Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işini tamamlady

19.09.2026
33

      2026-njy ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işini tamamlady.

         Sergide milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler, döwrebap önümçilikleriň önümleri, täzeçil taslamalar we hususy telekeçiligiň işjeň başlangyçlary giňden görkezildi. Sergi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň hem-de milli önümçiligiň barha artýan mümkinçilikleriniň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Çäräniň jemleýji dabarasynda Türkmenistanyň hormatly Prezidentine Ýüzlenme okaldy. Şeýle hem sergä gatnaşyjylara, özleriniň işjeňligi we üstünlikli çykyşlary bilen tapawutlanan kärhanalara hem-de telekeçilere diplomlar gowşuryldy.

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi Garaşsyz Watanymyzyň ösüş ýolunda gazanylýan belent sepgitleri giňden şöhlendirip, täze başlangyçlara we geljekki üstünliklere ruhlandyrýan möhüm çäre hökmünde öz işini jemledi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň