PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler

14.11.2023
Card image cap

Häzirki wagtda 2023-nji ýylyň 17-19-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisini guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Bu ýöriteleşdirilen sergä Eýran Yslam Respublikasyndan ýüze golaý kompaniýanyň gatnaşmagyna garaşylýar. Esasan gurluşyk we gurluşyk önümleri, tehniki we inženerçilik hyzmatlary, suw hojalygy, energetika, nebit-gaz we nebithimiýa, bilim hem-de söwda ugurlary boýunça işleýän kompaniýalar ellä golaý pawilýonlarda öz sergilik diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrarlar.

Şeýle hem 18-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda türkmen-eýran işewürler maslahatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň we eýran tarapynyň işewürleriniň arasynda geljekde ýakyn hyzmatdaşlyk saklamak üçin  birnäçe resminamalara gol çekilmegine garaşylýar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy. 


Bulary hem okaň