07.08.2026
Şu gün zähmet rugsadynda
bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ir säher bilen Hazaryň
kenarynda welosipedli ýörişi amala aşyrdy. Munuň özi jemgyýetimizde sagdyn
durmuş ýörelgelerini berkitmek bilen baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň
hemişelik üns merkezinde saklanýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň sagdyn durmuş
ýörelgelerini berkarar etmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni, ýokary netijeli
sporty ösdürmek boýunça öňe süren başlangyçlary Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda
üstünlikli durmuşa geçirilýär.
...Säheriň sergin çagynda
Hazaryň kenarynyň howasy, aýratyn-da, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň
gurşawy ynsan kalbyna ýakymly täsir edýär. Bu bolsa adamlaryň şähdini açyp,
olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde
bolşy ýaly, Hazar deňziniň kenarynda-da ýokary ekologiýa derejesini saklamak
boýunça amala aşyrylýan işler oňyn netijesini berýär.
Hormatly Prezidentimiz
welosipedli gezelenjiň dowamynda soňky ýyllarda keşbi tanalmaz derejede özgeren
Awazanyň ajaýyp gözelliklerini synlady. Gahryman Arkadagymyzyň we döwlet
Baştutanymyzyň tagallalary bilen şähergurluşyk maksatnamasynyň ýokary derejede
ýerine ýetirilmegi netijesinde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy halkara
maslahatlaryň, forumlaryň, beýleki çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi.
Şonuň bilen birlikde, deňiz kenarynda sport çäreleriniň hem yzygiderli
guralýandygyny bellemek gerek.
Milli Liderimiziň başlangyjy
bilen ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri geçirmek asylly däbe
öwrüldi. Bu bolsa watandaşlarymyzyň giň goldawyna eýe bolup, olar ýurdumyzda
yzygiderli guralýan sport çärelerine uly höwes bilen gatnaşýarlar. Munuň özi
saglygy berkitmäge, ýaşlarda tebigata aýawly garamak duýgusyny ösdürmäge ýardam
berýär. Iň esasysy bolsa, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çäreleri saglygy
berkitmekde möhüm orny eýeleýär.
Türkmenistanyň başlangyjy
boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen esaslandyrylan
Bütindünýä welosiped güni her ýylyň 3-nji iýunynda giňden bellenilýär. Munuň
özi Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýörelgeleriniň halkara derejede ykrar
edilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Ýurdumyzda sport we bedenterbiýe-sagaldyş
hereketini ösdürmek, milli hem-de ählumumy derejede durnukly ösüşiň wajyp ugry
hökmünde ekologik abadançylygy üpjün etmek meselelerine döwlet derejesinde
ähmiýet berilýär. Bu ýörelgeler “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda alnyp
barylýan işlerde-de öz beýanyny tapýar. Syýahatçylyk we şypahana zolagynyň ähli
çäklerinde arassaçylygyň, ýokary ekologiýa derejesiniň üpjün edilmegine zerur
üns berilýär. Bu bolsa Awazanyň syýahatçylyk hem-de şypahana zolagy hökmündäki
ähmiýetini artdyrýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz
welosipedli ýörişiň dowamynda Hazar deňziniň giňişligini synlady. Deňziň asuda
tolkunlary çarlaklaryň owazy bilen utgaşyp, ynsan kalbynda täsin duýgulary
döredýär. Bu künjegiň hoştap howasy deňziň kenarynda, Awazanyň tutuş çäginde
ýokary ekologiýa ýagdaýynyň saklanýandygyny we bu ýerde ýakymly howa gurşawynyň
emele gelendigini äşgär edýär. Syýahatçylyk zolagynyň çäginde döredilen tokaý
zolaklary, seýilgähler Hazaryň kenarynyň esasy bezegine öwrülen dürli maksatly
binalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Bu ýerde her ýylda
köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegi deňiz kenaryndaky bagy-bossanlygyň
çägini giňeltdi.
“Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda ekologik
abadançylygy üpjün etmek, Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek, gözel
tebigatymyzy, onuň täsin ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, Hazar
deňziniň biodürlüligini baýlaşdyrmak ugrunda möhüm işler ýerine ýetirilýär. Bu
bolsa Watanymyzyň ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe
barýandygyny görkezýär.
Awazada dynç alýanlaryň
sanynyň ýylsaýyn artýandygyny, olaryň wagtyny peýdaly geçirmekleri, saglygyny
berkitmekleri üçin ýokary derejeli hyzmatlaryň hödürlenýändigini bellemek
gerek. Bu ýerde amatly dynç almak üçin ähli zerur şertler döredildi. Munuň özi
hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň rowaçlyklara
beslenýändiginiň güwäsidir.
Soňky ýyllarda tutuş
ýurdumyzda bolşy ýaly, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hem
bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Lukman
Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, hereket etmek, gezelençleri amala aşyrmak hem-de
boş wagty peýdaly we işjeň geçirmek ynsan saglygyny berkitmegiň möhüm
şertleriniň biridir. Şunda ulagyň ekologik taýdan arassa görnüşi bolan
welosipede uly orun degişlidir. Welosiped ynsan saglygyna oňyn täsir edýän
sport ulagy hökmünde hem uly meşhurlyga eýedir.
Welosipedli gezelençler saglyk
üçin örän peýdaly bolmak bilen bir hatarda, daşky gurşawyň gözelligini synlamaga-da
mümkinçilik berýär. Boş wagtyňy açyk howada geçirmek, aýratyn-da, säher
çagyndaky gezelençler ruhuňy belende göterýär, güýç-kuwwatyňy artdyrýar. Şunuň
bilen baglylykda, soňky ýyllarda ýurdumyzda welosiped sportunyň muşdaklarynyň
sanynyň artýandygyny nygtamak zerur. Munuň özi welosportuň ösdürilmegi ugrunda
döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir.
Hazaryň kenarynda döredilen
tebigy dynç alyş zolagynda ajaýyp şypahanalar, sagaldyş-bejeriş bölümlerini öz
içine alýan myhmanhanalar, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri, maşgala bolup
dynç almak üçin niýetlenen kottejler ýylyň ähli paslynda ýokary derejeli
hyzmatlary hödürleýär. Köpugurly sport toplumlarydyr meýdançalar
türgenleşikleri geçirmek, halkara ýaryşlary guramak babatda ähli zerur şertleri
özünde jemleýär. Bu bolsa Awazanyň halkara sport merkezi hökmündäki derejesini
artdyrýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Diýarymyzda ynsan
saglygyny berkitmek, adamlaryň ömür dowamlylygyny artdyrmak, işjeňligi
ýokarlandyrmak ugrunda döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň üstünliklere
beslenýändigini görkezýär.
tdh.gov