08.06.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam
arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we
sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň
häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, sebitde
galla oragyna guramaçylykly girişilip, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap
almak, galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur
çäreler görülýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär.
Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda azyk
bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp,
ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere ideg etmek, ýeralmanyň we gök-bakja
ekinleriniň hasylyny ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim Oba
milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, galla oragynyň guramaçylykly geçirilmegini, welaýatyň gowaça
meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine
ýetirilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi we bu işleri
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli
maksatnamasynyň çäklerinde welaýatda amala aşyrylýan işleriň öz wagtynda,
ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Balkan welaýatynyň häkimi
H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, sebitde
bugdaý oragyna guramaçylykly girişmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp
barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak we
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda
gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak boýunça öňde goýlan
wezipelere laýyklykda, welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, beýleki ekinleriň
ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda meýilleşdirilen işleriň barşy
barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine
ünsi çekdi we galla oragyna guramaçylykly girişilmeginiň, gowaça ideg işleriniň
agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz
welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky
gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Daşoguz welaýatynyň häkimi
D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, welaýatda
galla oragyna guramaçylykly girişmek üçin zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen
meýdanlarda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilip, ösüş suwuny tutmaga taýýarlyk görülýär.
Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri geçirilip,
ýetişdirilen hasyly ýygnamak boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatda
şaly ekişi guramaçylykly dowam edip, bu jogapkärli möwsümi gysga möhletde
tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl
açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky
gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, galla oragyna guramaçylykly girişmek üçin ähli zerur çäreleri
görmegiň, gowaça ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
geçirilmeginiň wajyp talap bolup durýandygyny belledi hem-de bu ugurda alnyp
barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mundan başga-da, Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary
hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda degişli tabşyryklar berildi.
Lebap welaýatynyň häkimi
D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, welaýatda
ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Möwsümde oba
hojalyk tehnikalary, galla kabul ediş kärhanalary bökdençsiz işledilýär. Bugdaý
oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerine girişildi. Sebitiň gowaça ekilen
meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş
suwuny tutmak işleri dowam edýär. Gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg
işleri dowam edip, ýetişdirilen ýazlyk ýeralmanyň hasyly ýygnalyp alyndy. Şeýle
hem welaýatda şaly ekişine girişmek üçin zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky
gurluşyk işleriniň barşy barada-da hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty
diňläp, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli
ýygnap almagyň, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde
geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň
möhüm ähmiýetine ünsi çekip, welaýatda bu ugurda alnyp barylýan işleri hemişe
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Mary welaýatynyň häkimi
D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, sebitde galla oragyna girişilip, bu jogapkärli möwsümi guramaçylykly geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Däne ýygýan kombaýnlar, bugdaý daşaýan awtoulaglar, galla kabul ediş kärhanalary doly güýjünde işledilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri bilen birlikde, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýitgisiz ýygnap almagyň,
gowaça ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine
ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi hem-de birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça
maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz
wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän
möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda
ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak boýunça işler
dowam edip, möwsümde oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek, ýygnalan
hasyly galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek üçin zerur
çäreler görülýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzyň
ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly
ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, Daşoguz welaýatynda şaly
ekişi dowam edip, Lebap welaýatynda onuň ekiş möwsümine taýýarlyk işleri ýerine
ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak boýunça işleriň
hem-de gowaça ideg işleriniň bellenen kadalara laýyklykda ýokary hilli
geçirilmeginiň, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şalynyň bol hasylyny ösdürip
ýetişdirmek üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigini belledi hem-de
wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş
maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalygynda
dowam edýän möwsümleýin işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de bu
jogapkärli möwsümi ýokary hilli we öz wagtynda geçirmek üçin toplumlaýyn
çäreleri görmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov