PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Ýaponiýanyň «GRANSOL INC» kompaniýasy öz hyzmatlaryny hödürleýär

23.01.2024
Card image cap

2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap binasynda Ýaponiýanyň «GRANSOL INC» kompaniýasynyň wekilleri bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň hem-de Edaranyň agzalarynyň arasynda duşuşyk guraldy. Däp bolşy ýaly, iki tarapyň wekilleriniň birek-birek bilen tanyşdyrylyşy tamamlanandan soňra, Ýaponiýanyň «GRANSOL INC»  kompaniýasynyň wekilleri öz alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Esasan, hukuk we telekeçilik goldawyny bermek, işewürleriň özara arabaglanyşygyny guramak we Ýaponiýanyň kompaniýalaryny Merkezi Aziýa ýurtlarynyň işewürligi bilen tanyşdyrmak, olaryň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmakda ýardam etmek ýaly ugurlar boýunça öz hyzmatlaryny hödürlediler.

 Türkmen işewürligi, kompaniýalary we telekeçileri hakynda maglumatlary almak we geljekde hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksadyndan ugur alan ýaponiýaly işewürler bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň agzalary bilen myhmanlaryň arasynda öz alyp barýan işleri hakynda pikir alyşmaga mümkinçilik döredildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

  Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň