29.06.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam
arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we
sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň
häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Häkim Gahryman Arkadagymyzyň doglan güni
mynasybetli welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan iň gowy arzuwlaryny beýan
edip, Milli Liderimizi we hormatly Prezidentimizi Arkadag şäheriniň
döredilmeginiň şanly senesi bilen gutlady. T.Nurmyradow welaýatyň gallaçy
daýhanlarynyň döwlet harmanyna bugdaý hasylyny tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn
borçnamany üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýtdy hem-de
öndürijilikli zähmet çekmäge döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize we
Gahryman Arkadagymyza welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan hoşallyk bildirdi.
Soňra häkim welaýatdaky
möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda ýetişdirilen bugdaý hasylyny doly ýygnap almak, galla oragyny
tamamlamak, bugdaý öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz
wagtynda geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara
bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam
edýär. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda gök-bakja ekinleriniň hasylyny
ýygnap almak, bu önümler bilen içerki bazarlarymyzy üpjün etmek boýunça degişli
işler geçirilýär. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
welaýatyň gallaçy babadaýhanlaryny şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli
berjaý etmekleri bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de mundan beýläk-de zähmet
üstünliklerini arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz gowaça meýdanlaryndaky
agrotehniki çäreleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we
häkime bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Balkan welaýatynyň
häkimi H.Aşyrmyradowa söz berildi. Häkim Gahryman Arkadagymyzyň doglan güni
mynasybetli welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan iň gowy arzuwlaryny beýan
edip, hormatly Prezidentimizi hem-de Milli Liderimizi Arkadag şäheriniň
döredilmeginiň şanly senesi bilen gutlady.
Şeýle-de häkim welaýatyň
gallaçy babadaýhanlarynyň bugdaý hasylyny tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn
borçnamany üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýtdy hem-de
bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmäge döredilýän ähli şertler, berilýän
hemaýat-goldawlar üçin hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Liderine
welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra häkim welaýatda dowam
edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
häzirki wagtda sebitiň bugdaý meýdanlarynda hasyly soňky dänesine çenli
ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Bugdaý
öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek
üçin zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ösüş
suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär.
Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan
wezipelerden ugur alnyp, ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen
hasylyny ýygnap almak, bu önümleri ilata ýetirmek babatda degişli işler alnyp
barylýar. Şeýle-de häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
welaýatyň gallaçy daýhanlaryny şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine
ýetirmekleri bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de mundan beýläk-de üstünlikleri
arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge
gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine
ýetirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bu ugurda welaýatda alnyp
barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Daşoguz welaýatynyň
häkimi D.Babaýewe söz berildi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň doglan güni
mynasybetli welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan iň gowy arzuwlaryny beýan
edip, hormatly Prezidentimizi hem-de Milli Liderimizi Arkadag şäheriniň
döredilmeginiň şanly senesi bilen gutlady.
Soňra D.Babaýew welaýatda
alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy
ýaly, ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak, galla oragyny gysga möhletde
tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan
netijeli peýdalanylýar. Bugdaý öndürijiler bilen döwlete tabşyrylýan hasyl üçin
hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Sebitiň gowaça ekilen meýdanlarynda
hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak
işleri dowam edýär. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri
geçirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak
hem-de ilata ýetirmek boýunça işler alnyp barylýar. Şeýle-de häkim şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş,
önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän jogapkärli möwsümi — galla oragyny
üstünlikli tamamlamagyň, gowaça ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda,
ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we häkime birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýewe söz berildi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň doglan güni mynasybetli welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan iň gowy arzuwlaryny beýan edip, hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy Arkadag şäheriniň döredilmeginiň şanly senesi bilen gutlady.
Soňra häkim welaýatda dowam
edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu
günler sebitde bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak boýunça işler
dowam edip, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk
tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Önüm öndürijiler
bilen döwlete tabşyrylan bugdaý hasyly üçin hasaplaşyklar öz wagtynda
geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda
ideg etmek işleri bilen birlikde, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri
utgaşykly ýerine ýetirilýär. Welaýatda şaly ekişi dowam edip, ekiş geçirilen
meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada
hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine
ünsi çekdi we galla oragyny üstünlikli tamamlamak üçin ähli zerur çäreleri
görmegiň, gowaça ideg işleriniň bellenen kadalara laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň
möhüm talap bolup durýandygyny belledi hem-de degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi
D.Annaberdiýewe söz berildi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň doglan güni mynasybetli
welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan iň gowy arzuwlaryny beýan edip, hormatly
Prezidentimizi hem-de Milli Liderimizi Arkadag şäheriniň döredilmeginiň şanly
senesi bilen gutlady.
Soňra häkim welaýatda
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
sebitde ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, galla kabul ediş
nokatlarynda bökdençsiz kabul etmek, tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler
bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär.
Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek,
ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen
hasylyny ýygnap almak, bu önümleri ilata ýetirmek boýunça degişli işler alnyp
barylýar. Şeýle hem gant şugundyrynyň ekişi dowam edip, ekiş geçirilen
meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Mundan başga-da, häkim Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty
diňläp, welaýatda galla oragyny üstünlikli tamamlamagyň, gowaça meýdanlaryndaky
ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu
babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe söz berildi.
Wise-premýer oba hojalyk
toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan türkmen halkynyň Milli Liderine doglan
güni mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi. Ol hormatly Prezidentimizi we
Gahryman Arkadagymyzy Arkadag şäheriniň döredilmeginiň şanly senesi bilen tüýs
ýürekden gutlady hem-de döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň
janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe
rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Soňra wise-premýer ýurdumyzyň
oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, Diýarymyzda ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak hem-de ýygnalan
hasyly talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Önüm
öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan bugdaý hasyly üçin hasaplaşyklar
geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg
etmek, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek,
ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da
pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatlarda
gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, olary ilata ýetirmek
boýunça degişli işler alnyp barylýar. Möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
çäklerinde Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek
işleri, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi dowam edýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda galla oragynyň tamamlaýjy tapgyrda
alnyp barylýandygyny belledi we wise-premýere ýetişdirilen bugdaý hasylyny
ýitgisiz ýygnap almak boýunça alnyp barylýan işleri, gowaça ideg işlerini
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän
möwsümleýin işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi we galla oragy möwsümini
netijeli tamamlamak, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda öz wagtynda geçirmek üçin zerur çäreleriň görülmelidigini
belledi hem-de birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov