Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň täze taryhy sahypasy

17.09.2026
51

        2026-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Seul şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň arasynda ilkinji gezek döwlet Baştutanlarynyň derejesinde “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” sammiti geçirildi. Bu ýokary derejeli duşuşyk Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň başlanandygyny alamatlandyrýan möhüm halkara çäreleriň biri boldy.

         Sammitiň dowamynda sebitara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşylyp, söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika, energetika, sanly tehnologiýalar, ylym-bilim, innowasiýalar we beýleki ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

         Ýokary derejeli bu taryhy duşuşyga Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Türkmen wekilleriniň gatnaşmagy ýurdumyzyň işewür toparlarynyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, täze mümkinçilikleri öwrenmäge we özara bähbitli gatnaşyklary iş ýüzünde has-da pugtalandyrmaga berýän aýratyn ähmiýetiniň aýdyň beýany boldy.

         Sammit Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açmak bilen bir hatarda, sebitde ykdysady ösüşi, tehnologik hyzmatdaşlygy we işewür gatnaşyklary ilerletmäge gönükdirilen täze başlangyçlar üçin möhüm meýdança öwrüldi.

         Şeýlelikde, ilkinji “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” sammiti iki sebitiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy döwlet Baştutanlarynyň derejesine çykaran, özara ynanyşmagy we köpugurly gatnaşyklary has-da berkitmäge gönükdirilen möhüm taryhy waka hökmünde aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň