28.03.2026
Düýn
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe
meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa
ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talabyna görä kämilleşdirmek boýunça alnyp
barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda
ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan
teklipleriň esasynda Mejlisde döredilen iş toparlarynda halkara tejribelerden,
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerinden ugur alnyp, Türkmenistanyň Administratiw
hukuk bozulmalary hakynda hem-de Gümrük kodekslerine, “Howply önümçilik
desgalarynyň senagat howpsuzlygy hakynda”, “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we
maliýe hasabatlylygy hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna
üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini
gorap saklamak hakynda”, “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna
üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça kanun taslamalaryny taýýarlamak
işleri dowam edýär.
Şeýle-de daşary ýurtlar, halkara guramalar
bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Mejlisiň agzalarynyň
BMG-niň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde
geçiren iş duşuşyklaryna, okuw maslahatlaryna gatnaşandyklary barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz häzirki döwrüň
talaplaryna laýyk gelýän täze kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak
boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
H.Geldimyradow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda
geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde öňde goýlan wezipäni
ýerine ýetirmek maksady bilen, “Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny
ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň” taslamasyny taýýarlamak
boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, konsepsiýa laýyklykda,
halkara standartlary we milli bähbitleri nazara almak bilen, bu ulgamda
kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde,
ýurdumyzda innowasiýalary, döredijiligi höweslendirmek, innowasion
telekeçiligi, ýaşlar telekeçiligini ösdürmek, intellektual eýeçiligiň
obýektlerini we netijelerini önümçilige ornaşdyrmak boýunça zerur çäreler
görülýär. Mundan başga-da, intellektual eýeçilik hukuklaryny goramagyň
gurallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, bu ulgamda milli bilermenlerdir
hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, sanly hyzmatlary ornaşdyrmaga
gönükdirilen birnäçe çäreler meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň intellektual eýeçilik ulgamyny halkara tejribeler esasynda ösdürmegi
dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp
barylýan işleri kämilleşdirmek maksady bilen, degişli Karara gol çekdi hem-de
wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
G.Agajanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan ýerine ýetirilýän
gözleg-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan
çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýerasty baýlyklary ýüze
çykarmak, seýsmiki barlag işlerini döwrebap enjamlaryň kömegi bilen geçirmek,
uglewodorod çig mal binýadyny artdyrmak üçin türkmen geologlary tarapyndan
zerur işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen bir hatarda, bu işleriň netijeliligini
has-da artdyrmak babatda korporasiýanyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda ýerasty baýlyklary ýüze çykarmak hem-de özleşdirmek boýunça netijeli
işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz gözleg-barlag işleriniň
netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen taýýarlanan teklibi makullap,
wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, welaýatlarda gowaça ekişi
möwsümine guramaçylykly girişildi. Häzirki wagtda möwsümi bellenen agrotehniki
möhletlerde we ýokary hilli geçirmek, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary
doly güýjünde işletmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bugdaý ekilen
meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam edýär,
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak üçin degişli işler
geçirilýär. Häzirki wagtda welaýatlarda ýüpek gurçugynyň tohumyny taýýarlamak,
pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak, ýüpek gurçugynyň idediljek
jaýlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.
Şeýle hem wise-premýer şu ýylda ýurdumyzda
şaly hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi hem-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny
hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba
hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, onuň işini kämilleşdirmegi dowam
etdirmegiň, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişini berk
gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda öndürilýän
oba hojalyk önümleriniň möçberini has-da artdyrmak hem-de şalynyň ýokary
hasylyny öndürmek maksady bilen, Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek
hakynda Karara gol çekdi we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň
sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek,
türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak
boýunça degişli işler amala aşyrylýar. Hususan-da, pudagyň kärhanalarynyň
desgalarynyň bökdençsiz işlemegi üçin olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny
döwrebaplaşdyrmak babatda degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň içerki sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün
etmek, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak
boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz
döwlet elektrik stansiýalarynyň işini döwrebap ýola goýmak maksady bilen
taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
N.Atagulyýew aprel aýynda paýtagtymyzda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly
halkara sergini ýokary derejede, guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan
işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sergä
gatnaşmaga isleg bildiren daşary ýurtlaryň we Türkmenistanyň dürli ugurlarda iş
alyp barýan kompaniýalarynyň 80-si hasaba alyndy hem-de hasaba almak işi dowam
edýär. Sergide enjamlaryň, tehniki serişdeleriň, demir önümleriniň we gurluşyk
harytlarynyň, himiki serişdeleriň, beýleki önümleriň dürli görnüşleri
görkeziler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda halkara maslahatlaryň, sergileriň yzygiderli guralýandygyny, munuň
bolsa daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam
edýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere «Hyzmatdaşlyk we ösüş»
atly köpugurly halkara sergä gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary derejede
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Seýidowa şu ýylyň aprel aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş
maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň Tertibi barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, geljek aýyň dowamynda 2026-njy
ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany”
ýyly diýlip yglan edilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy, Bütindünýä
saglyk güni, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dürli çäreleriň we
dabaralaryň, şol sanda maslahatlaryň, sergileriň, döredijilik duşuşyklarynyň,
wagyz-nesihat çäreleriniň, bäsleşikleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Yglan
edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek meýilleşdirilýär. Şeýle
hem paýtagtymyzda “Turkmentravel — 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisiniň
we maslahatyň, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Maýa Kulyýewa
adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestriniň baýramçylyk
konsertiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, ýurdumyzda aprel aýynda Bütindünýä saglyk güni, Türkmen
bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçiriljek we beýleki çärelere gowy
taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz
wise-premýere medeni-durmuş maksatly binalaryň düýbüni tutmak hem-de ulanmaga
bermek dabaralaryny ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Mämmedow ýurdumyzda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça
pudagara toparyň mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň
beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, häzirki wagtda bäsdeşlige ukyply, daşary
ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň ylmy
esaslaryny we tehnologiýalaryny işläp düzmek, önümçilige ornaşdyrmak maksady
bilen, milli maksatnamalarda, konsepsiýalarda, strategiýalarda kesgitlenen
wezipelere laýyklykda degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda,
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanda ylmy-barlag işleriniň
netijeliligini ýokarlandyrmak, Türkmenistanda ylmy barlaglaryň netijeliligini
üpjün etmek boýunça pudagara topary döretmek hakynda Kararlaryndan gelip çykýan
wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ähli şertleriň
döredilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ylym ulgamyny
mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi
tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow «Türkmenistan — Birleşen Milletler
Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisine görülýän
taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, BMG bilen strategik
hyzmatdaşlygy ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň
biridir. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň
Prezidentiniň Karary bilen «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy»
strategik maslahat beriş geňeşi döredildi. Geňeşiň çäklerinde ýurdumyzyň
Milletler Bileleşigi bilen parahatçylyk, howpsuzlyk, ykdysadyýet, durnukly
ösüş, bilim, howanyň üýtgemegi, ynsanperwer syýasat ýaly ulgamlardaky
hyzmatdaşlygynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Häzirki wagta
çenli geňeşiň 4 mejlisi geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary
işler ministri 31-nji martda guraljak nobatdaky bäşinji mejlisiň gün tertibine
giriziljek meseleler barada aýtdy.
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Durnukly
ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça üçünji Meýletin milli synyny
taýýarlamak meselesine seretmek göz öňünde tutulýar. Mälim bolşy ýaly,
Türkmenistan dünýä döwletleriniň arasynda ilkinjileriň hatarynda Durnukly ösüş
maksatlaryny milli derejede amala aşyryp başlady. Şeýle hem Durnukly ösüş
maksatlaryny durmuşa geçirmek we degişli hasabatlary taýýarlamak boýunça
pudagara topar döredildi. Bu ugurda ýurdumyzyň ilkinji Meýletin milli synyny
taýýarlamak maksady bilen, türkmen wekiliýeti 2018-nji ýylda BMG-niň Ykdysady
we Durmuş geňeşiniň (ECOSOC) howandarlygynda Nýu-Ýork şäherinde geçirilen Syýasy
forumyň işine gatnaşdy. Şonuň netijesinde, 2019-njy we 2023-nji ýyllarda
Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Syýasy forumlarynyň
çäklerinde Türkmenistan tarapyndan birinji hem-de ikinji Meýletin milli synlar
hödürlenildi. Bu işleri ulgamlaýyn esasda dowam etdirmek üçin häzirki wagtda
üçünji Meýletin milli synyň taslamasyny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp
barylýar. Olaryň esasy ugurlaryna strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky
mejlisiniň çäklerinde seretmek meýilleşdirilýär.
BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen
bilelikde metan zyňyndylaryny azaltmak, ýaşlar syýasaty ugurlarynda
hyzmatdaşlyk maksatnamalarynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak teklip
edilýär. Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylda Dubaýda geçirilen BMG-niň Howanyň
üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji
mejlisinde Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etdi.
Şunuň bilen baglylykda, metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça yzygiderli
çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, BMG tarapyndan maksatnamanyň taslamasy
taýýarlanyldy.
Ýurdumyzda ýaşlar syýasatyna döwletimiz
tarapyndan aýratyn üns berilýär. Hususan-da, “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara
hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy” kabul edildi, 2021 —
2025-nji ýyllarda ýaşlar syýasaty boýunça Döwlet maksatnamasy üstünlikli
durmuşa geçirildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Merkezi
Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogy döredildi. Ol halkara gün tertibiniň
“Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” ugurlaryny öňe sürmäge gönükdirilendir.
Şunuň bilen baglylykda, strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisinde 2026 —
2028-nji ýyllara niýetlenen “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” atly
maksatnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Bu
maksatnama ýaşlary goldamak, olaryň sebit we halkara derejedäki çärelere işjeň
gatnaşmagyny üpjün etmek üçin berk esas bolar. Häzirki wagtda BMG bilen
bilelikde maksatnamanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça gutarnykly işler alnyp
barylýar.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň
başlangyjy esasynda 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen
Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň
(ÝUNESKO) arasynda Maksatlaýyn gaznany döretmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyga gol
çekildi. Şeýle hem guramanyň edaralary bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanylan we
degişli tertipde ylalaşylan resminamalara gol çekmek teklip edilýär. Şunuň
bilen baglylykda, 2026-njy ýyl üçin öňünden ylalaşylan birnäçe resminamalar
taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini
belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmenistan — Birleşen
Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisini geçirmek bilen
bagly taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler
Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 29-njy martda Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň döredilmegine 5 ýyl dolýandygyny belledi. “Haýyr-sahawat gaznasy
döredilen wagtyndan bäri abraýly halkara guramalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk
edýär” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu
ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşantlaryny nazara
alyp, käbir halkara guramalaryň wekillerini Türkmenistanyň «Arkadag» medaly
bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi.
Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz
Gahryman Arkadagymyzy, ähli halkymyzy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
döredilmeginiň 5 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
daşary işler ministri R.Meredow mejlise gatnaşyjylaryň adyndan Milli Liderimizi
hem-de hormatly Prezidentimizi gaznanyň döredilmeginiň şanly senesi bilen tüýs
ýürekden gutlady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary B.Annaýew aragatnaşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgamy ösdürmek
boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, “Türkmenpoçta” poçta
aragatnaşyk kompaniýasyny Bütindünýä poçta birleşiginiň “IPS” halkara sanly
ulgamyna birikdirmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Munuň özi
ýurdumyzyň poçta ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, dünýäniň
iri elektron söwda platformalary arkaly utgaşykly işi hem-de olar bilen göni
hyzmatdaşlygy täze derejede ýola goýmaga giň mümkinçilikleri döredýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda
sanly ykdysadyýeti ösdürmek we döwrebap logistika düzümini kemala getirmek
boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyz wise-premýere aragatnaşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, poçta
amallaryny kämilleşdirmek babatda işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da
birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul
edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov