10.10.2026
2026-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Saglygy goraýyş we derman senagaty
işgärleriniň gününe bagyşlanan “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahat
öz işine başlady.
Saglygy
goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleri, Türkmenistanyň Bedenterbiýe
we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy
tarapyndan bilelikde guralan çärä Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary,
diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn
edaralaryň wekilleri, alymlar we hünärmenler gatnaşdylar.
Serginiň
açylyş dabarasy döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Gatnaşyjylar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bu halkara çärä gatnaşyjylara
iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.
Halkara
sergide saglygy goraýyş, derman senagaty, bilim we sport ulgamlarynda gazanylan
üstünlikler, döwrebap tehnologiýalar hem-de innowasion çözgütler görkezilýär. Ylmy
maslahatlarda lukmançylygyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak, sanly
tehnologiýalardan peýdalanmak we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine
aýratyn üns berilýär.
10
– 12-nji oktýabr aralygynda dowam etjek halkara çäre tejribe alyşmak, täze
hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak we ylmy-tehnologik ösüşi ilerletmek
üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär.
Bu
halkara sergi Türkmenistanyň saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlaryny
ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş
derejesini ýokarlandyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň aýdyň beýanydyr.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.