PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça onlaýn duşuşyk geçirildi

28.02.2024
Card image cap

2024-nji ýylyň 27-nji fewralynda  Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynyň kiçi mejlisler zalynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, «Türkmen Logistika» assosiasiýasynyň, Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky «Türkmendokma» AGPJ-niň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň «Huahe International» kompaniýasynyň prezidenti bilen bilelikde ýüze golaý kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Onlaýn duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek barada edilen çykyşlar esasynda birek-biregiň pikirleri diňlenildi. Türkmen bazarynyň artykmaçlyklaryndan peýdalanmak maksady bilen, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň