08.10.2026
“Awaza” milli
syýahatçylyk zolagynda geçirilýän halkara çäreler ykdysady we işewür
hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açýan giň gerimli çäreler bilen utgaşýar.
Şol çäreleriň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna
agza döwletleriň we Eýran Yslam Respublikasynyň sergisi aýratyn ähmiýete eýe
bolýar.
2026-njy
ýylyň 7-9-njy oktýabry aralygynda “Awaza” sport toplumynyň sergi meýdançasynda
ýaýbaňlandyrylan bu halkara sergi dürli döwletleriň ykdysady, söwda, önümçilik
we maýa goýum mümkinçiliklerini giňden tanyşdyrýan, özara bähbitli hyzmatdaşlygy
ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýan möhüm işewürlik meýdançasyna öwrüldi.
Sergide
Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus
Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň,
Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we
Özbegistan Respublikasynyň milli diwarlyklary ýerleşdirildi.
Milli
pawilýonlarda gatnaşyjy döwletleriň ykdysady kuwwaty, önümçilik
mümkinçilikleri, häzirki zaman önümleri we hyzmatlary, maýa goýum ugurlary,
şeýle hem halkara bazarlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi uly
mümkinçilikleri giňden tanyşdyrylýar.
Bu
iri halkara serginiň guramaçylyk taýdan ýokary derejede geçirilmeginde
Türkmenistayň Söwda-senagat edarasynyň hem möhüm orny bardyr. Edara sergä
gatnaşyjy döwletleriň we işewür toparlaryň arasynda netijeli gatnaşyklary
ösdürmäge, täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ýüze çykarmaga hem-de özara
bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da pugatalandyrmaga gönükdirilen
işleri alyp barýar.
Serginiň
giň mazmuny dürli ýurtlaryň işewür toparlaryny bir meýdançada jemläp, täze
hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga, bar bolan işewür gatnaşyklary has-da
pugtalandyrmaga we geljekki bilelikdäki taslamalaryň mümkinçiliklerini ara alyp
maslahatlaşmaga giň şert döredýär.
Şeýle
hem sergide häzirki zaman önümçiliginiň gazananlaryny, innowasion çemeleşmeler
we ykdysady ösüşiň täze ugurlary öz beýanyny tapýar. Görkezilýän önümler we
tanyşdyryş maglumatlary gatnaşyjy döwletleriň dürli pudaklardaky
mümkinçiliklerini, önümçilik kuwwatyny we täze bazarlara çykmak babatda öňde
goýýan maksatlaryny şöhlelendirýär.
Halkara
çäreleriň çäklerinde geçirilýän bu sergi döwletleriň arasynda dostlukly we
özara bähbitli gatnaşyklary has-da ösdürmäge, täze ykdysady mümkinçilikleri
ýüze çykarmaga, işewür hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge hem-de
halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da giňeltmäge möhüm itergi berýär.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.