24.10.2025
Şu gün hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasyna resmi sapar bilen ugrady.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi
adamlary ugratdylar.
Türkmenistan bilen Italiýa
Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alýan we
geljege ynamly garaýan üstünlikli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň
mysaly bolup durýar. 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan
pursadyndan bäri ýurtlarymyz özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda köpugurly
hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýärler.
Türkmen hem-de italýan
halklarynyň gatnaşyklarynyň gadymy kökleri bardyr. Beýik Ýüpek ýoly antiki
döwürde Türkmenistanyň çäginde ýerleşen Parfiýa imperiýasyny Rim imperiýasy
bilen baglanyşdyrypdyr. Marko Polo ýaly meşhur italýan syýahatçylary hem-de
söwdagärleri öz eserlerinde türkmen topragy, medeniýeti, däp-dessurlary, meşhur
ahalteke atlary we türkmen halylary barada maglumatlary galdyrypdyrlar.
Şeýlelikde, häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklar baý taryhy binýada
esaslanýar.
Türkmenistan bilen Italiýanyň
arasyndaky syýasy dialog ýokary netijeliligi bilen tapawutlanýar. Ýokary derejedäki
yzygiderli gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berýär.
2009-njy, 2015-nji we 2019-njy ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň Italiýa
Respublikasyna amala aşyran saparlary, 2014-nji ýylda Italiýanyň
Premýer-ministriniň Türkmenistana sapary täze taryhy eýýamda türkmen-italýan
gatnaşyklarynyň berk binýadyny goýdy.
Abraýly halkara guramalaryň,
ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga
aýratyn ähmiýet berilýär. Italiýa Türkmenistanyň energetika howpsuzlygy, durnukly
ulag, daşky gurşawy goramak hem-de parahatçylyk we ynanyşmak meseleleri boýunça
BMG-de öňe sürýän köp kararnamalarynyň awtordaşy bolup çykyş edýär. Munuň özi
ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň
gabat gelýändigine ýa-da ýakyndygyna şaýatlyk edýär. Parahatçylygy we durnukly
ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryň özara goldanylmagy
Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň netijeli halkara hukuga ygrarlydyklaryny
görkezýär.
“Merkezi Aziýa — Italiýa”
formaty özara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin netijeli platforma bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň bu formatyň sammitine gatnaşmagy ýurdumyzyň Ýewropada
esasy hyzmatdaşlaryň biri hökmünde Italiýa möhüm ähmiýet berýändigine şaýatlyk
edýär. Hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň köptaraplaýyn formatda ara alnyp
maslahatlaşylmagy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň energetika, ulag we infrastruktura
ýaly ulgamlarda mümkinçiliklerini has netijeli durmuşa geçirmäge we
ykdysadyýetiň pudaklaryna öňdebaryjy italýan tehnologiýalaryny hem-de maýa
goýumlaryny çekmäge ýardam berýär.
Italiýa Türkmenistanyň Ýewropa
Bileleşigindäki iň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biridir. Ykdysady hyzmatdaşlyk
köpugurly häsiýete eýe bolup, özara haryt dolanyşygynyň ýylsaýyn depginli ösüşi
bilen tapawutlanýar.
Italýan kompaniýalary öz
tejribelerini hem-de ýokary tehnologiýalary ulanyp, ýurdumyzyň energetika
ulgamyndaky iri taslamalara işjeň gatnaşýarlar. Tebigy baýlyklaryň ägirt uly
gorlaryna eýe bolan Türkmenistan energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny
diwersifikasiýalaşdyrmak we ýokary önümçilik standartlaryny ornaşdyrmak
meselelerinde Italiýa ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýar.
Medeni-ynsanperwer
hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Ýurtlarymyz birek-biregiň özboluşly baý taryhyny hem-de medeni mirasyny
öwrenmäge gyzyklanma bildirýärler. Arheologiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlyk iň
netijeli ugurlaryň biri bolup durýar. Italýan professorlary hem-de arheologlary
köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň çägindäki taryhy ýerlerde gazuw-agtaryş
işlerine işjeň gatnaşyp gelýärler. Bu hyzmatdaşlygyň netijesinde edilen açyşlar
dünýä ylmyna saldamly goşant goşup, Türkmenistanyň taryhyny we onuň dünýä
siwilizasiýalary bilen gatnaşyklaryny has çuňňur öwrenmäge mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda türkmen-italýan
gatnaşyklary durnukly we hemmetaraplaýyn ösüşiň ýolunda bolup, syýasy dialogy
pugtalandyrmaga, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge hem-de
medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir.
…Birnäçe sagatdan soňra,
döwlet Baştutanymyzyň uçary Italiýanyň Fýumiçino “Leonardo Da Winçi” halkara
howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowy Italiýa Respublikasynyň resmi adamlary, şeýle hem ýurdumyzyň
resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Haly düşelen ýodajygyň iki
tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Myhmansöýerligiň asylly
däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy.
Rime saparynyň çäklerinde
döwlet Baştutanymyz “Altare della Patria” ýadygärlik binasynda näbelli esgeriň
guburyna gül goýdy.
Ýadygärlik binasynyň öňünde
döwlet Baştutanymyzy Italiýa Respublikasynyň goranmak ministri Gwido Krozetto
we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Goranmak ministrliginiň
serkerdesi Türkmenistanyň Prezidentini garşylamak dabarasynyň başlanýandygyny
yglan edýär.
Iki ýurduň Döwlet senalary
ýaňlanýar.
Goranmak ministrliginiň
serkerdesi Türkmenistanyň Prezidentiniň sapary mynasybetli harby nyzama
düzülendigi barada hasabat berýär.
Hormatly Prezidentimiz
Italiýanyň Döwlet baýdagyny sarpalaýar.
Soňra döwlet Baştutanymyz
“Altare della Patria” ýadygärlik binasynda näbelli esgeriň guburyna gül
çemenini goýdy.
Soňra dostlukly ýurduň
goranmak ministri döwlet Baştutanymyzy dabara gatnaşýan Italiýanyň ýokary
derejeli harby wekiliýeti bilen tanyşdyrdy.
Dabaranyň ahyrynda iki ýurduň
Döwlet senalary ýaňlandy.
Döwlet Baştutanymyz Italiýanyň
goranmak ministri Gwido Krozetto bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Hormatly Prezidentimiziň
Italiýanyň azatlygy we garaşsyzlygy üçin janyny gurban eden gahrymanlary
sarpalamagy Türkmenistanyň halkynyň dostlukly ýurduň taryhyna we milli
gymmatlyklaryna çuňňur hormatynyň aýdyň beýany boldy.
Şeýle hem şu gün hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarella
bilen duşuşdy.
Duşuşygyň öňüsyrasynda Italiýa
Respublikasynyň Prezidentiniň “Kwirinale” köşgünde döwlet Baştutanymyzy resmi
garşylamak dabarasy boldy.
“Kwirinale” köşgüniň
howlusynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Italiýanyň Prezidenti
Serjio Mattarella mähirli garşylady.
Hormat garawulynyň serkerdesi
Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasynyň başlanýandygyny yglan
edýär.
Iki ýurduň Döwlet senalary
ýaňlandy.
Soňra Hormat garawulynyň
serkerdesi Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna resmi sapar
bilen gelmegi mynasybetli Hormat garawulynyň nyzama düzülendigi barada hasabat
berýär.
Döwlet Baştutanlary Hormat
garawulynyň hatarynyň başynda duran Italiýa Respublikasynyň Döwlet baýdagyny
sarpalaýarlar.
Soňra döwlet Baştutanlary
bilelikde köşgüň içine girýärler we iki ýurduň wekiliýet agzalary bilen
tanyşýarlar.
Türkmenistanyň hem-de
Italiýanyň resmi wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşlykdan soňra, iki ýurduň
döwlet Baştutanlary bilelikde resmi surata düşdüler.
Resmi surata düşmek
dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Italiýa
Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň arasynda ikitaraplaýyn
gepleşikler geçirildi.
Prezident Serjio Mattarella
belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen özara
hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyga Italiýada ýokary
baha berilýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Italiýa
resmi sapar bilen gelmäge çakylyk hem-de myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk
bildirip, Italiýa Respublikasynyň Prezidenti bilen şu duşuşygynyň
türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge saldamly goşant
goşjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz pursatdan
peýdalanyp, Prezident Serjio Mattarella türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň iberen mähirli
salamyny ýetirdi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutany hökmünde
Italiýa amala aşyran resmi saparlaryny we onuň dowamynda Serjio Mattarella
bilen geçiren duşuşyklaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.
Dostlukly ýurduň Prezidenti
hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza iň gowy
arzuwlaryny beýan etdi hem-de iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara
dialogyň ýokary derejesini belledi.
Döwlet Baştutanymyz
ýurtlarymyzyň halkara derejede hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edip, parahatçylyga,
dialoga we durnukly ösüşe ygrarlylygy görkezýändigini belledi hem-de BMG-niň
Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplygyny yzygiderli goldaýandygy üçin Italiýa minnetdarlyk
bildirdi.
— Biz Italiýa Respublikasynyň
Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyna ýokary baha
berýäris. Biz hem, öz gezegimizde, Italiýa bilen hyzmatdaşlygymyzy
ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatlarda giňeltmäge gyzyklanma bildirýäris —
diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň aprel
aýynda geçirilen birinji «Merkezi Aziýa — Italiýa» sammitiniň ähmiýetini
belledi.
Duşuşygyň dowamynda hormatly
Prezidentimiz şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny
belleýändigini we bu waka mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda halkara forumyň
geçiriljekdigini aýdyp, Prezident Serjio Mattarellany foruma gatnaşmaga çagyrdy.
Dostlukly ýurduň Prezidenti
çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň sebitde durnuklylygy we
parahatçylygy pugtalandyrmakda eýeleýän möhüm ornuna Italiýada ýokary baha
berilýändigini belledi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Prezident Serjio Mattarella
Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ugurlaryň giň
toplumy boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklap,
birek-birege we iki ýurduň dostlukly halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan
etdiler.
Hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna resmi sapary dowam edýär.
tdh