Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

TIF 2026: Täze maýa goýum mümkinçiliklerine giň ýol

25.09.2026
32

      2026-njy ýylyň 1-2-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň maýa goýum forumy – TIF 2026 geçiriler. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň “Türkmen Kongres” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guraýan halkara forumy maýa goýum we işewür hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolar.

         Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy bellenilýän ýylda geçiriljek forum daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, halkara işewür gatnaşyklaryny ösdürmek we ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini dünýä jemgyýetçiligine giňden tanyşdyrmak babatda aýratyn ähmiýete eýedir.

         TIF 2026-nyň çäklerinde maýadarlar, maliýe institutlarynyň, iri kompaniýalaryň we işewür toparlaryň wekilleri bilen göni gepleşikler geçirilip, Türkmenistanyň dürli pudaklaryndaky maýa goýum taslamalary we hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri hödürlener.

         Forum Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge, täze hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen möhüm halkara işewürlik meýdançasydyr.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň