Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Halkara ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen işewür duşuşyk

17.10.2026
33

    2026-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda Aşgabat şäherindäki “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen Hindistanyň ykdysadyýetine bagyşlanan ýörite tanyşdyryş çäresi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

         Çäräniň esasy maksady iki ýurduň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmek, işewür hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek hem-de türkmen we hindi telekeçileriň arasynda göni gatnaşyklary giňeltmekden ybarat boldy.

         Tanyşdyryş çäresi Hindistanyň ykdysady mümkinçilikleri, onuň dürli pudaklarda gazanan tejribesi we halkara bazarlardaky orny bilen tanyşmaga, şeýle hem türkmen telekeçileri üçin täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine garamaga şert döretdi. Şeýle duşuşyklar iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmakda, tejribe alyşmagy işjeňleşdirmekde we bilelikdäki başlangyçlary ilerletmekde möhüm ähmiýete eýedir.

         Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, eksport-import amallaryny giňeltmek we telekeçilik ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak häzirki döwrüň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, işewür duşuşyklaryň we tanyşdyryş çäreleriniň geçirilmegi täze maýa goýum mümkinçiliklerini öwrenmäge, ykdysady hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge hem-de iki ýurduň telekeçileriniň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam berýär.

         Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň şeýle halkara işewürlik çärelerine gatnaşmagy ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini ilerletmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak we milli telekeçiligiň halkara ykdysady giňişligindäki ornuny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhüm bölegidir.

         Hindistanyň ykdysadyýetine bagyşalanan bu tanyşdyryş çäresi Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda özara bahbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, täze işewürlik mümkinçiliklerini açmak we uzak möhletleýin ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň