Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Hytaý
Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy.
Döwlet
Baştutanymyz we HHR-iň Başlygy mähirli salamlaşyp, “Merkezi Aziýa — Hytaý”
sammitiniň çäklerinde duşuşmaga we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny
ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
Si
Szinpin Hytaýda Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara we özara
bähbitli strategik hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini belläp, şu gezekki
duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigini aýtdy
hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny,
iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Hormatly
Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Gahryman
Arkadagymyzyň HHR-iň Başlygy Si Szinpine iberen mähirli salamyny ýetirdi we
ýokary derejedäki şeýle duşuşyklaryň döwletara gatnaşyklaryň ýyl ýazgysynda
hemişe möhüm we ähmiýetli wakadygyny belledi. Bu duşuşyklarda biz ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň barşy we halkara meseleler barada pikir alyşýarys. Şeýle dialog
ýurtlarymyzyň arasynda ýyl-ýyldan pugtalanyp, täze ugurlary öz içine alýan
strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär diýip,
döwlet Baştutanymyz sözüniň üstüni ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz Hytaýyň
Türkmenistan üçin wagtyň synagyndan geçen ygtybarly hyzmatdaşdygyny, dünýä we
sebit gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň gabat
gelýändigini aýtdy. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň esasyny dostluk,
deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgeleri, berk taryhy binýat, umumy ruhy
we ahlak gymmatlyklary düzýär.
Bellenilişi
ýaly, dünýä giňişliginde Türkmenistan hem-de Hytaý parahatçylyk, durnuklylyk,
Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň düzgünleriniň berjaý edilmegi
ugrunda tagallalary birleşdirýärler. Türkmenistan hytaý tarapynyň öz Bitaraplyk
hukuk derejesine hem-de sebit howpsuzlygy, energetika, ulag hyzmatdaşlygy,
ekologiýa ulgamlarynda öňe sürýän başlangyçlaryna goldawyna ýokary baha berýär.
Öz gezeginde, biziň ýurdumyz hem Hytaýyň başlangyçlaryny goldaýar.
Duşuşygyň
dowamynda söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky
ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy.
Türkmenistan hem-de Hytaý köp ýyllaryň dowamynda ýangyç-energetika ulgamynda,
hususan-da, türkmen tebigy gazyny dostlukly ýurda eksport etmek boýunça
hyzmatdaşlyk edip gelýärler. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler bu ugruň
strategik häsiýete eýedigini hem-de ony özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk
esasynda mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar. Türkmenistan
söwda we ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegi ugrunda çykyş edýär. Şunda dokma
senagaty, demir ýol ulagy, oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek
üçin giň mümkinçilikleriň bardygy tassyklanyldy.
Ulag
ulgamyndaky gatnaşyklara-da aýratyn üns çekildi. Söhbetdeşler durnukly sebitara
üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidir.
Ýurtlarymyz ylym-bilim, medeniýet, sungat ulgamlarynda işjeň hyzmatdaşlyk
edýärler. Munuň özi halklarymyzy ýakynlaşdyrmaga we medeniýetleri özara
baýlaşdyrmaga ýardam berýär.
Söhbetdeşler
halkara giňişlikdäki özara gatnaşyklaryň meseleleri boýunça hem pikir
alyşdylar. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda Ählumumy
howpsuzlyk strategiýasyny döretmek başlangyjyna ünsi çekdi. Türkmen tarapynyň
garaýşyna görä, bu strategiýada ösüp barýan ýurtlaryň häzirki zaman dünýä
gatnaşyklarynda eýeleýän ornuna, parahatçylyk döredijilik işinde öňüni alyş
diplomatiýasynyň we bitaraplyk ýörelgeleriniň ulanylmagyna üns çekilmelidir.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30
ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara forumda bu meseläniň ara alnyp
maslahatlaşyljakdygyna ynam bildirdi.
HHR-iň
Başlygy hytaý tarapynyň Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygyň,
durnukly ösüşiň bähbidine öňe sürýän netijeli başlangyçlaryny goldaýandygyny
nygtady. Si Szinpin ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy
tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan
edilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady we
hormatly Prezidentimizi Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitine
gatnaşmaga çagyrdy.
Pursatdan
peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz HHR-iň Başlygyny özi üçin amatly wagtda
ýurdumyza sapar bilen gelmäge çagyrdy. Şeýle hem söhbetdeşler “Merkezi Aziýa —
Hytaý” formatynyň halkara hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşleriniň biridigini
bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Başlyk Si Szinpin şeýle formatdaky birinji
sammitde hormatly Prezidentimiziň beýan eden teklipleriniň ähmiýetini nygtady.
Duşuşygyň
ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Hytaý Halk
Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin özara bähbitli hyzmatdaşlygyň iki dostlukly
döwletiň we olaryň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam
bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Duşuşyk
tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiziň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň
Başlygynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk
Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda
Ylalaşygy yglan etmek dabarasy boldy.
tdh.gov