Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

“Awaza” halkara ykdysady hyzmatdaşlygyň we işewür dialogyň möhüm merkezi

03.10.2026
36

       2026-njy ýylyň 7 – 9-njy oktýabry aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlaryň we Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde halkara ähmiýetli çäreler geçiriler. Şol çäreleriň hatarynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň we Eýran Yslam Respublikasynyň sergisi aýratyn orun eýelär.

         Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary giňeltmek we sebitde söwda-ykdysady integrasiýany pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan giň gerimli işleriniň möhüm beýany boljak bu sergi gatnaşyjy döwletleriň ykdysady kuwwatyny, senagat we önümçilik mümkinçiliklerini, eksport ugurlaryny hem-de innowasion ösüşlerini giňden tanyşdyrmaga gönükdirilendir. Çäräniň guramaçylyk işlerine Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy jogapkärçilik çekýärler.

         Sergi dürli ýurtlaryň ykdysady gazananlaryny we önümçilik mümkinçiliklerini görkezmek bilen bir hatarda, halkara işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek, täze söwda gatnaşyklary ýola goýmak hem-de özara bähbitli maýa goýum taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolup çykyş eder.

         Onuň çäklerinde işewür toparlaryň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, eksport-import amallaryny giňeltmek, täze bazarlara çykmak we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemek üçin giň mümkinçilikler açylar. Bu bolsa gatnaşyjy döwletleriň arasynda ykdysady gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga, işewürlik gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmäge ýardam berer.

         Türkmenistanyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki işjeň orny, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary şeýle iri halkara çäreleriň ähmiýetini has-da artdyrýar. Sergi ýurdumyzyň ykdysady diplomatiýasynyň, açyk we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň hem-de halkara işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge bolan ygrarlygynyň aýdyň beýany bolar.

         “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek bu halkara sergi döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak, ykdysady hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açmak we sebitde durnukly ösüşe goşant goşmak bilen birlikde, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyň möhüm merkezleriniň biri hökmünde eýeleýän ornuny has-da berkitmäge hyzmat eder.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň