Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri

05.10.2026
29

         2026-njy ýylyň 10-12-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Saglygy goraýyş, bilim we sport – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahaty geçiriler.

         Möhüm halkara ähmiýetli bu çäre degişli ugurlarda gazanylan üstünlikleri, döwebap ösüşleri we täzeçil tejribeleri giňden tanyşdyrmak bilen bir hatarda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin möhüm meýdança öwrüler.

     Halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynda häzirki zaman tehnologiýalaryny, innowasion çözgütleri hem-de öňdebaryjy tejribeleri ara alyp maslahatlaşmak, özara tejribe alyşmak we geljekki hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek göz öňünde tutulýar.

         Bu halkara forum Türkmenistanyň durmuş ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de täze mümkinçil;ikleri açmak babatda alnyp barylýan giň gerimli işleriň aýdyň beýany bolar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň