Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistan bilen Günorta Afrika Respublikasy:täze bazarlara tarap hyzmatdaşlyk

31.10.2026
18

      2026-njy ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy bilen Günorta Afrika Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lungisani Dominik Ntombelanyň (oturýan ýeri – Astana şäheri) arasynda duşuşyk geçirildi.

         Duşuşygyň dowamynda myhman Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň alyp barýan işleri, esasy iş ugurlary hem-de ýurdumyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän işleri bilen tanyşdyryldy.

         Söhbetdeşlikde taraplar özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan Türkmen – Günorta Afrika gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açmagyň möhümdigini bellediler.

         Aýratyn-da, Günorta Afrika Respublikasynyň bazary Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek we täze söwda ugurlaryny özleşdirmek babatda geljegi uly ugur hökmünde bellenildi. Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

         Duşuşyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze mümkinçiliklerini açmaga we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmany aýdyň görkezdi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň