27.10.2026
Türkmenistan bilen Hytaý Halk
Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde möhüm
ähmiýete eýe bolan türkmen-hytaý işewürlik forumy 2026-njy ýylyň 6 – 7-nji
noýabrynda Hytaýyň Şanhaý şäherinde, Hytaýyň 9-njy Halkara import sergisiniň (CIIE)
çäklerinde geçiriler.
Forum
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Şanhaýyň Halkara söwdany ösdürmek
boýunça geňeşi (CPIT Shanghai) tarapyndan, “TMT Consulting Group”
kompaniýasynyň ýardam bermeginde guralýar. Oňa iki ýurduň döwlet edaralarynyň
wekilleriniň we işewür toparlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Forumyň
esasy maksady ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekden, senagat,
oba hojalygy, döwrebap tehnologiýalar, sanlylaşdyrma, ulag-logistika we
ynsanperwer hyzmatdaşlyk ugurlarynda täze mümkinçilikleri ara alyp
maslahatlaşmakdan ybaratdyr.
Çäräniň
çäklerinde türkmen we hytaý işewürleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola
goýmak, bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşmak, maýa goýum
mümkinçiliklerini öwrenmek hem-de G2G, B2G we B2B görnüşindäki duşuşyklary
geçirmek göz öňünde tutulýär. Şeýle hem gatnaşyjylara Hytaýyň öňdebaryjy
kompaniýalarynyň we önümçilik desgalarynyň işi bilen tanyşmaga mümkinçilik
döreder.
Bu
forum iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejä
çykarmaga, özara söwda dolanyşygyny artdyrmaga we geljegi uly bilelikdäki
başlangyçlary durmuşa geçirmäge gönükdirilen möhüm halkara meýdançadyr. Ol
Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak we halkara
işewür hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmek boýunça alyp barýan işlerine mynasyp
goşant goşar.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.