Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady

17.09.2026
89

2026-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady.

         Açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy dabaraly ýagdaýda okaldy.

         Sergide ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda gazanylýan üstünlikleri, milli önümçiligiň kuwwaty, täze önümleri, döwrebap taslamalar we innowasion işläp taýýarlamalar giňden görkezilýär.

      Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde ýetilen belent sepgitleri şöhlelendirýän bu sergi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň, döredijilikli zähmetiň we ösüşiň aýdyň beýanydyr.

         Sergi 19-njy sentýabra çenli dowam eder.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň