13.08.2026
Şu
gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman
Arkadagymyz bu ýerde şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy
meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň bezeg aýratynlyklaryna
degişli maglumatlar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi.
Milli
Liderimiziň başlangyjy bilen binýat bolan “akylly” şäherde ähli ugurlar boýunça
alnyp barylýan işleriň depgini barha ýokarlanýar. Munuň özi Gahryman
Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde
sazlaşykly ösüş ýoluna düşen şäherde giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň
üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy şähergurluşyk maksatnamasynyň ýokary derejede amala
aşyrylýandygyny alamatlandyrýan halkara güwänamalaryň ençemesine mynasyp bolan
Arkadag şäherine geldi. Bu ýerde alnyp barylýan işleriň, gurluşyklaryň depgini
häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär. Gahryman Arkadagymyz şäheriň
çägini synlap, ýerine ýetirilýän işleriň hil derejesiniň yzygiderli
gözegçilikde saklanmalydygyny belledi.
Soňra
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde gurulmagy
meýilleşdirilýän häzirki zaman desgalarynyň taslamalary we olaryň bezeg
aýratynlyklary bilen tanyşdy. Häzirki döwürde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň
ikinji tapgyryndaky işler döwrüň talaplaryna laýyk derejede dowam etdirilýär.
Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň
başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa ikinji tapgyrda
gurulmagy hem-de döwrebaplaşdyrylmagy meýilleşdirilýän durmuş maksatly
binalaryň, şol sanda daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen, Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna gurulýan umumybilim berýän
orta mekdebiň, çagalar bagynyň hem-de sport toplumynyň taslamalary we alnyp
barylýan giň möçberli gurluşyk işleri barada maglumat berdiler. Bu ýerde
gurulmagy teklip edilýän täze mekdebiň, çagalar bagynyň hem-de döwrebap sport
toplumynyň şekil taslamalary, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary
görkezildi. Bellenilişi ýaly, sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Arkadag şäherinde
durmuş we önümçilik maksatly binalardyr toplumlaryň yzygiderli gurulmagy
ugurdaş desgalaryň bina edilmegine giň ýol açýar. Şu maksat bilen, bilim ojaklarynyň, sport
toplumlarynyň gurluşygyna aýratyn üns berilýär.
Hormatly Arkadagymyz görkezilýän şekil taslamalary, gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Ikinji tapgyrda bina edilýän desgalaryň enjamlaşdyrylyşy, olaryň binagärlik çözgüdi häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk gelmelidir. Olaryň her biriniň özboluşly bezeg aýratynlyklary bolmalydyr. Milli Liderimiz täze mekdebiň şekil taslamalarynyň görnüşleriniň birini kesgitläp, bu binalar toplumynyň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagy, lingafon we beýleki okuw otaglarynyň halkara görkezijilere laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini belläp, bu babatda maslahatlaryny berdi. Şunda dünýäniň ösen tejribesiniň, häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň talabalaýyk özleşdirilmegi möhüm wezipe bolup durýar.
Şeýle-de bu ýerde ýaşlaryň
ukyp-başarnyklaryny nazara alyp, olary kabul etmegiň düzgünlerini, çagalaryň
ýaş aýratynlyklaryny kesgitlemek, mekdebiň okuw maksatnamasyny talabalaýyk
düzmek babatda degerli maslahatlar berildi. Mekdepde ýaşlaryň zehinini ösdürmek
maksady bilen, dürli dersleriň işi ýola goýulmalydyr. Bu bolsa okuwçylaryň
daşary ýurt dillerini çuňňur özleşdirmekleri bilen bir hatarda, isleýän
hünäriniň eýesi bolmagynda-da ähmiýetlidir. Gahryman Arkadagymyz mekdep
binasynyň daşynyň haýatynyň göze gelüwli bolmagynyň, onuň reňk sazlaşygynyň
üpjün edilmeginiň, desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagynyň möhüm
wezipe hökmünde kesgitlenendigini aýtdy. Bu ýerde täze mekdebiň daşky haýatynyň
ozal berlen tabşyryk esasynda döwrebaplaşdyrylandygy barada habar berildi.
