20.06.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky
mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere
seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy
D.Gulmanowa milli kanunçylygymyzy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan
işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerinden we halkara hukugyň umumy ykrar
edilen kadalaryndan ugur alnyp, döwletimiziň halkara resminamalara goşulmagyny
hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak, şeýle
hem adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň, jemgyýetiň hem-de döwletiň kanuny
bähbitleriniň goragyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň
Jenaýat, Jenaýat iş ýörediş, Jenaýat-ýerine ýetiriş, Arbitraž iş ýörediş, Raýat
iş ýörediş kodekslerine döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça
işler alnyp barylýar.
Şunuň bilen bir hatarda,
Mejlisde Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan
daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatynyň kabul edilendigi, şeýle hem
Mejlisiň deputatlarynyň BMG-niň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet
edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna we duşuşyklaryna
gatnaşandyklary barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp
barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzyň bank ulgamynda sanly
tehnologiýalary ornaşdyrmak we bank işini döwrebaplaşdyrmak boýunça amala
aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda
“Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin
Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, Türkmenistanyň Döwlet
daşary ykdysady iş banky tarapyndan degişli halkara talaplary berjaý etmek
maksady bilen, bu düzüme elektron hyzmatlary we programma üpjünçiligini
ornaşdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi bank ulgamynyň işini
döwrebaplaşdyrmaga, maddy-tehniki binýadyny has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik
berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bank ulgamynda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak
boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de şunuň bilen
baglylykda, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň maddy-tehniki binýadyny
berkitmek boýunça taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanowa söz berildi. Onuň hasabatynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde, nebitgaz pudagyny yzygiderli ösdürmek hem-de bu ugurda iri daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmek babatda zerur işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, “Türkmennebit” döwlet konsernine Malaýziýanyň “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd” kompaniýasynyň hem-de konserniň “Hazarnebit” döwlet kärhanasynyň arasynda Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berlendigini aýtdy hem-de bu möhüm waka mynasybetli nebitgaz toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi we berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Wise-premýer hasabatyny dowam
edip, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan amala aşyrylýan işler
barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, uglewodorod serişdeleriniň ýerasty gorlaryna
baý bolan gurluşlary senagat taýdan özleşdirmek hem-de gözleg-barlag
guýularynyň gazuw işlerini netijeli ýerine ýetirmek boýunça zerur işler alnyp
barylýar. Şunda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň tejribesinden we
tehnologik mümkinçiliklerinden peýdalanmaga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan
geologiýa-gözleg we buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp
barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini aýtdy hem-de bu ugurda öňdebaryjy
halkara tejribäni ornaşdyrmak maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap,
wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda ýygnap almak, şeýle hem bugdaý öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi, ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de oňa ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynda şalynyň, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi dowam edýär. Ýurdumyzda gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, gök-bakja ekinlerine ideg etmek, şeýle hem ýetişdirilen ekinleriň hasylyny ýygnap almak boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn
ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň, welaýatlarda galla
oragyny guramaçylykly geçirmegiň, ýygnalan hasyly kabul etmek işlerini üns
merkezinde saklamagyň, döwlete tabşyrylan bugdaý hasyly üçin önüm öndürijiler
bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmegiň, şeýle hem gowaça ekilen
meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işlerini dowam etmegiň möhüm
talap bolup durýandygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk
görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan
ýurdumyzda öndürilýän himiýa önümleriniň görnüşlerini artdyrmak boýunça ýerine
ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, döwlet konserni
tarapyndan dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan, ekologiýa taýdan
arassa, bäsdeşlige ukyply ýokary hilli duzuň dürli görnüşlerini öndürmek üçin
häzirki zaman ösen tehnologiýalar ornaşdyrylan döwrebap önümçilikleri ýola
goýmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty
diňläp, ýurdumyzda ýerli çig mal serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak,
ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümleri öndürmek boýunça netijeli
işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de döwrebap önümçilikleri ýola goýmak
maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän toplumy, hususan-da,
“Türkmenhaly” döwlet birleşigi tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada
hasabat berdi. Hasabatda aýdylyşy ýaly, häzirki wagtda bu düzümiň garamagynda
hereket edýän çeper halyçylyk kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da
pugtalandyrmak, şeýle hem boýag we himiki serişdeler bilen bökdençsiz üpjün
etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli el halyçylyk sungatyny
ösdürmäge, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet
berilýändigini belledi hem-de «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň «Argaç» ýüň
egriji kärhanasynyň önümçiligini kämilleşdirmek boýunça taýýarlanylan teklibi
goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň iýul aýynda geçiriljek esasy
çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 2026-njy ýylyň
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip
atlandyrylmagy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dürli
çäreleriň, dabaralaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle hem geljek aýda
amaly-haşam, keşdeçilik, senetçilik sungatynyň dürli görnüşlerini wagyz etmek
maksady bilen, «Milli mirasymyz dowamat-dowam» atly çäreleriň, «Taryhy
ýadygärlikleriň ata-babalarymyzdan miras galan gymmatlyklary öwrenmekdäki
ähmiýeti» atly taryhy-medeni ýadygärliklere tanyşdyryş gezelençleriniň,
arheologlar bilen duşuşyklaryň, maslahatlaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Iýul aýynyň dowamynda höwesjeň
aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Arkadag, Aşgabat
şäherleri, Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlarynyň,
zenanlaryň arasynda yglan edilen «Gülüň owadan» atly döredijilik bäsleşiginiň
jemleýji tapgyrynyň we serginiň geçirilmegi hem meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew
batly at-myradyň mekany» ýylynda ata Watanymyzda köp sanly dabaraly çäreleriň
geçirilýändigine ünsi çekdi hem-de wise-premýere şu ýylyň iýul aýyndaky
çäreleri geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi
tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny
döwrebaplaşdyrmak, halkyň saglygyny goramak we sagdyn jemgyýeti kemala getirmek
ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, eneleriň
we çagalaryň saglygyny goramak, dürli keselleriň öňüni almak, saglygy goraýyş
hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, “Türkmenistanda
eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça “Sagdyn ene — sagdyn çaga —
sagdyn geljek” atly 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamanyň” hem-de bu
maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň
taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Milli maksatnamanyň esasy maksady we
wezipeleri eneleriň we çagalaryň arasynda keselleriň öňüni almakdan, olaryň
saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny
hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda enäniň we çaganyň sagdyn bolmagyny
gazanmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de şunuň
bilen baglylykda, eneleriň we çagalaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak
maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan resminama gol çekip, wise-premýere degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň
Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyrjak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň durmuşa
geçirýän daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem Türkmenistanyň
goňşy döwletler bilen hoşniýetli gatnaşyklaryny we özara bähbitli
hyzmatdaşlygyny yzygiderli esasda ösdürmekden ybaratdyr. Olaryň hatarynda
Azerbaýjan Respublikasyny hem bellemek gerek.
Türkmenistan bilen Azerbaýjan
Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan gününden bäri iki
ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeniýet, ylym-bilim we beýleki
ugurlarda hyzmatdaşlyk üstünlikli alnyp barylýar. Döwletara gatnaşyklaryň hukuk
binýady häzirki günde ikitaraplaýyn gol çekilen 124 sany döwletara, hökümetara
we pudagara resminamalary özünde jemleýär. Iki ýurduň Prezidentleriniň
saparlary we ýokary derejedäki duşuşyklary hyzmatdaşlygy ösdürmekde esasy şert
bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejede resmi we iş saparlarynyň
jemi 16-synyň amala aşyrylandygy bellenildi. Şeýle hem hökümetleriň derejesinde
we daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklar alnyp barylýar.
Türkmenistan hem Azerbaýjan
halkara guramalaryň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Iki ýurt
birek-biregiň Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň
çäklerinde öňe sürýän halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýarlar. Iki
döwlet köptaraplaýyn formatlaryň çäginde hem ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler. Bu
babatda «Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe», «Türkmenistan — Azerbaýjan —
Özbegistan» formatlaryny hem-de Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň döwlet
Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny mysal görkezmek bolar.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk
babatda aýdylanda, iki ýurduň arasyndaky daşary söwda dolanyşygynyň möçberi
yzygiderli artdyrylýar. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-azerbaýjan
hökümetara toparyna möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen bir hatarda, energetika,
ulag-logistika, aragatnaşyk, oba hojalygy, senagat, dokma we azyk senagaty
hem-de beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary alnyp barylýar.
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň
arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk hem işjeň ösdürilýär. Iki
ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda medeniýet, sungat, ylym, bilim, sport we
beýleki ugurlar boýunça dürli çäreler yzygiderli geçirilýär. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiziň
Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparyna taýýarlyk görülýändigini hem-de bu
saparyň netijeleriniň iki doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan
beýläk-de ösdürmäge we ony hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berjekdigini
aýtdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Azerbaýjan Respublikasynyň
ýurdumyzyň ýakyn hyzmatdaş goňşy döwletleriniň biridigini, iki ýurduň arasynda
dost-doganlyk gatnaşyklarynyň alnyp barylýandygyny belledi hem-de iki döwletiň
hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Azerbaýjan
Respublikasyna boljak döwlet saparyna gowy taýýarlyk görmek babatda
wise-premýer, daşary işler ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň demir ýollarynyň ulag-üstaşyr geçirijilik ukybyny artdyrmak, nebit önümlerini daşamakda ösýän islegleri kanagatlandyrmak we demir ýol ulgamynyň ýük dolanyşygyny ösdürmek maksady bilen zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagyny ösdürmek,
ulag düzüm üpjünçiligini ýokarlandyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny
belledi hem-de demir ýollaryň ulag-üstaşyr geçirijilik ukybyny artdyrmak we ýük
dolanyşygyny ösdürmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap,
wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov