05.06.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini
geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri
jemlenildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy
D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, geçen bäş
aýyň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 6-sy, Mejlisiň kararlarynyň 10-sy
kabul edildi. Raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, önümçilik
desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, buhgalterçilik hasaba alnyşy we
maliýe hasabatlylygy kämilleşdirmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini
ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky gurşawy, suwuň biologik
serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini has-da
ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara degişli üýtgetmeler
we goşmaçalar girizildi.
Çad Respublikasynyň,
Indoneziýa Respublikasynyň, Argentina Respublikasynyň, Müsür Arap
Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden
ynanç hatlary kabul edildi. Mejlisde dünýä döwletleriniň parlamentleriniň,
daşary döwletleriň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 13-si
geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri halkara guramalaryň ýurdumyzyň
degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde guran
okuw maslahatlarynyň 51-sine gatnaşdylar. Halkara tejribeleri öwrenmek maksady
bilen, deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 13-si amala aşyryldy.
Türkmenistanyň parahatçylyk
söýüjilikli, ynsanperwer syýasatyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä
ýaýmak üçin türkmen wekiliýeti Zenanlaryň ikinji Aziýa forumyna hem-de onuň
çäklerinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň
zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşmak maksadynda Özbegistan
Respublikasynyň Buhara şäherinde, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň
Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy mejlisine we bu Assambleýanyň geňeşiniň
nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg
şäherinde iş saparynda boldy. Saparlaryň çäklerinde birnäçe duşuşyklar
geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz
ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça alnyp
barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň bäş aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat
döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini
senagat pudagynda 2,6 göterime, gurluşykda 6,4 göterime, ulag-aragatnaşyk
pudagynda 10,2 göterime, söwdada 7,9 göterime, oba hojalygynda 1,3 göterime,
hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,4
göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy.
Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 10 göterim, daşary söwda
dolanyşygy bolsa 8 göterim artdy. Şu ýylyň bäş aýynyň jemleri boýunça Döwlet
býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,3 göterim, çykdajy böleginiň
meýilnamasy 97,3 göterim ýerine ýetirildi.
Hasabat döwründe býujetden
maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet
haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda
maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen
düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende,
5,1 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň
çäklerinde 2026-njy ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işler, şol
sanda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, raýatlaryň
ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ykdysadyýet, maliýe we bank
toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam
etdirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere jemi içerki
önümiň ösüş depginini ýylyň ahyryna çenli bellenen derejede saklamak üçin zerur
çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary G.Agajanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny
artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça
2026-njy ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
“Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 107,6
göterim, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň
meýilnamasy 104,6 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 110
göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 110,4 göterim, çalgy ýaglaryny
öndürmegiň meýilnamasy 124,1 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň
meýilnamasy 111,4 göterim berjaý edildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň
meýilnamasy bolsa 106,6 göterim boldy.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda tebigy gazyň we nebitiň çykarylýan möçberini
artdyrmak, topluma häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak boýunça
işleri dowam etdirmegiň, önümçilikleri doly kuwwatyna çykaryp, bökdençsiz
işledilmegini üns merkezinde saklamagyň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz
wise-premýere geologiýa-gözleg we buraw işleriniň netijeliligini has-da
ýokarlandyrmagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.
Wise-premýer hormatly
Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy oba hojalyk toplumynyň işgärleriniň
adyndan Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bilen tüýs ýürekden gutlady
hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Milli Liderimize berk jan saglyk, uzak
ömür, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdi.
Soňra wise-premýer hasabatyny
dowam edip, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgininiň, geçen ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, 109,7 göterime deň bolandygyny aýtdy. Bu
görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 105,4 göterime, Daşky gurşawy goramak
ministrligi boýunça 100,6 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti
boýunça 103,3 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 102,5 göterime,
“Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 120,1 göterime,
“Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 100,7 göterime, Azyk senagaty
döwlet birleşigi boýunça 120 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet
birleşigi boýunça 101,6 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça
107,5 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy
145,2 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiziň ak
pata bermegi hem-de oba hojalyk önümlerini öndürijilere edýän hemaýat-goldawy
esasynda ýetişdirilen bugdaýyň bol hasylyny gysga wagtda ýygnap almak maksady
bilen, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda galla oragyna guramaçylykly
girişildi. Balkan, Daşoguz welaýatlarynda galla oragyna 10-njy iýunda başlamak
boýunça degişli taýýarlyk işleri geçirilýär. Häzirki wagtda gowaça ekilen
meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek,
ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem ýetişdirilen ýazlyk
ýeralmanyň, gök ekinleriň hasylyny ýygnap almak boýunça degişli işler dowam
edýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagy boýunça önümçilik kuwwatyny doly
peýdalanmagyň, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň pudagyň esasy
wezipeleri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri netijeli dowam
etdirmegi, ekin meýdanlarynda oba hojalyk işlerini öz wagtynda geçirmegi, galla
oragy döwründe bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak işlerine berk gözegçilik
etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan
2026-njy ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, hasabat
döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň
meýilnamasy 130,1 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi
boýunça öndürilen önümleriň we işleriň meýilnamasy 106,3 göterim, Senagat we
gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 126,7 göterim, Energetika ministrligi
boýunça 107,5 göterim ýerine ýetirildi. Awtomobil ýollary ministrligi
tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 110,6 göterim berjaý edildi.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 152,7 göterime deň boldy.
Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça işleriň meýilnamasyna 130,1 göterim amal
edildi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň doly kuwwatynda
işlemegini gazanmagyň, ýurdumyzyň sarp edijilerini, ilaty elektrik energiýasy
bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça işleri dowam etdirmegiň, ýollaryň gurluşygyna
we saklanyşyna gözegçiligi güýçlendirmegiň wajypdygyny aýtdy. Döwlet
Baştutanymyz wise-premýere şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan
desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyna berk gözegçilik
etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — maý
aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Söwda we
daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş
depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 109,6 göterime,
öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,8 göterime barabar boldy. Dokma senagaty
ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, 106,3 göterim, şol sanda nah ýüplügiň önümçiliginde 102,7
göterim, nah matalaryň önümçiliginde 101,2 göterim, gön önümleriniň
önümçiliginde 103,6 göterim ösüş depgini gazanyldy. “Türkmenhaly” döwlet
birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 107 göterim ýerine ýetirildi.
Hasabat döwründe Döwlet
haryt-çig mal biržasy tarapyndan 120 birža söwdasy geçirilip, olarda 12 müň 543
şertnama hasaba alyndy. 2026-njy ýylyň bäş aýynda Söwda-senagat edarasy boýunça
ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 109,1 göterime barabar boldy. Hasabat
döwründe 11 sergi, 5 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,2 göterime,
senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,3 göterime deň boldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty
diňläp, ýurdumyzyň bazarlaryny, söwda nokatlaryny azyk we beýleki zerur
harytlar bilen üpjün etmegi gözegçilikde saklamagyň, topluma degişli
kärhanalaryň önümçiligini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça işleri dowam
etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere dokma
önümleriniň möçberini, görnüşlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak boýunça
alnyp barylýan işleri ilerletmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň bäş aýynda
alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat
döwründe 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň
mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy,
milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar mynasybetli dürli medeni
çäreler, dabaralar guraldy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet
baýdagynyň güni mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk
konserti, “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň Arkadag we Aşgabat şäherleri, Ahal,
Balkan welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlary, Gurban baýramy mynasybetli
medeni çäreler geçirildi. TÜRKSOÝ-yň opera günleri ýokary derejede guraldy.
Türkmen hünärmenleri daşary ýurtlaryň birnäçesinde iş saparlarynda bolup,
halkara medeni çärelere, şol sanda festiwallara, okuw maslahatlaryna, sergilere
we beýleki çärelere gatnaşdylar.
Gahryman Arkadagymyzyň,
hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň döredijilik
işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Özbegistan
Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Gündogaryň merjeni” ady bilen geçirilen
Aziýanyň açyk çempionatyna we onuň çäklerinde guralan “Ahalteke bedewi —
halklaryň dostlugynyň nyşany” atly maslahata gatnaşdylar. “Galkynyş” milli at
üstündäki oýunlar topary Stambul şäherinde geçirilen 8-nji Etnosport medeniýeti
festiwalyna gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdi. Şeýle hem şu ýylyň ýanwar — maý
aýlarynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm»
birleşigi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, kitaphanalar, muzeýler,
teatrlar tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, şu ýylyň iýun aýynda meýilleşdirilen çärelere gowy taýýarlyk
görmegiň we ýokary derejede geçirmegiň, medeniýet ulgamynyň işini yzygiderli
kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz
wise-premýere ýaşlaryň arasynda taryhy ýadygärlikleri hemmetaraplaýyn wagyz
etmek boýunça zerur işleri geçirip durmagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar
— maý aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat
döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Bilim
işinde okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy. Okuwçylar we talyplar
halkara ders, internet bäsleşiklerine gatnaşyp, jemi 871 medal gazandylar.
Halkara olimpiadalar, ylmy-amaly maslahatlar geçirildi, çagalaryň tomus
möwsüminde dynç alşy bilen bagly guramaçylyk işleri alnyp baryldy. Hasabat
döwründe ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ösdürmäge gönükdirilen özgertmeler dowam
etdirildi. Aspirantura, alymlyk derejelerine dalaşgärlige jemi 116 adam kabul
edildi, doktorlyk, kandidatlyk dissertasiýalarynyň jemi 31-si goraldy.
2026-njy ýylyň bäş aýynda
öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga
ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp baryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli operasiýalar,
bejergiler amala aşyryldy. “Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny
ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy”, “Türkmenistanda
ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça 2026 — 2030-njy
ýyllar üçin Milli strategiýa” tassyklanyldy. Hasabat döwründe bedenterbiýäni,
sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi.
Türgenlerimiz halkara ýaryşlarda ýokary netijeleri görkezip, jemi 301 medal
gazandylar.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň işini
talabalaýyk ýola goýmagyň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz wise-premýere zehinli ýaşlary ylma, bilime, täze tehnologiýalara
höweslendirmek, saglygy goraýyş edaralarynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek,
ýaşlary sporta giňden çekmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi
tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň bäş aýynda
Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly
Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatyny durmuşa geçirmek, Bitarap
Türkmenistanyň daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn,
köptaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine
ýetirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan hasabat döwründe
degişli işler amala aşyryldy. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň halkara
hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ýokary derejedäki saparlar we duşuşyklar möhüm orny
eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 16 — 19-njy
fewralynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, 18-19-njy martynda Hytaý Halk
Respublikasyna, 8-9-njy aprelinde Awstriýa Respublikasyna, 13-14-nji maýynda
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna, 16-17-nji maýynda Beýik
Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna saparlary
guraldy. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 21-22-nji aprelinde Sebitleýin
ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy
döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin
Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
Abraýly halkara guramalar
bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň wajyp
ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň
Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Atom energiýasy boýunça halkara
agentligiň Baş direktory, BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş
direktory, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşyklary geçirildi.
Mundan başga-da, şu ýylyň 21 — 23-nji ýanwarynda BMG-niň Azyk we oba hojalyk
guramasynyň Baş direktory, 17 — 19-njy martynda bolsa Aziýada özara
hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiň Baş sekretary
ýurdumyzda saparda boldular. Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk
etmeginiň çäklerinde dürli geňeşleriň, komissiýalaryň mejlisleri, beýleki
duşuşyklar, çäreler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 22-nji maýda
paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň
Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşmak üçin Arkalaşygyň döwletleriniň
Hökümet ýolbaşçylary ýurdumyza sapar bilen geldiler.
Hasabat döwründe Daşary işler
ministrliginiň üsti bilen jemi 293 wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi we
Türkmenistandan daşary ýurtlara 528 wekiliýet gitdi. Şu ýylyň ýanwar — maý
aýlarynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 216-sy geçirildi.
Hasabat döwründe Türkmenistanda daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen
bilelikde resmi gepleşiklerdir duşuşyklaryň 909-sy guraldy. Döwletimiziň
halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti halkara resminamalaryň
60-sy bilen ýetirildi.
Daşary işler ministrligi bilen
beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri
geçirmek boýunça işler hem amala aşyrylýar. Bu babatda hasabat döwründe
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Awstriýa
Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk
Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler
ministrleri, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary bilen syýasy
geňeşmeleri geçirildi. Bulardan başga-da, hasabat döwründe BMG-niň Baş
sekretary, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy, Ýewropanyň
täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti, Halkara Deňiz Guramasynyň Baş sekretary,
Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň Ýerine
ýetiriji sekretary bilen gepleşikler geçirildi.
2026-njy ýylyň ýanwar — maý
aýlarynda Hindistan Respublikasynyň, Marokko Patyşalygynyň, Russiýa
Federasiýasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Zimbabwe Respublikasynyň,
Azerbaýjan Respublikasynyň, Uganda Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň,
Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň we Kamboja Patyşalygynyň
daşary syýasat edaralary bilen geňeşmeler guraldy.
Daşary döwletleriň
ilçihanalarynyň üsti bilen diplomatik gatnaşyklary ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň
daşary syýasy işiniň wajyp ugurlarynyň biridir. Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen
gatnaşyklary ilerletmek babatdaky işler hem dowam edýär. Şunuň bilen
baglylykda, hasabat döwründe ýurdumyzda Yrak Respublikasynyň diplomatik
wekilhanasynyň açylandygy we öz işine başlandygy bellenildi. Hasabat döwründe
Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň, Italiýa Respublikasynyň,
Koreýa Respublikasynyň, Argentina Respublikasynyň, Müsür Arap Respublikasynyň
Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri ynanç
hatlaryny gowşurdylar. Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky, Amerikanyň
Birleşen Ştatlaryndaky ilçileri, BMG-niň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň
ýanyndaky hemişelik wekilleri ynanç hatlaryny gowşuryp, resmi taýdan işe başladylar.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy abadançylyga gönükdirilen
daşary syýasaty alyp barýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine dünýä ýurtlary bilen söwda-ykdysady,
medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça
alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi, abraýly halkara we sebit guramalary
bilen netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annaýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2026-njy ýylyň
ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly,
ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş
depgini 114,2 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa
ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende,
101,5 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 103 göterime barabar
boldy. Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen
hyzmatlaryň ösüş depgini 106,8 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça
hyzmatlaryň ösüş depgini 122,7 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy
boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 117,4 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet
gullugy boýunça bu görkeziji 104,9 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça
bolsa 115,3 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri doly
ýerine ýetirmek üçin toplumyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny
nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden
netijeli peýdalanyp, halkara ýükleriň daşalýan möçberini artdyrmagy, toplumyň
maddy-tehniki üpjünçiligini döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz
Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ykdysadyýetimiziň ähli
pudaklarynda özgertmeleriň netijeli alnyp barylýandygyny, önümçilik
pudaklarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz
hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim derejede durnukly
saklanyp gelýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şeýle hem ýurdumyzda iri
senagat desgalarynyň, täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň,
çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygynyň dowam edýändigi nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiz kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda,
ykdysadyýetimiziň pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmegi dowam etdirmegiň, bu
işleriň ýerine ýetirilişini hemişe gözegçilikde saklamagyň wajypdygyna ünsi
çekdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna
degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli
çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar
Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi.
tdh.gov