Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

Täzelikler

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat

26.05.2025
91
Card image cap

 2025-nji ýylyň 24-nji maýynda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan şähergurluşyk syýasatynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ak mermerli paýtagtymyzyň ösüşiň hem-de gözelligiň şäheri hökmünde dünýädäki at-abraýy barha artýar. Milli binagärligiň iň gowy ýörelgeleri öňdebaryjy gurluşyk tejribesi bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp gurulýan dürli maksatly desgalar ýokary durmuş şertlerini üpjün etmek bilen bir hatarda, paýtagtymyzyň täze, döwrebap keşbini emele getirýär. Şol desgalaryň birnäçesi dünýä binagärliginiň ajaýyp täsinligi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girizildi.

 Giň gerimli gurluşyk maksatnamalarynyň amala aşyrylmagy bilen, häzirki döwürde Aşgabat sebitiň innowasion, ylym-bilim, medeniýet we senagat merkezi hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. 20 ýyldan gowrak wagt bäri geçirilip gelinýän köpugurly sergi-de şähergurluşyk, senagat, innowasiýalar ulgamlarynda ýurdumyzyň gazananlary, paýtagtymyzyň jemgyýetçilik, ykdysady, ylmy, medeni üstünlikleri bilen tanyşdyrýan iri çärä öwrüldi. Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guralýan çärä gatnaşmak isleýänleriň sanynyň ýylsaýyn artmagy daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň döwletimiziň ösüşlerine uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär. Munuň özi ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijesinde maýa goýumlar üçin oňyn şertleriň döredilýändiginiň mysalydyr. Bu sergä we maslahata gatnaşyp, daşary ýurt kompaniýalary, maliýe guramalary we maýadarlar geljegi uly taslamalary öwrenmek, hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin giň mümkinçiliklere eýe bolýarlar.

 Diýarymyzyň ak mermerli paýtagty adamzadyň ykbalyna dahylly parahatçylyk döredijilikli başlangyçlaryň gözbaş alýan, dost-doganlyk, ylalaşdyryjylyk merkezine hem öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, köpugurly forumyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän çäreler bilen utgaşyp, şanly ýylyň ähmiýetini has-da artdyrýandygyny aýratyn bellemek gerek.

 Irden “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergä gatnaşýan köp sanly myhmanlar Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň öňünde baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdança ýygnandylar. Bu ýerde sungat ussatlarynyň aýdym-sazly, tansly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň işewürleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary bar.

 Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIV köpugurly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz ak mermerli Aşgabadyň üstünliklerini dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak maksady bilen geçirilýän halkara serginiň we maslahatyň türkmen paýtagtyny has-da gözelleşdirmek, ony dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwürmek boýunça işleriň has-da ilerlemeginde ähmiýetiniň örän uly boljakdygyna ynam bildirdi. Nygtalyşy ýaly, halkara sergide hödürlenilýän taslamalaryň aglabasy boýunça bu gün şäherimiziň görküne görk goşýan ajaýyp binalaryň ençemesi guruldy. Täze önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk we sport desgalary, döwrebap ýaşaýyş jaýlary diňe bir ak şäherimiziň görküne görk goşmak bilen çäklenmän, eýsem, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagynda, halkymyza edilýän durmuş hyzmatlarynyň ýokary hilli bolmagynda hem möhüm orna eýe bolýar.

 Soňra gatnaşyjylar köpugurly sergide görkezilýän diwarlyklar bilen tanyşmaga başladylar. Oňa ýurdumyzyň döwlet we hususy edara-kärhanalarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň 150-den gowragy öz öndürýän önümleri, hödürleýän hyzmatlary bilen gatnaşýar. Aşgabat şäher häkimliginiň sergi diwarlygynda şäher gurluşygynda döwrebap tehnologiýalaryň we nusgawy usullaryň sazlaşykly peýdalanylýandygy beýan edilýär. Uly ekranda ak mermerli paýtagtymyzyň durmuş we ykdysady ulgamlarda ýeten derejesi görkezilýär. Owadan görnüşde ýerleşdirilen köp sanly güller, bezeg agaçlary ýurdumyzyň baş şäherinde ekologik abadançylyga möhüm üns berilýändigini alamatlandyrýar. Bu ýerde Aşgabadyň keşbini emele getirýän ajaýyp binalaryň şekil nusgalaryna-da aýratyn orun berlipdir. Ýurdumyzyň döwlet berkararlygyny, hemişelik Bitaraplygyny, dost-doganlygy we abadançylygy alamatlandyrýan binalar şolaryň arasynda has-da tapawutlanýar.

 Sergide gurluşyk we senagat toplumynyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň sergi diwarlyklaryna möhüm orun degişlidir. Olarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň toplumy ösdürmek boýunça döredýän döwrebap şertleri netijesinde ýurdumyzyň gurluşyk, elektroenergetika, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, himiýa senagatynda gazanylan sepgitler täsirli beýan edilýär.

 Häzirki wagtda milli gurluşyk-senagat toplumyny innowasion taýdan özgertmekde, senagatymyzy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şeýle-de ýurdumyzda dürli gurluşyk serişdeleriniň öndürilmegine, olaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna we görnüşleriniň artdyrylmagyna, gurluşyk senagatynyň önümçilik, ylmy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagyna, hojalygy ýöretmegiň netijeli gurallarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Giň gerimli işleriň netijesinde ýerli çig mal serişdelerinden ýokary hilli gurluşyk önümlerini öndürýän iri önümçilik toplumlary guruldy. Şolaryň hatarynda şu ýylyň martynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen Bäherden keramiki önümler kärhanasyny hem görkezmek bolar. Kärhanada öndürilýän keramiki-bezeg plitalarynyň, sanfaýans önümleriniň dürli görnüşleri, olaryň döwrebaplygy sergä gatnaşýanlarda uly gyzyklanma döredýär.

 Merkezi Aziýanyň merjen şäheri Aşgabadyň durmuş maksatly desgalarynda, ýol-ulag düzümlerinde sanly ulgama esaslanýan döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda ýurdumyzda elektron senagata ýöriteleşen ilkinji kärhanalaryň biri bolan “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň öndürýän önümleriniň görnüşlerini barha artdyrýandygyny bellemek gerek. Sergide hojalyk jemgyýetiniň öndürip başlan, Gün energiýasy arkaly işleýän ýolyşyklary ilkinji gezek görkezilýär. Şeýle hem kärhananyň diwarlygy bu ýere gelýänleri şäher gurluşygy üçin zerur bolan kabelleri, yşyklandyryjylary, ýol germewleri bilen tanyşdyrýar. “Rysgally nesip” hojalyk jemgyýeti bolsa dürli kuwwatlykdaky LED çyralaryny görkezýär.

 Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri gurluşyk taslamalaryny ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna möhüm orun degişlidir. Milli ykdysadyýetimizi depginli ösdürmekde mynasyp paýy bolan telekeçiler önümçilikleri giňeltmek bilen, gurluşyk senagatynyň ösüşine uly goşant goşýarlar. Gözden geçirilişde “Galkynyş plastik” hususy kärhanasy plastmassa turbalaryň, ylgaw meýdançalary, ýanýodalar üçin niýetlenen rezin örtgüleriň, ýol gurluşygynda topragy berkitmek üçin ulanylýan plastmassa serişdeleriniň dürli görnüşlerini hödürleýär. “Döwlet gurluşyk” hojalyk jemgyýeti gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen bir hatarda, bazalt daşyndan süýüm önümçiligini ýola goýupdyr. Bu gurluşyk serişdesi desgalary durnukly temperaturada saklamak we ses geçirmezlik üçin örtgüleri taýýarlamakda gymmatly çig mal bolup durýar. “Erjel-Begenç” hususy kärhanasynyň öndürýän emeli mermer we granit önümleri berkligi, görnüşi babatda giň mümkinçilikleri hödürleýär. “Döwletli Döwran” hojalyk jemgyýeti hem bu ýere gelýänleri keramiki plitalaryň, üçekleriň, gurluşyk we bezeg kerpijiniň dürli görnüşleri bilen tanyşdyrýar.

 Türkiýe, Fransiýa, Germaniýa, Ispaniýa, Hytaý, Eýran, Ukraina, Koreýa Respublikasy ýaly döwletleriň öňdebaryjy kompaniýalary we olaryň Türkmenistandaky üpjün edijileri hem köpugurly sergä öz diwarlyklary bilen gatnaşýarlar. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşlary bolan “Çalik Enerji”, “Gap Inşaat”, “Rönesans”, “Buig” ýaly kompaniýalar bar. Olar ýurdumyzy, şol sanda onuň baş şäherini özgertmek boýunça birnäçe taslamalary üstünlikli amala aşyrýarlar. “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasy iri desgalary gurmak, ýerasty ulgamlary çekmek, gaýtadan işleýän senagaty döretmek boýunça taýýarlan taslamalary bilen tanyşdyrýar. “Interbudmontaž” kompaniýasynyň Aşgabat şäherinde iri ýerasty ýol-ulag düzümini döretmek boýunça taslamasy hem aýratyn gyzyklanma döredýär. “Wirtgen Group” düzümi bolsa gurluşykda ulanylýan kuwwatly tehnikalar bilen üpjün etmek boýunça mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar.

 Häzirki wagtda türkmen telekeçileri daşary ýurt kompaniýalary bilen mynasyp bäsleşip, alyp barýan işlerinde üstünlikleri gazanýarlar. Olar iri taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak arkaly baý tejribe toplaýarlar. Bu babatda “Çeper gurluşyk”, “Ojar Aziýa” hususy kärhanalary, “Dost gurluşyk, söwda, önümçilik”, “Türkmenbina gurluşyk” hojalyk jemgyýetleri durmuşa geçiren we häzirki wagtda alyp barýan taslamalaryny öz diwarlyklarynda şöhlelendirýär. “Baýly-Gurluşyk” hususy kärhanasy paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän “Güneşli” çagalar we ýetginjekler köşgüniň, çagalar kitaphanasynyň taslamalary bilen tanyşdyrýar.

 Hususy gurluşykçylaryň sergi diwarlyklarynda Aşgabatda amala aşyrylan taslamalar bilen bir hatarda, Arkadag şäherinde gurlan we gurulýan desgalaryň şekilleriniň öz beýanyny tapmagy bu döwrebap şäheriň türkmen kärhanalarynyň ösmegi, tejribe toplamagy üçin uly mümkinçilikleri hödürleýän meýdança öwrülendigini görkezýär. Ýeri gelende bellesek, sebitde deňi-taýy bolmadyk “akylly” şäheriň ilkinji iri önümçilik toplumy bolan “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň lukmançylyk serişdeleriniň, halkara ülňülere gabat gelýän çaga iýmitiniň görnüşleri hem sergä gelenlere hödürlenilýär. Şol önümler ýurdumyzyň lomaý we bölek söwda bilen meşgullanýan işewürleriniň sergi diwarlyklarynda ýerleşdirilipdir.

 Ekologiýa durmuşa geçirilýän taslamalarda aýratyn üns berilýän ugurdyr. Paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ekologik abadançylygyny üpjün etmek hemişe gözegçilikde saklanylýar. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe kärhanalaryň seýilgäh zolaklaryny döretmek, dürli bag nahallaryny we gülleri ösdürip ýetişdirmek boýunça gazananlary bilen tanyşdyrýan diwarlyklary serginiň aýratyn bölegini emele getirýär. “Saýaly jülge”, “Bossan Concept” kärhanalarynyň howly bezegi üçin hödürleýän çemeleşmeleri aýratyn özüne çekijidir. “Ak diwar” hususy kärhanasynyň paýtagtymyzyň merkezi böleginde döredýän iri seýilgäh toplumy baglaryň dürli görnüşlerini özünde jemleýän ýaşyl zolaga öwrüler.

 Gurluşyk toplumyndan başga, önümçiliklerde, hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan işewürleriň diwarlyklary gözden geçirilişiň aýratyn bölegini emele getiripdir. Olaryň birnäçesinde öý we iş ýerleri üçin dürli mebeller görkezilýär. Gök-bakja, dürli azyk önümlerini öndürýän kärhanalar hem ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek babatda alyp barýan işleri bilen tanyşdyrýar. Şolaryň arasynda “Täze Aý”, “Maksada okgunly”, “Erteki” hususy kärhanalarynyň, “Hasar” hojalyk jemgyýetiniň diwarlyklarynyň ýany köp adamly boldy. Birnäçe kärhanalar tomus paslynda uly islege eýe bolan alkogolsyz içgileri, miwe suwlaryny hödürleýär. Olaryň birnäçesi şu gezekki sergä täze önümleri bilen gatnaşýar. Gözden geçirilişde “Akdaş miwe içgileri”, “Arçalyk”, “Berk akar” kärhanalary, “Turkmenistan Coca-Cola Bottlers”, “Ýüpekçi”, “Miweli oba” hojalyk jemgyýetleri ýaly öndürijileriň dürli görnüşli önümlerini synlamak bolýar. “Bäş örüm”, “Ýakymly” konditer kärhanalarynyň diwarlyklarynda olaryň dürli süýjülikleri taýýarlamakda alyp barýan işleri bilen giňişleýin tanyşdyrylýar.

 Sergä hyzmatlar we söwda ulgamynda iş alyp barýan telekeçiler-de işjeň gatnaşýarlar. Olaryň köpüsi bölek satuw we restoran medeniýetini ösdürmekde ilat arasynda giňden tanalýan kärhanalardyr. Şolardan “Şerbet market”, “Halk market” ýaly halkyň gündelik sarp edýän önümlerini üpjün edijileri, “Hezzet”, “Toý mekany”, “Bahar” ýaly restoranlar torlaryny görkezmek bolar.

 Köpugurly çärede ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň diwarlyklary hem ýerleşdirilipdir. Munuň özi Aşgabat şäheriniň gününde mekdebi tamamlaýan ýaşlaryň ýokary hünär biliminiň ugurlary, döredilýän mümkinçilikler bilen ýakyndan tanyşmaklary üçin amatly şertleri üpjün edýär. Sergä Diýarymyzda hereket edýän hususy bilim merkezleri hem işjeň gatnaşýar. Ýurdumyzyň we daşary döwletleriň işewürleri ýyladyş, sowadyş, elektrik ulgamlaryny çekmekde hödürleýän hyzmatlary bilen hem tanyşdyrýar. Serginiň çäklerinde şäher ilatynyň gündelik durmuşda peýdalanmagy üçin dünýäniň iri önüm öndürijileriniň iň täze awtoulaglarynyň, gurluşyk we jemagat hojalygy pudagynda ulanylýan tehnikalaryň görkezilişi-de guralýar.

 Umuman, sergi meýdançasynda paýtagtymyz Aşgabadyň ähli ugurlar boýunça ýokary depginde ösmegini dowam etdirýändigine, onuň işewürlik üçin uly mümkinçiliklere eýedigine aýdyň göz ýetirmek bolýar. Köpugurly halkara sergi öňdebaryjy şähergurluşyk konsepsiýalary bilen tanyşmaga, şäheriň özboluşly binagärligine baha bermäge, döwlet edaralarynyň, senagat pudagynyň, innowasion önümçiligiň wekilleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga amatly şertleri döredýär.

 Günüň ikinji ýarymynda paýtagtymyzdaky “Olimpiýa” myhmanhanasynda “Ak şäherim Aşgabat” atly maslahat geçirildi. Onuň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Ak şäherim Aşgabat — geljegiň we mümkinçilikleriň şäheri” atly umumy mejlisine ýurdumyzyň döwlet, hususy edara-kärhanalarynyň, BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň, beýleki halkara guramalaryň, daşary döwletleriň diplomatik wekilhanalarynyň, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde paýtagtymyzyň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Şäherde döwrebap ýaşaýyş toplumlary, medeni we sport desgalary, önümçilik desgalary, ylmy-tehnologik çözgütlere esaslanýan döwrebap durmuş düzümi kemala getirilýär. Nygtalyşy ýaly, Aşgabat häzirki zaman, durnukly, ýaşaýyş üçin amatly we ynamly ösýän şäher hökmünde halkara hyzmatdaşlyga, maýa goýumlara hem açykdyr.

 Baş şäherimiz ösen senagatlaşan merkez bolmak bilen, durnukly ösüşiň, gaýtalanmajak gözelligiň özboluşly nyşany hökmünde ykrar edilýär. Sanlyja ýylda paýtagtymyzda kaşaň binalaryň ençemesiniň gurulmagy, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin bina edilýän iri ýaşaýyş jaý toplumlary, dünýä ülňülerine laýyk gelýän awtomobil ýollary ak şäherimizi dünýäniň nusgalyk şäherleriniň birine öwürmek babatda döwlet derejesinde amala aşyrylýan ajaýyp işleriň miwesidir. Umuman, Aşgabat döwrebap ösüşiň milli nusgasyna öwrüldi. Durmuşa geçirilýän gurluşyklaryň, täzeçil başlangyçlaryň netijesinde şäheriň görki, binagärlik keşbi düýpgöter özgerýär.

 Maslahatda çykyş eden halkara guramalaryň we kompaniýalaryň ýolbaşçylary döwrebap şäher düzümini döretmekde häzirki zaman ýörelgeleri, bu babatda alnyp barylýan işler barada giňişleýin durup geçdiler. Forumyň birinji gününiň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň arasynda Türkmenabatdaky himiýa zawodynyň düzüminde mineral dökünleri öndürýän toplumyň taslamasyny düzmek we doly taýýar edip gurmak; Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «Changsha Zoomlion Environmental Industry Co., Ltd» kompaniýasynyň arasynda ýöriteleşdirilen awtoulaglary, jemagat tehnikalaryny we enjamlary, olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak barada şertnamalara gol çekildi. Munuň özi ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, iri önümçilik toplumlaryny gurmak, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly özgertmeleriň geljekde-de netijeli dowam etdiriljekdigini alamatlandyrýar.

 Maslahatyň ikinji güni öz işini “Häzirki zaman gurluşygy we senagaty: hil, tehnologiýalar we maliýeleşdirmek”, “Döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň gurluşyk, senagat we täze awtoulag ýollarynyň ösdürilmegindäki orny”, “Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gurluşyk, senagat we energetika pudaklarynyň ösdürilmeginde tehnologik innowasiýalar” atly bölümçelerde dowam eder. Olarda gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi, gazanylan üstünlikler, ýurdumyzda amala aşyrylýan iri şähergurluşyk taslamalarynda öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

 Umuman, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilýän çäreler baý mazmuny bilen tapawutlanyp, paýtagtymyzyň dost-doganlyk we hyzmatdaşlyk merkezi hökmünde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrýar.

tdh.gov.


Bulary hem okaň