“Mekdebiň ýanynda 320 orunlyk
çagalar bagynyň bolmagy bu bilim ojagyny okuw-usulyýet toplumyna öwrer we onda
terbiýelenjek çagalaryň döwrebaplaşdyrylan mekdepde bilim-terbiýe alyp,
geljekde ýokary hünärli işgärler bolup ýetişmeklerine mümkinçilik döreder.
Munuň özi ýurdumyzyň ýaşlarynyň sagdyn bedenli, hemmetaraplaýyn bilimli
bolmagyna giň ýol açar” diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady hem-de bu
ýerde ene-atalar üçin zerur mümkinçilikleri özünde jemleýän otagyň
döredilmelidigine ünsi çekdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli
Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy
boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi
G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
D.Orazow sözüniň başynda
“Arkadag” futbol toparynyň Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, AFK-nyň
“Çempionlar ligasy — 2” bäsleşiginiň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş etmäge hukuk
gazanandygyny habar berdi.
Gahryman Arkadagymyz
ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleriniň, şol sanda futbolyň ösdürilmegi we
türkmen sportunyň dünýä derejesine çykmagy ugrunda döwlet tarapyndan ähli zerur
şertleriň döredilýändigini belledi. Milli Liderimiz täze şäheriň futbol
toparynyň mundan beýläk-de uly ýeňişleri gazanyp, türkmen tuguny belentde
parlatjakdygyna ynam bildirip, D.Orazowa futbol toparynyň türgenleriniň arasyna
baryp, olaryň armasyny ýetirmegi maslahat berdi.
Ýeri gelende, “Arkadag”
toparynyň ozal AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolandygyny bellemek gerek.
Munuň özi ýurdumyzda milli sportuň, şol sanda futbolyň halkara giňişlikdäki
abraýynyň belende galmagy ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladanyň, ulgamyň
maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändiginiň aýdyň netijesidir.
Iş maslahatynyň dowamynda
D.Orazow häzirki döwürde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp
barylýan işler, desgalarda ýaýbaňlandyrylan gurluşyklaryň depginini
ýokarlandyrmak ugrunda edilýän tagallalar barada giňişleýin maglumat berdi.
Hormatly Arkadagymyz gurluşyk
işlerinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigini we desgalaryň kesgitlenen
möhletinde ulanmaga berilmelidigini belläp, bu babatda degişli düzümleriň
sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi.
Arkadag şäheriniň häkimi
G.Mämmedowa, öz gezeginde, bu ýere gelip, şäherde alnyp barylýan işler bilen
yzygiderli tanyşýandygy we gymmatly maslahatlaryny berýändigi üçin Gahryman
Arkadagymyza hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän
daşary ýurt dillerini öwretmäge ýöriteleşdirilen mekdebiň hojalyk we dolandyryş
işleri boýunça degişli maksatnamany taýýarlamak, bilim ojagynyň işiniň
sazlaşykly ýola goýulmagynda ähmiýeti bolan Düzgünnamany tassyklamak ugrunda
alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Milli Liderimiz täze mekdebiň
ýaşlaryň dil öwrenmekleri, dünýä ylmyna çuňňur aralaşmaklary bilen baglanyşykly
meseleleriň oňyn çözülmeginde möhüm orna mynasyp bolmalydygyny belledi. Şol bir
wagtyň özünde, mekdebiň maliýe serişdelerini dolandyrmak, okuwçylary kabul
etmegiň düzgünlerini, mekdebiň okuw maksatnamasyny we ders sapaklarynyň
görnüşlerini tassyklamak meselelerine jogapkärçilikli çemeleşilmelidir. Şunuň
bilen baglylykda, okuwçylaryň zähmete bolan yhlasyny artdyrmak, olaryň
watansöýüjilik duýgusyny ösdürmek meselelerine zerur üns berilmelidigini aýdyp,
Gahryman Arkadagymyz okuwçylaryň tertip-düzgüni, ýetişigi, sapaklarynyň
özleşdirilişi baradaky maglumatlaryň sanly ulgam arkaly olaryň ene-atalaryna
ýetirilmelidigini nygtady. Munuň özi Arkadag şäheriniň “akylly” şäher
derejesine kybap gelmeginde ähmiýetlidir.
Iş maslahatyna din wekili
Ý.Hojagulyýew hem çagyryldy. Ol Arkadag şäherinde bina edilýän, 30 müň adama
niýetlenen metjidi tutuş halkymyzdan gelip gowşan teklipler nazara alnyp,
“Arkadagyň ruhy metjidi” diýip atlandyrmak baradaky çözgüdiň kabul edilendigi
we onuň ýurdumyzyň Adalat ministrligi tarapyndan hasaba alnyp, degişli derejede
resmileşdirilendigi baradaky hoş habary ýetirdi.
Hajy Arkadagymyz munuň üçin minnetdarlyk bildirip, özüne bildirilen beýik ynam üçin tutuş halkymyza sagbolsun aýtdy we “Allanyň öýi” hasaplanýan nurana metjitde amal boljak haýyr işleriň, ediljek doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.
Ý.Hojagulyýew täze metjidiň
ýanynda gurulýan medresäniň ýokary okuw mekdebiniň derejesine kybap gelýändigi
barada aýdyp, bu babatda degişli teklibi beýan etdi. Munuň özi bu ýerde
öwrediljek ylmyň yslam dünýäsine kybap gelmeginde, ýaşlaryň asylly ýörelgeleri
mynasyp dowam etdirmeklerinde ähmiýetli bolar.
Milli Liderimiz teklibi oňlap,
dünýäniň dürli ýurtlarynda şeýle ýokary okuw mekdepleriň hereket edýändigini
belledi we Arkadag şäherinde gurulýan bu binanyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
berkitmek, onda öwrediljek sapaklary özleşdirmekde dünýä tejribesinden ugur almak
babatda maslahatlaryny berdi. Hajy Arkadagymyz bu ugurdaky işleri has-da
kämilleşdirmek, ony halkara görkezijilere laýyk derejede alyp barmak maksady
bilen, Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň agzalary bilen maslahatlaşmagyň,
olar bilen sazlaşykly tagalla edilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi.
Şunda okadyljak dersleriň ugruny kesgitlemek, olaryň maksatnamasyny taýýarlamak
meselelerine toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir.
Iş maslahatynyň dowamynda
Arkadag şäheriniň häkimi şäheriň täze metjidini “Arkadagyň ruhy metjidi” diýip
atlandyrmak baradaky güwänamanyň gowşurylmagy mynasybetli anna güni “Märkaw”
medeni-dynç alyş merkezinde toý sadakasyny bermek baradaky teklibi öňe sürdi.
Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy teklibi oňlap, toý sadakasynyň anna günde geçirilmeginde
çuňňur manynyň bardygyny aýtdy. Onda ediljek hoşniýetli arzuwlar juma namazynyň
ýagşy dessurlary bilen utgaşyp, ýurdumyzda haýyr işleriň amal edilmegi ugrunda
edilýän tagallalaryň giň gerimli häsiýete eýedigini görkezer.
Gahryman Arkadagymyz iş
maslahatyny jemläp, bu ýerden Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgüne geldi.
Soňky ýyllarda Arkadag şäheri
iri halkara forumlaryň, maslahatlaryň geçirilýän merkezi hökmündäki derejesini
pugtalandyrýar. Munuň özi şäheriň çäklerinde halkara ähmiýetli forumlary,
duşuşyklary we sergileri geçirmäge niýetlenen kaşaň binalaryň derejesiniň dünýä
görkezijilerine laýyk gelýändigini äşgär edýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki
zaman desgalarynda, şol sanda Ruhyýet köşgünde ýokary derejeli maslahatlary
geçirmek, duşuşyklary guramak üçin ähli zerur şertler döredildi. Şunda häzirki
zamanyň täzeçil usullarynyň, sanly tehnologiýalaryň netijeli
peýdalanylýandygyny bellemeli. Bu bolsa halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk
derejesiniň üpjün edilmeginde ähmiýetlidir.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35
ýyllyk şanly senesine, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, Bitaraplyk
baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde kaşaň binalaryň döwrebaplygyna, olaryň
daşky we içki bezeg işlerine, maslahat merkezlerindäki mümkinçiliklere zerur
üns berilýär. Bu bolsa iri çäreleriň talabalaýyk guralmagynyň möhüm şertini
emele getirýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ösüşleriň
belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzda geçiriljek taryhy ähmiýetli
çärelere taýýarlyk işlerinde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden
ugrady.
tdh.gov