Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

26.09.2026
35

      Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde, 2026-njy ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Gubernatorynyň orunbasary – Hökümetiniň başlygy D.A. Afanasýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy.

         Duşuşykda türkmen-rus söwda-ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemegiň hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

         Söhbetdeşligiň dowamynda şu ýylyň 15-21-nji noýabry aralygynda Astrahan şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän telekeçilik boýunça Türkmen-Astrahan bilelikdäki geňeşiniň dördünji mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek, onuň çäklerinde ikitaraplaýyn işewür duşuşyklary we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler barada hem pikir alşyldy.

         Taraplar söwda, ulag-logistika, senagat, oba hojalygy we telekeçilik ugurlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ähmiýetini belläp, işewür gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardyklaryny nygtadylar.

     Duşuşyk Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasynda köpugurly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň