14.08.2026
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä we
Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife hem-de ýurduň halkyna Pakistan
Yslam Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny,
iň gowy arzuwlaryny iberdi.
“Bu şanly baýram halkyňyzyň
jebisliginiň, agzybirliginiň aýdyň beýany bolup, şol bir wagtyň özünde, halkyň
geljegini özbaşdak kesgitlemäge bolan ymtylyşynyň nyşanydyr” diýip, döwlet
Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň we Pakistan Yslam
Respublikasynyň köp ýyllaryň dowamynda özara hormat goýmak, deňhukuklylyk,
parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy alyp
barýandygyny, bar bolan giň mümkinçilikleri göz öňünde tutup, ikitaraplaýyn
gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegini goldaýandygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz
mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministr
Mian Muhammad Şahbaz Şarife tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk,
jogapkärli işlerinde üstünlikleri, Pakistan Yslam Respublikasynyň halkyna bolsa
parahatçylyk, abadançylyk hem-de ösüş arzuw etdi.
tdh.gov