PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýolunda

19.10.2023
Card image cap

2023-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Togan Oral bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň duşuşygy geçirildi. Ilki bilen Hormatly Ilçi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygyny möhüm we jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmek, yzygiderli ösdürmek hem-de hil taýdan täze derejelere çykarmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taryhy kökleri asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan iki dostlukly ýurduň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary barada özara pikir alşyldy.

Şeýle hem 2023-nji ýylyň  6-8-nji dekabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň guramaçylyk işleri barada söhbet edildi. 

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň