PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

Täzelikler

Eýranyň ‘‘Saderat’’ banky türkmen telekeçilerine akreditiw berer.

13.06.2023
Card image cap

Eýranyň ‘’Saderat’’ bankynyň Türkmenistandaky şahamçasy ýakyn wagtda türkmen telekeçilerine akreditiw berer. Bu barada şenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabat şäherindäki Senagat we söwda sergi toplumynda şu ýylyň 17-nji iýunynda Maşad şäherinde geçiriljek türkmen-eýran sergisine bagyşlanyp geçirlen tanyşdyryş çäresiniň dowamynda  bankyň Türkmenistandaky wekili mälim etdi.

Çärä Eýranyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Golam Abbas Arbab Hales, Eýranyň we Türkmenistanyň işewür toparlarynyň hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Akreditiw nagt däl tölegiň bir görnüşi bolup, onda tölegler alyjy tarapyndan satyja gönümel däl-de, bankyň araçylygy arkaly geçirilýär. Töleg resminamasy telekeçilere maliýe goldawyny almaga we işlerini giňeltmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa öz gezeginde ýurtlaryň arasyndaky söwda we maýa goýumlarynyň ösmegine goşant goşýar.

Bankyň Türkmenistandaky wekili ‘’Saderat’’ bankynyň 30 ýyldan bäri Türkmenistanda iş alyp barýandygyny we hususy telekeçilere töleg üçin kepillik hatlaryny berýändigini aýtdy. Bu kepillik haty müşderä haryt, iş ýa-da hyzmatlar üçin töleg möhletini bozmazdan yza süýşürmäge mümkinçilik berýän resminama bolup durýar.

Mundan başga-da, ilçihananyň wekilleri 12-nji iýunda başlajak we 17-nji iýuna çenli dowam etjek türkmen-eýran iş sapary barada gürrüň berdiler. Şeýle hem Howdan-Bajgyran serhet gözegçilik nokatlaryndan 16 türkmen telekeçisiniň saparlarynyň başlajakdygyny we şol ýerde Eýranyň resmileri bilen duşuşjakdyklary bellenildi.

Soňra türkmen wekiliýeti eýranly kärdeşleri bilen iki taraplaýyn duşuşyklary geçirmek we sergilere gatnaşmak üçin saparlaryny Büjnürd we Gürgen şäherlerine dowam etdiriler. Saparyň soňky gününde türkmen wekilýeti Maşad şäherinde geçiriljek eýran-türkmen işewürler forumyna gatnaşar.

Bu barada "Business Turkmenistan" web sahypasynda habar berildi.


Bulary hem okaň