Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

16.10.2026
31

       2026-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşyk geçirdi.

         Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

         Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde işewür düzümleriň arasyndaky göni dialogyň, özara tejribe alyşmagyň we ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny öwrenmegiň ähmiýetine ünsi çekdiler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen we malaýziýaly telekeçileriň arasynda işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmek, özara bähbitli başlangyçlary goldamak hem-de hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak meselelerine garaldy.

         Häzirki wagtda halkara ykdysady gatnaşyklary giňeltmek we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli işewür gatnaşyklary ýola goýmak Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde, milli telekeçiligiň halkara ykdysady giňişligindäki ornuny pugtalandyrmakda hem-de täze ykdysady mümkinçilikleri açmakda möhüm ähmiýete eýedir.

       Geçirilen duşuşyk Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, işewür hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge hem-de söwda-ykdysady ulgamda täze mümkinçilikleri öwrenmäge gönükdirilen möhüm ähmiýetli çäre boldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň