18.09.2026
2026-njy ýylyň 18-nji
sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň
35 ýyllygy mynasybetli geçirilýän Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň
sergisi şu gün hem köpçüligiň ünsüni özüne çekip, öz işini dowam etdirýär.
Sergi
meýdançalarynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda gazanylýan
üstünlikler, döwrebap önümçilikler, innowasion çözgütler we milli önümler täze
öwüşginde görkezilýär.
Serginiň her bir
diwarlygy döredijiligiň, zähmetiň we ösüşiň özboluşly beýany bolup, Garaşsyzlyk
ýyllarynda kemala gelen ykdysady kuwwatyň giň mümkinçiliklerini şöhlelendirýär.
Şu
günki sergi hem diňe bir gazanylan netijeleriň görkezilişi bolman, eýsem täze
pikirleriň, işewür gatnaşyklaryň we geljekki mümkinçilikleriň özboluşly duşuşyk
meýdançasyna öwrülýär.
Sergi dowam edýär.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.