Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Ak mermerli paýtagtymyzda ilkinji gezek Azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Türkmenistan ─ 2023» atly halkara sergisi geçiriler

15.11.2023
Card image cap

2023-nji ýylyň 28- 30-njy noýabry aralygynda ak mermerli Aşgabatda ilkinji gezek  Azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Türkmenistan ─ 2023» atly halkara sergisi geçiriler.  Bu halkara sergisini Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýäniň «Sofuar» kompaniýasy  bilelikde guraýar.  

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap binasynda geçiriljek bu gözden geçirilişde milli ykdysadyýetimiziň innowasiýalara esaslanýan ösüş ýolunda gazanan ägirt uly sepgitleri, şeýle hem daşary ýurtly enjamlary öndürijileriň öňdebaryjy tejribeleri we işläp taýýarlamalary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik dörediler.

Bu halkara sergide Azerbaýjanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Moldowanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we beýleki onlarça daşary ýurtlaryň degişli pudaklarynyň kompaniýalary bilen bir hatarda Türkmenistandan hem bu ugurlarda iş alyp barýan köpsanly telekeçiler we kompaniýalar azyk önümçiliginiň enjamlary, gaplama önümleri we gaplama enjamlary, azyk önümleri we iýmit goşundylary, çörek we çörek önümleriniň tehnologiýalary, däne saklaýyş we degirmen ulgamlary, ýyladyşhana, bagçylyk we tokaýçylyk ugurlary, guşçulyk we maldarçylyk üçin niýetlenen enjamlar, oba hojalyk önümleri, tohumlar we dökünler, suwaryş ulgamlary ýaly ugurlar boýunça öz hyzmatlaryny we önümlerini hödürlärler.

 Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň