10.08.2026
Şu gün türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary
welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.
Gahryman Arkadagymyz Mary
welaýatyna ugramak üçin Halk Maslahatynyň Diwanyndan paýtagtymyzyň Halkara howa
menziline geldi. Bu ýerde Milli Liderimizi ýurdumyzyň resmi adamlary
ugratdylar.
Häzirki wagtda Diýarymyzyň
sebitlerini durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmek boýunça Gahryman
Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli işleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda
üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň
mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagynda möhüm orna eýedir. Ýurdumyz energetika
ulgamynda ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen netijeli hyzmatdaşlygy
ösdürmäge ähmiýet berýär. Tebigy gazyň gorlary boýunça ägirt uly “Galkynyş” gaz
käni Watanymyzyň tebigy-serişde binýadynyň wajyp bölegi bolup, Türkmenistan —
Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini üpjün etjek esasy gaz gory
bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara
bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary
syýasaty yzygiderli amala aşyrýar. Türkmenistan bilen goňşy Owganystanyň
arasyndaky gatnaşyklar dostlugyň we döredijilikli hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy
bolup durýar. Ýurtlarymyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň çäklerinde
ulag-logistika, elektroenergetika ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa
geçirýärler.
...Gahryman Arkadagymyz
birnäçe wagtdan Mary şäheriniň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Mary welaýatynyň häkimi mähirli
garşylady.
Soňra Milli Liderimiz
Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň “Islim-Çeşme” serhetýaka zolagyna
geldi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerden dost-doganlyk Owganystana iş saparyny
amala aşyrdy.
Türkmen halkynyň Milli
Liderini ýurdumyzyň hem-de Owganystanyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli
garşyladylar. Bu ýerde hormatly Arkadagymyz goňşy ýurduň ýaş nesliniň
wekilleriniň haýyşy boýunça olar bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdi we
sowgatlaryny gowşurdy.
Gahryman Arkadagymyz hem-de
Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary iki ýurduň wekiliýet
agzalary bilen salamlaşdylar. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradaryň arasynda
ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Abdul Gani Baradar belent
mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, iki ýurduň arasyndaky
hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň owgan we türkmen halklarynyň taryhy
kökleriniň ýakynlygyna, medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýandygyny
aýtdy. Şeýle hem ol Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň
sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge goşant goşýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň
owgan halkyna berýän yzygiderli ynsanperwerlik kömegi üçin hoşallyk bildirdi
hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa
mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Milli Liderimiz hoşniýetli
sözler üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň iberen salamyny, iň
gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de türkmen we owgan halklarynyň doganlyk
halklardygyny, Türkmenistanyň Owganystan bilen serhediniň bolsa dostluk
serhedidigini nygtady. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň BMG tarapyndan üç
gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp, sebitde we
dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ugrunda çykyş
edýändigini belledi hem-de ýurdumyzyň Owganystan bilen iki halkyň
abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy
ýaly, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi hem-de
onuň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz
geçirijisi türkmen-owgan hoşniýetli goňşuçylygynyň nyşany hökmünde taryhyň
sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar.
Soňra gepleşikler iki ýurduň
wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. Owganystanyň
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul
Gani Baradar Gahryman Arkadagymyzy mübärekläp, sebitde uly ähmiýete eýe bolan
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşyk
işleriniň ýagdaýy bilen tanyşmak we bu ugurda öňde durýan meseleleri ara alyp
maslahatlaşmak üçin Milli Liderimiziň Owganystana amala aşyrýan saparynyň
ähmiýetini belläp, tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Nygtalyşy ýaly, Owganystan
bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar hoşniýetli
goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Şunda bilelikdäki
taslamalara aýratyn orun degişlidir.
Türkmenistan — Owganystan —
Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen
baglylykda, owgan tarapynyň TOPH taslamasyna, Türkmenistan — Owganystan —
Pakistan ugry boýunça elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijilerine
diňe bir ykdysady nukdaýnazardan däl, eýsem, Owganystan bilen Türkmenistanyň
arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşjak möhüm ädim hökmünde hem
garaýandygy bellenildi.
Abdul Gani Baradar bu
taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň Owganystanyň ilaty üçin energiýa çeşmeleri
babatda uly ýeňillikleri, täze iş orunlaryny döretjekdigini, owganystanly maýa
goýujylara tebigy gazdan elektrik energiýasyny öndürmek üçin amatly maýa goýum
şertlerini üpjün etjekdigini aýtdy. Ol TOPH taslamasy bilen baglanyşykly işleri
has-da ilerletmek maksady bilen, iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda
yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin bilelikdäki guraly döretmegiň
zerurdygyny belläp, Owganystanyň gaz pudagynda işlejek hünärmenleri
taýýarlamakda Türkmenistanyň tejribesini öwrenmäge uly gyzyklanma
bildirýändigini tassyklady.
Söhbetdeşligiň dowamynda
ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada durlup geçildi. Türkmenbaşy
Halkara deňiz porty sebitiň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde
möhüm ähmiýete eýedir. Bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi diňe bir ikitaraplaýyn
gatnaşyklara oňyn täsirini ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitara özara
baglanyşygyny pugtalandyrmaga-da ýardam berer. Abdul Gani Baradar iki ýurduň
işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, bilelikdäki
sergileri, işewürlik maslahatlaryny yzygiderli esasda geçirmegiň söwda-ykdysady
gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjekdigini aýdyp, netijeli hyzmatdaşlygy we
hoşniýetli garaýyşlary üçin Türkmenistana ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan
etdi.
Gahryman Arkadagymyz
görkezilen myhmansöýerlik üçin öz adyndan hem-de hormatly Prezidentimiziň
adyndan owgan tarapyna minnetdarlyk bildirdi hem-de şu gezekki gepleşikleriň
netijeleriniň iki halkyň abadançylygynyň bähbidine hyzmat etjekdigine ynam
bildirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri ikiçäk düzümde geçirilen duşuşykda
dürli ulgamlarda, şol sanda ýangyç-energetika, hususan-da, Türkmenistan —
Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy, ulag
infrastrukturasy, elektroenergetika ulgamlarynda hyzmatdaşlyk meseleleriniň ara
alnyp maslahatlaşylandygyny we bu ugurda möhüm wezipeleriň bardygyny belledi.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan
hem-de Owganystan hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine
esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýarlar. Gaz pudagy
özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ulgamda halkara
ähmiýetli düýpli infrastruktura taslamalary amala aşyrylýar. Şunda üstaşyr
geçiriji merkez hökmünde Owganystanyň Hyrat welaýatyna möhüm orun degişlidir.
Energiýa serişdeleriniň iberilmegi, üstaşyr mümkinçilikleriň ösdürilmegi uzak
möhletli energetika dialogy üçin binýady döredip, tutuş sebitiň ykdysady
ösüşine ýardam berýär. Şu babatda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —
Hindistan gaz geçirijisiniň ähmiýetini bellemek gerek. Bu transmilli taslama
Türkmenistanyň milli ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmaga
gönükdirilen energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde wajyp ädimdir hem-de
tutuş sebitiň durnukly ösüşine, doganlyk halklaryň abadançylygyna
gönükdirilendir.
Elektroenergetika pudagyndaky
hyzmatdaşlyk ugurdaş infrastrukturany döwrebaplaşdyrmaga, goňşy ýurduň
sebitlerini elektrik energiýasy bilen yzygiderli üpjün etmäge ýardam berýär.
Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan Türkmenistan — Owganystan —
Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk
ulgamynyň taslamalarynyň ähmiýetini nygtamak gerek. Bu taslama sanly
hyzmatdaşlygy ösdürmäge, elektron maglumat aragatnaşygyny ýola goýmaga
mümkinçilik berer. Şunda Owganystanyň Hyrat welaýatynyň mümkinçiliklerine üns
çekildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň tebigy gazyny, elektrik
energiýasyny Owganystana ibermegi bilen, bu welaýatda uly senagat zolagyny
özleşdirmek işleriniň kuwwatyny artdyrmak boýunça mümkinçilikleriň açylýandygy
aýdyldy. Munuň özi täze iş orunlarynyň döredilmeginde, goňşy ýurtda
abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm bolup durýar.
Ulag-logistika pudagy Merkezi
we Günorta Aziýany baglanyşdyrýan wajyp ulgam bolup durýar. Bellenilişi ýaly,
yklymara geçelgeleriň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan durnukly ulag ulgamynda
netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň halkara üstaşyr
ulag geçelgelerini hem-de logistika merkezlerini döretmek, Demirgazyk —
Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgeleriniň taslamalaryny durmuşa
geçirmäge gatnaşmak, hususan-da, Beýik Ýüpek ýoluny täze taryhy şertlerde
gaýtadan dikeltmek boýunça başlangyçlary muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň bilen
baglylykda, “Lapis Lazuli” halkara ulag geçelgesiniň ähmiýetine üns çekildi. 2017-nji
ýylda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara ulag
geçelgesini döretmek boýunça Aşgabatda bäştaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman
Arkadagymyz bu geçelgäni işjeňleşdirmäge we onuň netijeliligini ýokarlandyrmaga
gönükdirilen birnäçe teklibi öňe sürüpdi. Hususan-da, Milli Liderimiz ulag
geçelgesine gatnaşyjy ýurtlaryň çäklerinde durnukly ýük akymlaryny emele
getirmek hem-de bilelikdäki hereketleri utgaşdyrmak üçin bitewi logistik
merkezi döretmegi, ýükleriň ugradylýan, kabul edilýän ýerlerini, şol sanda
deňiz menzillerini, demir ýol beketlerini we awtomobil menzillerini ösdürmäge
aýratyn üns bermegi, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe
ugry boýunça hem-de yzyna ýükleri geçirmek üçin bir bitewi nyrh syýasatynyň
ýöredilmegini, “Bir penjire” ýörelgesi boýunça gözegçilik ulgamyny girizmek
arkaly gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmegi, bu ugruň sanly ulgamdaky atlasyny
taýýarlamagy teklip edipdi. Bu multimodal ulag geçelgesi Ylalaşyga gatnaşyjy
döwletlere Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar hem-de Gara deňiz, Ortaýer deňzi
sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde netijeli gatnaşyklary
berkitmäge, olaryň uly ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge mümkinçilik
berýär. Bu bolsa Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap görnüşde gaýtadan dikeltmekde uly
ähmiýete eýedir.
Duşuşykda medeni-ynsanperwer,
ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçinem giň mümkinçilikleriň
bardygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bilim alýan owganystanly
talyplaryň sanyny artdyrmak, dürli ugurlar, esasan-da, TOPH taslamasynda, gaz
ulgamynda öz işine ussat hünärmenleri taýýarlamak boýunça degişli işleri
geçirmek meselelerine seredildi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda owgan talyplary
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar. Munuň özi bilim
ulgamyndaky gatnaşyklaryň aýdyň nusgasy bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyz
bilelikdäki taslamalar barada aýdyp, olary ilerletmek üçin hyzmatdaşlygyň hukuk
binýadyny pugtalandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi we Ykdysady hyzmatdaşlyk
boýunça türkmen-owgan toparyny döretmegi teklip etdi. Halk Maslahatynyň Başlygy
Türkmenistanyň owgan tarapynyň beýan eden tekliplerine seretmäge taýýardygyny
aýdyp, ýurdumyzyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek
ugrunda çykyş edýändigini tassyklady.
Gepleşikler tamamlanandan
soňra, mukaddes Gurhandan aýatlar okaldy. Soňra Arkadagyň ak ýoly bilen
Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisi boýunça ýerine ýetirilen işler barada
taýýarlanan wideoşekiller görkezildi.
Häzirki wagtda bu ägirt uly
taslamanyň möhüm tapgyrynyň gurluşygyny üstünlikli tamamlamak boýunça zerur
işler alnyp barylýar. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň tagallalary bilen satyn alnan ýöriteleşdirilen tehnikalaryň 300-e
golaýy işledilýär. Bu ýerde gurluşykçylaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertler
döredilýär. Munuň özi gurluşygyň bellenilen möhletde, ýokary hilli ýerine
ýetirilmeginde uly ähmiýete eýedir. Türkmen gazçylary Milli Liderimize hem-de
hormatly Prezidentimize döredip berýän mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden
hoşallyklaryny beýan edýärler.
Soňra «Türkmengaz» döwlet
konserni bilen Owganystanyň «Afghan Gas» döwlet korporasiýasynyň arasynda özara
düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Bu resminama iki ýurduň
gaz pudagyndaky gatnaşyklarynda täze sahypany açýar. Ähtnama esasynda taraplar
Hyrat welaýatynda gaz infrastrukturasyny döretmek, senagat kärhanalary,
elektrik stansiýalary we ilaty türkmen gazy bilen üpjün etmek boýunça bilelikde
iş alyp barmak barada ylalaşdylar.
Dabara tamamlanandan soňra,
türkmen halkynyň Milli Lideri we Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
ykdysady meseleler boýunça orunbasary bilelikde şu günki waka mynasybetli toý
sadakasyna gatnaşdylar.
Soňra Gahryman Arkadagymyz
dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, bu ýerden Mary şäherine bardy. Mary
şäheriniň Halkara howa menzilinde Milli Liderimizi ýurdumyzyň resmi adamlary
ugratdylar. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygyny ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.
Şeýlelikde, Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistan goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklaryň
ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Munuň özi ähli ugurlarda durnukly ösüşi üpjün
edýär.
tdh.gov