarlar. Ak mermerli paýtagtymyz­da öz işini dowam edýän «Kids EXPO» sergiarmarkasynyň ikinji güni hem şowhunly çärelere, ýatdan çykmajak pursatlara baý boldy. Sergi ýaş nesliň zehinini, döredijilik ukybyny, bilim almaga höwesini, geljege bolan ynamyny bir giňişlikde jemleýär.

Serginiň ikinji gününiň maksatnamasyna laýyklykda, meýdançada guralan «Çagalar üçin zehinler zolagy», «Hünärler şäherçesi», «STEMylym zolagy», planetariý, amaly haşam we şekillendiriş sungaty gurnaklary ýaşajyk myhmanlaryň aň düşünjesini artdyrmaga, döredijilik ukyplaryny ösdürmäge hyzmat etdi. Çäreleriň hatarynda ýaş nesliň zehinini synaýan, pikirleniş ukybyny ösdürýän bäsleşikler aýratyn orny eýeledi. Serginiň çäklerinde guralan halkara küşt ýaryşy munuň aýdyň güwäsidir. Küşt tagtasynyň başynda özara bäsleşýän ýaşajyk türgenleriň her bir göçümi olaryň ünsüni jemlemek, çalt pikirlenmek, dogry çözgüt tapmak başarnygyny ýüze çykardy. Ýaryşyň halkara derejede geçirilmegi bolsa ýaş küştçüleriň tejribe toplamagy üçin aýratyn ähmiýete eýe boldy.

— Halkara guramalar bilen bilelikde guralan bu bäsleşige 8, 10, 12 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda dünýäniň 8 ýurdundan jemi 94 türgen gatnaşdy. Ýaryşlar küştüň rapid we blitz görnüşleri boýunça geçirildi. Rapid boýunça ýaryşlar öňňin üstünlikli geçirildi. Serginiň ikinji gününde bolsa küştüň has çalt oýnalýan görnüşi bolan blitz boýunça bäsleşikler guraldy. Türkmenistanly türgenleriň bu halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etmekleri bizi örän buýsandyrýar. Ýaş zehinli küştçülerimiz mümkin bolan 12 altyn medalyň 7-sini gazanyp, umumy toparlaýyn hasapda birinji orna mynasyp boldular. Küşt tagtasynda gazanylan bu netijeler ýaşajyk küştçülerimiziň halkara derejede öz ussatlygyny ynamly görkezýändiginiň güwäsidir. Her bir medal olaryň yhlasly taýýarlygynyň, maksada okgunlylygynyň, ýaş zehinleriň kämilleşmegi üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň miwesidir. Ýeňişleriň şatlygy bolsa sergä gatnaşýan beýleki ýaşlaryň hem sporta we akyl-paýhas oýunlaryna bolan höwesini artdyrýar — diýip, Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň baş kätibi Mergen Kakabaýew gürrüň berýär. Sergide ýaş nesliň aň-düşünjesini diňe bir intellektual oýunlaryň üsti bilen däl, eýsem, kitaplar, döwrebap okuw gollanmalary arkaly ösdürmäge hem uly üns berilýär. Diwarlyklarda görkezilýän täze neşirler çagalaryň uly höwes bilen tanyşýan bölümleriniň birine öwrüldi. Logiki pikirlenmäge we çalt çözgüt tapmaga kömek edýän «Zehin soraglary», körpeleriň aňyny ösdürýän dürli «Ertekiler», ünsi güýçlendirip, akyl-paýhasyny artdyrýan «Hekaýalar» kitapçalary aýratyn islege eýe boldy. «Sözýetim», «Elwan depderim» ýaly neşirler hem çagalaryň bilim dünýäsine täzeçe nazar bilen garamagyna giň ýol açýar. Çaga üçin kitap täze maglumatlaryň çeşmesi bolmak bilen birlikde, onuň hyýalyny ganatlandyrýan, pikirlenişini baýlaşdyrýan, gözýetimini giňeldýän ruhy baýlykdyr. Sergide dürli ýaşdaky çagalaryň gyzyklanmalaryna laýyk neşirleriň jemlenmegi bu ugurdaky işleriň giň geriminden habar berýär. Halkara sergi-ýarmarkada milli medeniýetimizi we gymmatlyklarymyzy özünde jemleýän sanly taslamalaryň tanyşdyrylyş dabaralary hem möhüm orny eýeleýär. Çagalaryň endikleri sanly dünýä bilen aýrylmaz baglanyşykly bolansoň, olara niýetlenen maglumatlaryň howpsuz, peýdaly we milli ruhda bolmagy aýratyn ähmiýete

eýedir. Sergide ilkinji gezek tanyşdyrylan «Nowça TV» sanly platformasy hut şu maksada gönükdirilendir.

— Şu serginiň çäginde biz ilkinji gezek «Nowça TV» atly täze sanly platformamyzy köpçülige tanyşdyrdyk. Bu platforma 12 ýaşdan kiçi çagalar üçin doly howpsuz bolup, milli gymmatlyklarymyza esaslanýan animasiýa we bilim beriji eserleri özünde jemleýär. Onda türkmen hem-de daşary ýurt multfilmleriniň birnäçesini ýerleşdirdik. Olar çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna görä, 3 ýaşa çenli we 3 ýaşdan ýokary çagalara niýetlenen bölümlere bölünýär. Bu ýerde diňe bir multfilmler bolman, eýsem, çagalar üçin ýörite taýýarlanylan gepleşikler, aýdym-sazlar, wideorolikler hem bar.

Munuň esasy aýratynlygy ata-eneleriň çaganyň ekrana tomaşa edýän wagtyny hut platformanyň üsti bilen gözegçilikde saklap bilmegidir. Bu bolsa çagalaryň sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden çakdanaşa peýdalanmagynyň öňüni almaga ýardam berýär. «Nowça TV» awtorlyk hukuklarynyň doly berjaý edilmeginiň esasynda işleýär. Häzirki wagtda platforma goşulmak örän aň­sat. Munuň üçin smartfondan 0530 gysga belgä 11 ýazyp, gysga habarnama ugratmak ýeterlikdir. Şolbada ulgama birikmek üçin salgylanma gelýär. Platformamyz günde täze multfilmler bilen baýlaşdyrylýar, ýakynda bolsa ony «Google Play» we «App Store» ulgamlaryna hem goşmagy meýilleşdirýäris. Şeýle-de biz ýörite görkeziliş meýdançasynda — «Mini cinema» zolagynda «Menekliler» atly täze multfilmiň ilkinji görkezilişini geçirdik. Oňa çagalar uly höwes bilen tomaşa etdiler. Platformada «Daniel gaplaň­jyk», «Maşa we Aýy», «Janly ussahana», «Tikenjik bilen Mymyjyk», «Doppi Pomidor» ýaly gyzykly eserler çagalara garaşýar — diýip, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mahabat müdirliginiň hünärmeni Ýazgül Udiýewa täze taslama baradaky pikirini paýlaşdy.

Çagalaryň sanly giňişlikde hem milli gymmatlyklarymyz bilen sazlaşykly ösmegi häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň biridir. Şu jähetden, «Nowça TV» ýaly başlangyçlaryň ähmiýeti uludyr. Çaganyň ekranyň öňünde geçirýän wagtyna ata-eneleriň gözegçilik edip bilmegi, bilim beriji we terbiýeçilik mazmunly eserleriň bir ýerde jemlenmegi sanly mümkinçilikleriň maşgalanyň gündelik durmuşynda has netijeli peýdalanylmagyna şert döredýär. Çagalaryň kalbynda gözellik duýgusy, reňklerdir şekiller arkaly öz pikirini beýan etmek islegi kiçilikden oýanýar. Şonuň üçin sergi-ýarmarkanyň amaly-haşam we şekillendiriş sungatyna bagyşlanan «Art zone» döredijilik meýdançasy çagalaryň iň halaýan ýerleriniň birine öwrüldi. Bu ýerde çagalar palçykdan şekilleri ýasamagy, keramika bilen meşgullanmagy, surat çekmegi, dürli el işlerini ýerine ýetirmegi öwrenýärler. «Nur Art» döredijilik kurslary mekdebiniň keramika studiýasynyň alyp barýan işleri hem ýaşajyk myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Çagalaryň küýzegärlik çarhynyň başyna geçip, öz elleri bilen dürli önümleri döretmäge synanyşmagy meýdançanyň aýratyn öwüşginine öwrüldi. Serginiň dowamynda milli senetçiligimizi giň­den wagyz etmäge, el işlerine bolan söýgini oýarmaga, dürli döredijilik ugurlary bilen gyzyklanýan adamlary bir ýere jemlemäge gönükdirilen başlangyçlar-da uly orun eýeleýär. Elde ýasalan oýnawaçlar, bezeg şaýlary, dürli görnüşli torbalar, saç bezegleri, bilezikler we beýleki önümler sergä gelenleriň ünsüni özüne çekdi. Elde döredilen her bir önümiň özboluşly gözelligi bolýar. Sebäbi onuň aňyrsynda ussanyň zähmeti, sabyrlylygy we döredijilik gözlegi dur. Ýaş nesilleriň geljekki hünärini dogry saýlamagy, olaryň ukyplarynyň irki ýaşlardan ýüze çykarylmagy serginiň esasy maksatlarynyň biridir. Bu ugurda «Hünärler şäherçesi» zolagynda alnyp barylýan işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu özboluşly taslamada çagalar dürli hünärleriň aýratynlyklary bilen gyzykly oýunlaryň, täsirli çäreleriň üsti bilen tanyşýarlar. Hünärler meýdançasynda mugallymçylyk, kosmonawtlyk, ekologiýa, maliýe, dizaýn ýaly ugurlar çagalaryň öňünde özboluşly bir dünýä hökmünde açylýar. Çagalar ýörite anketalary dolduryp, soňra dürli hünärleriň aýratynlyklary bilen tanyşýarlar, käbir hünärlere degişli işleri özleri ýerine ýetirip görýärler.

Bu ýerde çagalar bilim dünýäsine aralaşyp, gyzykly oýunlar arkaly mugallymyň asylly käri bilen tanyşýarlar.

Soňra olar kosmonawt bolup, älem giňişligine wirtual syýahat edýärler. Ýörite päsgelçilik zolagyndan geçip, «Ekologiýa planetasyna» düşýärler. Ekologlaryň meýdançasynda bolsa planetamyzy galyndylardan arassalamagyň, aýna, plastik we kagyz ýaly serişdeleri dogry ulanmagyň düzgünleri amaly taýdan öwredilýär. Maliýeçiniň zolagynda pul serişdelerini nähili dolandyrmalydygy, maýa goýumlar, pul ýygnamagyň usullary barada gürrüň berilýär. Dizaýner zolagynda bolsa çagalar töweregimizdäki mahabatlaryň, bannerleriň, gazet-žurnallaryň dizaýnynyň nähili döredilýändigi bilen tanyşýarlar. Olar hatda moda dünýäsi üçin täze lybaslaryň çyzgylaryny-da çyzyp görýärler. Oýnuň ahyrynda her bir çaga öz ukyplaryna we gyzyklanmalaryna görä haýsy hünärlere has ýakyndygy barada ýörite şahadatnama gowşurylýar. «Hünärler şäherçesinde» hünärleriň diňe bir düşündirilmän, eýsem, oýun we amaly hereketler arkaly görkezilmegi çaganyň öz ukybyny has erkin synap görmegine mümkinçilik berýär.

Serginiň ikinji gününiň dowamynda sagdyn iýmitlenişe, çagalaryň saglygyny goramaga bagyşlanan maslahatlar hem ata-eneler üçin örän peýdaly boldy. Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň, beýleki lukmançylyk edaralarynyň wekilleriniň çykyşlarynda ýaş nesilleriň saglygyny goramak babatda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işler barada gürrüň edildi.

«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkanyň ikinji güni çagalaryň kalbynda  ýakymly ýatlamalary galdyrjak pursatlara baý boldy. Kimdir biri küşt tagtasynda ýeňiş gazandy, başga biri keramika çarhynyň başynda öz eli bilen ilkinji eserini döretdi. Bir çaga kitaplaryň arasyndan özüne ýakyn eseri tapdy, ýene biri älem giňişligine wirtual syýahat etdi. Başga biriniň bolsa geljekde haýsy hünäri saýlajakdygy baradaky ilkinji arzuwlary şu ýerde kemala geldi. Serginiň her bölüminde bir hakykat aýdyň duýulýar: zehin diňe bir ýüze çykarylman, ony ösdürmek üçin hem giň mümkinçilikler gerek. Çaganyň kiçijik höwesi dogry goldaw bilen uly arzuwlara, arzuwlary bolsa geljekki üstünliklere öwrülip bilýär. «Kids EXPO» halkara sergi-ýarmarkasynyň esasy ähmiýeti hem hut şunda. Ol çagalaryň häzirki şatlygyny geljekki üstünlikleriniň ilkinji ädimleri bilen bilen birleşdirýär.

 

 

   Baýramberdi GELDIMYRADOW.

   ÇEŞME: «Türkmenistan»  GAZETI     21.08.2026


Bulary hem okaň