30.10.2026
2026-njy ýylyň 3 – 5-nji
noýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriljek
“Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly
Halkara sergi we ylmy maslahaty – CIET 2026 ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny halkara derejesinde
giňden tanyşdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary we maýa goýumlaryny çekmek
babatda möhüm ähmiýete eýedir.
Halkara
çäräniň esasy aýratynlygy ykdysadyýetiň strategik ugurlaryny özara baglanyşykda
ösdürmek, täze önümçilik mümkinçiliklerini açmak we halkara işewür
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen şertlendirilýär. Gurluşyk, senagat, himiýa,
energetika we infrastruktura ulgamlaryndaky mümkinçilikleriň giňden
görkezilmegi ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny dünýä
jemgyýetçiligine ýetirmäge ýardam eder.
Çäräniň çäklerinde
göz öňünde tutulýan halkara maslahatlar, sergi tanyşdyrylyşlary we işewürlik
duşuşyklary täze taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga, öňdebaryjy tejribeleri
öwrenmäge hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik
döreder. Hususan-da, B2B we B2G görnüşindäki işewür gatnaşyklary ösdürmek, maýa
goýum mümkinçiliklerini öwrenmek we tehnologik hyzmatdaşlygy giňeltmek möhüm
ähmiýete eýe bolar.
Häzirki
wagtda senagat önümçiligini döwrebaplaşdyrmak, innowasion çözgütleri
ornaşdyrmak we milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak
durnukly ösüşiň möhüm şertleridir. Şu nukdaýnazardan, Aşgabatda geçiriljek
halkara sergi we maslahat milli mümkinçilikleri dünýäniň öňdebaryjy tejribesi
bilen utgaşdyrýan, täze başlangyçlara ýol açýan netijeli işewürlik meýdançasy
hökmünde çykyş eder.
CIET 2026 halkara serginiň myhmany bolmaga
çagyrýarys!
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.