15.08.2026
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýona Koreýa
Respublikasynyň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny
we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we
özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belledi we bilelikdäki tagallalaryň
netijesinde bu hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli
ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz ýakymly
mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Li Çže Mýona tüýs ýürekden berk jan
saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan
beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
tdh.gov