Düýn türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
guramaçylyk döwlet toparynyň şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza»
milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge bagyşlanan
maslahatyny geçirdi. Onda halkara maslahaty we onuň çäklerinde guraljak ugurdaş
çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen bagly meselelere
seredildi hem-de şu wagta çenli bu ugurda ýerine ýetirilen işlere baha berlip,
öňde duran wezipeler kesgitlenildi. Maslahata Hökümet agzalary,
ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Gahryman
Arkadagymyz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda bu iri halkara
çärä taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn
dolandyryş edaralary tarapyndan degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Bellenilişi
ýaly, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan
edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli
çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň
yzygiderli mejlislerinde agzalan halkara maslahata degişli soraglaryň hem giň
toplumy ara alnyp maslahatlaşylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň şu ýylyň 11-nji
aprelinde geçirilen 63-nji plenar mejlisinde bu maslahatyň ýurdumyzda
geçirilmegi bilen bagly degişli Kararnamanyň kabul edilendigini we dünýäniň 57
döwletiniň şol resminamanyň awtordaşy hökmünde çykyş edendigini nygtady. Şunuň
bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 4-nji iýulynda hormatly
Prezidentimiziň «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp
barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol
çekendigi we onda bu maslahaty hem-de onuň çäklerindäki ugurdaş çäreleri ýokary
guramaçylyk derejesinde geçirmegiň bellenilendigini aýtdy. Şeýle hem Karary
ýerine ýetirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler
Guramasynyň arasynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça
üçünji maslahaty geçirmek babatda ylalaşmalar hakynda Ylalaşygyň taslamasynyň
işlenip taýýarlanylandygy we bu resminama Türkmenistanyň daşary syýasat
edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilendigi bellenildi.
Milli
Liderimiz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde
guramagynda geçiriljek bu halkara forumyň çäklerinde syýasy-diplomatik,
söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň geçirilmeginiň
göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.
Bellenilişi
ýaly, bäş günläp dowam etjek çärelere deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
ýurtlaryň düzümine girýän 32 döwletiň hem-de BMG-niň gyzyklanma bildirýän
beýleki agza ýurtlarynyň döwlet hem-de hökümet Baştutanlarynyň, Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň gatnaşmagyna
garaşylýar. Şeýle hem birnäçe halkara, sebit guramalarynyň, kanun çykaryjy
edaralaryň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de hususy
pudagyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gelmegi meýilleşdirilýär.
Geçiriljek
bu çäreler toplumy jemi 7 sany esasy ugry: halkara maslahatyň açylyş we ýapylyş
dabaralaryny hem-de plenar mejlislerini; ýokary derejedäki tematik «tegelek
stollary» (5 sany); ýokary derejedäki 7 sany forumy, ýagny Günorta-Günorta
hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygyny, parlament forumyny, hususy pudagyň
forumyny, raýat jemgyýetiniň forumyny, ýaşlar forumyny, zenan ýolbaşçylaryň
duşuşygyny, arabaglanyşyk boýunça çäräni, şeýle-de maslahata gatnaşýan
döwletler hem-de halkara guramalar we edaralar tarapyndan geçiriljek çäreleri,
şol sanda türkmen tarapynyň ýerüsti ulag we arabaglanyşyk, Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly, ýaşlar syýasaty, durnukly energetika, sirkulýar ykdysadyýet
bilen baglanyşykly gurajak ugurdaş çärelerini; maslahatyň we ugurdaş çäreleriň
geçiriljek binalarynda guraljak tematik sergileri, şol sanda türkmen tarapynyň
gurajak sergilerini; Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günlerini we onuň
çäklerinde guraljak medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konsertini;
Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan maslahata gatnaşyjylaryň hormatyna guraljak
resmi nahary öz içine alýar.
Soňra
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk
ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny we onuň çäklerinde geçiriljek
çäreler toplumyny ýokary derejede, talabalaýyk guramak boýunça öňde durýan
wezipeleri we ýerine ýetirilmeli işleri kesgitledi. Türkmen halkynyň Milli
Lideri hormatly Prezidentimiziň Kararyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine
ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy; Türkmenistanyň Hökümeti bilen
Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda,
türkmen tarapynyň halkara forumyň maksatnamasyny üpjün etmegi; daşary ýurtly
myhmanlaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatynyň
wekilleriniň ýurdumyza gelmeginiň meýilleşdirilýändigini göz öňünde tutup,
Türkmenbaşy şäherinde, Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde we «Awaza» milli
syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan gurluşyk-gurnama, abadanlaşdyrmak,
abatlamak, arassalamak we gök zolaklara ideg etmek işlerini ýakyn günlerde tamamlamagy;
Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariaty bilen bilelikde halkara maslahatyň
açylyş we ýapylyş dabarasynyň maksatnamasyny taýýarlamagy; ýokary derejedäki
tematik «tegelek stol» mejlislerine we foruma gatnaşjak türkmen wekiliýetiniň
düzümini kesgitlemegi hem-de degişli teklipleri bermegi; türkmen tarapyndan
guraljak ugurdaş çäreleriň gysgaça konsepsiýasyny we maksatnamasyny
taýýarlamagy, olaryň Birleşen Milletler Guramasynyň üsti bilen hasaba
alynmagyny üpjün etmegi; maslahatyň we ugurdaş çäreleriň geçirilýän binalarynda
türkmen tarapynyň gurajak sergileriniň sanawyny hem-de görnüşlerini
kesgitlemegi we olara jogapkär hökmünde ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasyny
bellemegi; Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleriniň çäklerinde guraljak
medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konsertiniň konsepsiýasyny we
maksatnamasyny taýýarlamagy hem-de olaryň Birleşen Milletler Guramasynyň üsti
bilen hasaba alynmagyny üpjün etmegi, milli günler bilen bagly çärelere
jogapkär hökmünde Türkmenistanyň Medeniýet hem-de Söwda we daşary ykdysady
aragatnaşyklar ministrliklerini bellemegi umumy meseleleriň hatarynda
kesgitledi.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy myhmanlaryň howa menzilinde türkmen halkynyň
myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşylanylmagyny üpjün etmegi, wekiliýet
ýolbaşçylaryny howa menzilinde garşylajak Türkmenistanyň resmi wekillerini
kesgitlemegi we bu ugurda degişli teklipleri bermegi, myhmanlary garşylamak
üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň welaýatlardaky wekilhanalary
bilen welaýat häkimlikleri tarapyndan degişli guramaçylyk işlerini geçirmegi
möhüm meseleleriň hatarynda görkezdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz şäher
bezeginiň we çäräniň dowamynda ulanyljak köçeleriň abadanlaşdyrylmagynyň üpjün
edilmegini, çäreleriň geçirilýän döwründe ulanyljak köçeleriň ugrunda we
döwrebap enjamlarda görkeziljek şygarlardyr şekilleri kesgitlemegi, degişli
köçeleri abadanlaşdyrmak we bezeg işlerini geçirmegi, yşyklandyryşy aýratyn
gözegçilikde saklamagy şäher bezegi bilen baglanyşykly meseleleriň hatarynda
belledi.
Galyberse-de,
daşary ýurtly wekiliýetleri myhmanhanalarda ýerleşdirmegiň tertibine aýratyn
üns bermegiň, myhmanhanalarda daşary ýurtly myhmanlara ýokary derejede hyzmat
etmek üçin zerur şertleri döretmegiň, olarda lukmançylyk we söwda nokatlarynyň
talabalaýyk işlemegini üpjün etmegiň zerurdygy aýdyldy. Türkmen halkynyň Milli
Lideri ulag üpjünçiligi baradaky meselä ünsi çekip, çäreleriň geçirilýän
döwründe ulaglaryň netijeli we talabalaýyk ulanylmagyna aýratyn üns bermegiň,
bu ugurda ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan degişli
taýýarlyk işlerini geçirmegiň, çäräniň dowamynda ulanyljak ähli ulag
serişdeleriniň tehniki ýagdaýynyň gözden geçirilmegini we talabalaýyk bolmagyny
üpjün etmegiň, «Tiz kömek» awtoulaglarynyň nobatçylyk etmek meselesine
seretmegiň, awtobus gatnawlarynyň rejeli ýola goýulmagy bilen bagly bitewi
ulgamyň işlenip düzülmeginiň wajypdygyny aýtdy.
Hormatly
Arkadagymyz halkara maslahata gatnaşjak wekiliýetler üçin olaryň ýaşajak we
çäreleriň geçiriljek ýerlerinde iýmit üpjünçiligi meselesini üns merkezinde
saklamagy Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi,
Söwda-senagat edarasy we Azyk senagaty döwlet birleşigi bilen bilelikde bu
ugurda degişli taýýarlyk-guramaçylyk işlerini geçirmegi hem möhüm wezipeleriň
hatarynda kesgitledi. Şeýle-de çäreleriň geçirilýän döwründe ýokary derejede
lukmançylyk hyzmatlaryny üpjün etmegiň zerurdygy aýdyldy. Gahryman Arkadagymyz
jemgyýetçilik tertip-düzgüni we howpsuzlyk meseleleri barada aýdyp, çäreleriň
geçirilýän döwründe Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan
jemgyýetçilik tertip-düzgüniniň, howpsuzlygyň berjaý edilmeginiň gözegçilikde
saklanylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi.
Soňra
türkmen halkynyň Milli Lideri maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, ýokarda beýan
edilenlerden ugur alyp hem-de çäreleriň başlamagyna sanlyja günüň galandygyny
göz öňünde tutup, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen
Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça
üçünji maslahatyny üstünlikli geçirmek üçin alnyp barylýan
taýýarlyk-guramaçylyk işleriniň depginini güýçlendirmegiň möhümdigini,
ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň bu
ugurda ähli tagallalary etmeginiň zerurdygyny aýtdy.
Soňra
Gahryman Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler
ministri R.Meredowa söz berdi. Ol çykyşynyň başynda BMG-niň Deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahatyny guramaçylykly
geçirmek babatda beren maslahatlary üçin Milli Liderimize tüýs ýürekden
hoşallyk bildirdi hem-de hormatly Prezidentimiziň halkara maslahaty
guramaçylykly geçirmek boýunça gol çeken degişli Kararyndan gelip çykýan
wezipeleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi, “tegelek stol” maslahatlarynyň
guramaçylykly geçirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna
ynandyrdy.
Şeýle
hem hormatly Prezidentimiziň degişli Karary esasynda ýakynda Türkmenistanyň
Hökümeti bilen BMG-niň arasynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar
boýunça üçünji maslahaty geçirmek babatda ylalaşmalar babatda Ylalaşyga gol
çekilendigi aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, resminamadan gelip çykýan
wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň
ediljekdigi bellenildi. Mundan başga-da, çykyşda halkara forumyň dolandyryş
binasynyň işini, meýletinçileri taýýarlamagyň derejesi barada maglumatlar
berildi.
Halk
Maslahatynyň Başlygy BMG-niň Sekretariaty bilen bilelikde halkara maslahatyň
açylyş-ýapylyş dabarasynyň maksatnamasyny, türkmen tarapyndan guraljak
çäreleriň konsepsiýasyny işläp düzmek we olaryň BMG-niň üsti bilen hasaba
alynmagyny üpjün etmek babatda birnäçe degişli maslahatlaryny berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow çykyş edip, halkara
forumy guramaçylykly geçirmek we bu ugra degişli meseleleri ýokary derejede
ýerine ýetirmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama barada giňişleýin
maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, maslahatyň çäklerinde guraljak çäreleriň
hemmetaraplaýyn häzirki zaman talaplaryna we halkara görkezijilere laýyk
gelmegi ugrunda ähli zerur tagallalar ediler.
Gahryman
Arkadagymyz meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylykly geçirilmegine degişli
düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini aýtdy. Şunda myhmanlary
ýokary derejede garşylamak we maslahatyň işini talabalaýyk guramak boýunça
bilelikdäki tagallalar zerurdyr.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow häzirki döwürde “Awaza” milli
syýahatçylyk zolagynyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk we abatlaýyş işleriniň
ýagdaýy barada maglumat berdi. Şunda syýahatçylyk zolagynyň awtomobil
ýollarynyň abadanlaşdyrylmagyna, olarda ähli zerur mümkinçilikleriň
döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Milli
Liderimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerini abadanlaşdyrmak we
alnyp barylýan gurluşyk işlerini ýokary hilli hem-de öz wagtynda ýerine
ýetirmek meselelerine zerur üns berilmelidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda,
Gahryman Arkadagymyz bu babatda hiç bir işiň ünsden düşürilmeli däldigini
belledi.
Maslahatyň
dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa çykyş edip,
halkara forumyň medeni maksatnamasy we onuň çäklerinde guraljak çärelere
görülýän taýýarlyk işleri barada maglumat berdi.
Gahryman
Arkadagymyz halkara maslahaty giňden beýan etmäge toplumlaýyn esasda
çemeleşilmelidigini belledi hem-de häzirki döwürde ýurdumyzyň köpçülikleýin
habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň bu işleri döwrebap
guramaýandyklaryny aýtdy we olaryň alyp barýan işlerini häzirki zamanyň
talaplaryna laýyk derejede guramagynyň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem Milli
Liderimiz forumyň çäklerinde guraljak medeni-ynsanperwer çäreleriň, aýratyn-da,
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleriniň hormatyna guraljak dostluk
konsertiniň, milli tagamlaryň festiwalynyň guramaçylyk derejesine möhüm ähmiýet
berilmelidigini belledi we bu babatda öz maslahatlaryny berdi.
Gahryman
Arkadagymyz maslahaty jemläp, hemmelere berk jan saglygyny, maşgala
abadançylygyny we alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de täze zähmet
üstünliklerini arzuw etdi.
***
BMG-niň
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna
görülýän taýýarlyk, guramaçylyk işlerine bagyşlanan maslahat tamamlanandan
soňra, Gahryman Arkadagymyz halkara çärelere gatnaşjak meýletinçiler üçin
niýetlenen lybaslary synlady.
Milli
Liderimiz meýletinçileriň lybaslarynyň häzirki zaman talaplaryna we bu künjegiň
tebigy howa şertlerine kybap gelmelidigini belledi. Şeýle hem lybaslaryň bezeg
serişdeleri, ýazgylary göze gelüwli bolmalydyr. Şol bir wagtyň özünde olaryň
reňk sazlaşygyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Bu ýerde lukmanlar,
teleoperatorlar, hyzmat ulgamyna degişli beýleki işgärler üçin niýetlenen
lybaslaryň taýýarlanylmagyna hem şu talaplar bildirilýär. Gahryman Arkadagymyz
olara birnäçe belliklerini aýdyp, lybaslaryň has-da kämilleşdirilmelidigine
ünsi çekdi.
Soňra
Milli Liderimiz binanyň daşyna çykyp, halkara maslahatyň geçiriljek günlerinde
ýolagçy awtobuslarynda ýerleşdiriljek ýazgylaryň we şygarlaryň görnüşleri bilen
tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýazgylaryň halkara forumyň ruhuna laýyk
gelmelidigini we olarda şanly wakalaryň taryhy ähmiýetiniň öz beýanyny
tapmalydygyny aýtdy.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylykly geçirilmeginde hemmelere
üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
tdh.gov