23.06.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde
Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi.
Döwlet Baştutanymyz Baku
şäheriniň Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menziline bardy we bu ýerden
Fizuli şäherine ugrady. Biraz wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary iki ýurduň
Döwlet baýdaklary bilen bezelen Fizuli Halkara howa menziline gelip gondy. Haly
düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler.
Howa menzilinde hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti
Ilham Aliýew mähirli garşylady.
Howa menzilinden döwlet
Baştutanymyz we Prezident Ilham Aliýew bilelikde awtoulagda Fizuli şäherine
ugradylar.
Ýolugra ýörite gurnalan ýerde
hormatly Prezidentimiz we Azerbaýjanyň Prezidenti Fizuli şäherinde gurulýan
binalaryň, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Azerbaýjana sowgat
hökmünde Fizuli şäherinde gurluşygy alnyp barylýan metjidiň şekil taslamalary
bilen tanyşdyryldy. Bu metjidiň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga
mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň
hasabyna bina edilýändigini bellemek gerek. Fizuli şäherinde gurulýan metjit
ynsanperwerligi, agzybirligi, jebisligi we asylly işlere ygrarlylygy durmuş
ýörelgesi edinýän türkmen hem-de azerbaýjan halklarynyň dost-doganlygynyň aýdyň
nyşanyna öwrüler.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli
künjeklerinde häzirki zaman binagärlik talaplaryna doly laýyk gelýän metjitler
gurlup ulanmaga berilýär. Türkmençilikde Allanyň öýi hasaplanýan metjitleriň
bina edilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan ynsanperwer işleriň
hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýändigini
görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiziň tagallalary esasynda
Arkadag şäherinde 30 müň adama niýetlenen täze metjidiň gurluşygynyň alnyp
barylýandygyny nygtamak gerek.
Pursatdan peýdalanyp,
Prezident Ilham Aliýew iki ýurduň dostlukly gatnaşyklarynyň nyşanyna öwrüljek
bu metjit üçin azerbaýjan halkynyň adyndan döwlet Baştutanymyza ýene-de bir
gezek hoşallygyny beýan etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Ilham Aliýew Şuşa şäherine ugradylar. Şuşa şäherine barýan ýoluň ugrunda iki ýurduň Liderleri sebitiň gözel künjekleriniň biri bolan Daşalty düzlüginde saklandylar. Hormatly Prezidentimiz we Azerbaýjanyň Prezidenti bu ýeriň tebigatyny synladylar hem-de bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
Soňra döwlet Baştutanymyz we
Prezident Ilham Aliýew Şuşa şäherindäki täze ýaşaýyş jaýlar toplumy bilen
tanyşdylar.
Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde häzirki wagtda Türkmenistanda
üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň
çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze ýaşaýyş jaý toplumlary yzygiderli
gurlup ulanmaga berilýär. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag
şäheri bu giň gerimli işleriň aýdyň nusgasydyr.
Soňra iki ýurduň döwlet
Baştutanlary täze gurulýan Şuşa metjidine baryp gördüler. Hormatly
Prezidentimize metjidiň binagärlik taslamasy we çyzgylary görkezildi. Bu
medeni-ruhy desganyň daşky görnüşi, içerki bezegleri yslam hem-de ýerli
binagärligiň nusgawy däplerini, özboluşly aýratynlyklaryny özünde jemleýär.
Soňra Arkadagly Gahryman
Serdarymyz hem-de dostlukly ýurduň döwlet Baştutany azerbaýjan halkynyň
umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň ömrüne, döwlet işine we bitiren ägirt uly
taryhy hyzmatlaryna bagyşlanan ýörite sergä baryp gördüler. Sergide Geýdar
Aliýewiň Watanyň öňündäki hyzmatlaryny şöhlelendirýän fotosuratlar,
resminamalar, wideofilmler görkezilýär.
Soňra iki ýurduň döwlet
Baştutanlary Hurşidbanu Natuwanyň, Üzeýir Gajibeýliniň, Bülbüliň heýkellerini
synladylar. Bu meşhur sungat ussatlarynyň galdyran baý medeni mirasy dogduk
mekanynyň çäklerinden has uzaklara ýaýrap, dünýäniň medeni hazynasynyň aýrylmaz
bölegine öwrüldi. Häzirki wagtda olaryň manyly ömür ýoly, gymmatly eserleri
giňden öwrenilýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz
hem-de Azerbaýjanyň Prezidenti Şuşa galasyna bardylar. Bu ýerde hormatly
Prezidentimize XVIII asyrda Panah Ali han tarapyndan düýbi tutulan täsin
desganyň taryhy barada giňişleýin gürrüň berildi. Döwlet ähmiýetli binagärlik
ýadygärligi bolan Şuşa galasy 1752-nji ýylda belent baýryň üstünde gurlupdyr.
Gala dürli medeniýetlerdir halklar üçin möhüm merkez bolupdyr. Şuşa galasyny
gurşap alýan tebigy gözellikler jahankeşdelerde, suratkeşlerde uly täsir
galdyrýar. Iki ýurduň döwlet Baştutanlary Şuşa galasynyň öňünde ýadygärlik
surata düşdüler.
Şäheriň medeni ýadygärlikleri
bilen tanyşlygyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hem-de
Prezident Ilham Aliýew Bülbüliň öý-muzeýine baryp gördüler.
Türkmen we azerbaýjan
halklarynyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny
berkitmekde, iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän
medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary
üçin “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly adyň eýesi bolan Polat Bülbül
ogly belent mertebeli myhmanlary muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdyrdy. Muzeýde
häzirki zaman azerbaýjan wokal sungatynyň düýbüni tutujy Bülbüliň çagalyk we
maşgala fotosuratlary, şahsy zatlary, aýdymçynyň döredijilik, ylmy-pedagogik,
jemgyýetçilik işini beýan edýän resminamalar bar. Polat Bülbül ogly azerbaýjan
hem-de türkmen halklaryny taryhy kökleriň, medeni we ruhy gymmatlyklaryň
umumylygynyň baglanyşdyrýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz bilen
duşuşmagyň özi üçin uly mertebedigini belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz
hem-de dostlukly ýurduň Prezidenti Jydyr düzüne bardylar. Belent gaýalaryň
gyrasynda ýerleşýän bu täsin tebigy ýer gadymy döwürlerden bäri atly
bäsleşikleriň, milli oýunlaryň, dabaralaryň geçirilýän meýdançasy hasaplanýar.
Ýeri gelende bellesek, türkmen
halky hem müňýyllyklaryň dowamynda bedewlere aýratyn sarpa goýup gelýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ahalteke
atçylygyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işler döwlet syýasaty
bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen
döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary abraýly ýaryşlarda
üstünlikli çykyş edip, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýüzünde
dabaralandyrýar.
...Jydyr düzünde döwlet
Baştutanymyza belent hormat-sarpanyň nyşany hökmünde garabag tohumyndan bolan
Mert atly bedew sowgat berildi. Munuň özi ýurdumyzda “Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilen ýylda
aýratyn many-mazmuna eýedir. Prezident Ilham Aliýew döwlet Baştutanymyza atyň
şahadatnamasyny gowşuryp, Türkmenistanda atşynaslygy ösdürmek boýunça döwlet
derejesinde alnyp barylýan giň gerimli işlere ýokary baha berdi.
Hormatly Prezidentimiz
minnetdarlyk bildirip, bu sowgady türkmen-azerbaýjan mizemez dostlugynyň nyşany
hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz
hem-de Prezident Ilham Aliýew ýadygärlik surata düşdüler.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz
azerbaýjan halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny açyp görkezýän gezelenjiň ýokary
guramaçylyk derejesi üçin Prezident Ilham Aliýewe hem-de azerbaýjan tarapynyň
wekillerine minnetdarlyk bildirdi.
Soňra iki ýurduň döwlet
Baştutanlary bilelikde Fizuli şäheriniň Halkara howa menziline geldiler. Howa
menzilinde döwlet Baştutanymyz hem-de Prezident Ilham Aliýew mähirli hoşlaşyp,
birek-birege we Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň halklaryna iň gowy
arzuwlaryny beýan etdiler. Hormatly
Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň medeni maksatnamasyny
tamamlap, Watanymyza ugrady.
Biraz wagtdan Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy.
Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli
garşyladylar.
Şeýlelikde, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran
döwlet sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açdy. Ýokary
derejede geçirilen duşuşyklar we gazanylan ylalaşyklar bilelikdäki täze
taslamalary durmuşa geçirmek üçin berk binýady goýmak bilen, netijeli
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge itergi berer.
tdh.gov