Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.
Mejlisde
şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine
ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly
meselelere seredildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir
ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.
Ministrler
Kabinetiniň giňişleýin mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag
şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we
žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.
Ilki
bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň
alty aýynda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, durmuşa geçirilen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, hasabat döwründe
jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1
göterime, gurluşykda 5,1 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,8 göterime,
söwdada 9,9 göterime, oba hojalygynda 4,5 göterime we hyzmatlar ulgamynda 8,6
göterime deň boldy. Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda, 2024-nji ýylyň degişli
döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,9 göterim artdy.
Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy.
Şu
ýylyň alty aýynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw
haryt dolanyşygy 12,7 göterim, daşary söwda dolanyşygy 2,9 göterim ýokarlandy.
Ýurdumyzyň
iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 2024-nji ýylyň degişli
döwrüne görä, 11,4 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek
pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli
çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2024-nji
ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 15,6 göterim artdy.
Şeýle
hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada
hasabat berildi.
Mejlisiň
dowamynda wise-premýer «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň,
etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli
maksatnamasynyň» rejelenen görnüşdäki taslamasy barada hasabat berdi. Bu
resminama laýyklykda, 2025 — 2028-nji ýyllarda durmuş-medeni maksatly binalary
we desgalary, ýaşaýyş jaýlaryny, inženerçilik ulgamlaryny gurmak we hereket
edýänleriniň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar.
Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy
hödürlenildi.
Soňra
maliýe we ykdysadyýet ministri M.Astanagulow şu ýylyň birinji ýarymynda Döwlet
býujetiniň ýerine ýetirilişi, özleşdirilen maýa goýumlaryň görkezijileri hem-de
Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, alty aýyň netijeleri boýunça baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi
101,5 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,6 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat
döwründe ýerli býujetleriň girdeji bölegi 102,6 göterim, çykdajy bölegi bolsa
98,5 göterim berjaý edildi.
Şu
ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda balans toparlarynyň jemi 63 mejlisi, şol sanda
sebitlerdäki balans toparlarynyň 54 mejlisi geçirildi. Olaryň barşynda
ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de olaryň garamagyndaky
edara-kärhanalaryň maliýe-hojalyk işleriniň netijelerine seredilip, olaryň
önümçilik kuwwatlyklarynyň ulanylyşy, maliýe-ykdysady görkezijileri we maýa
goýumlaryň özleşdirilişi boýunça seljerme işleri geçirildi.
Hasabat
döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi
ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi jemi içerki önümiň 17,7
göterimine deň boldy. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 44,8 göterimi
önümçilik hem-de 55,2 göterimi durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna
gönükdirildi.
Şeýle
hem Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.
Statistika
baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow ministrlikler we
pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan şu ýylyň alty aýynda meýilnamalaryň
ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, 2025-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynyň netijeleri boýunça senagat
ulgamynda durnukly ösüş üpjün edildi. Hususan-da, 38 milliard 991,4 million kub
metr tebigy gaz, 4 million 91,5 müň tonna nebit çykaryldy. 2024-nji ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, dizel ýangyjynyň öndürilişi 5,1 göterim,
benziniň öndürilişi 2,8 göterim, mazudyň öndürilişi 13,6 göterim, nebit
bitumynyň öndürilişi 9,2 göterim, sementiň öndürilişi 50 göterim, armaturyň,
demir önümleriniň dürli görnüşleriniň öndürilişi 58,4 göterim, süýji-köke
önümleriniň öndürilişi 6 göterim, şöhlat önümleriniň öndürilişi 8,6 göterim,
mesge ýagynyň öndürilişi 3,8 göterim, mineral suwlaryň we alkogolsyz içgileriň
öndürilişi 1,3 göterim artdy. Hasabat döwründe nah ýüplükleriň möçberi 22,6
göterim we nah matalaryň möçberi 27,3 göterim artdy.
Ulag
we aragatnaşyk ulgamynda hem oňyn görkezijiler gazanyldy. Ulaglaryň ähli
görnüşleriniň ýük dolanyşygynyň 0,6 göterim we ýolagçy dolanyşygynyň 3,2
göterim artmagy munuň subutnamasydyr. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 20,7
göterim artdy.
Ýurdumyzyň
oba hojalygynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda öndürilen gök önümler,
2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 15,1 göterim, miwe we
ir-iýmişler 2,7 göterim, ýeralma 3,8 göterim, süýt 2 göterim, diri agramdaky
etiň öndürilişi 8,9 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň 6 aýynda ykdysadyýetiň döwlete
dahylsyz böleginde hem oňyn görkezijiler gazanyldy.
Statistika
baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy halkara standartlara laýyk gelýän
statistiki usulyýet esasynda statistiki hasabatlylygy we maglumatlary ýygnamagyň
usullaryny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hem hasabat berdi.
Soňra
Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow 2025-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp
barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň birinji
ýarymynda ýurdumyzyň banklary tarapyndan hususy ulgama berlen karzlaryň umumy
möçberi 19 göterim artdy. Şunuň bilen bir hatarda, oba hojalyk önümlerini
öndürijilere tehnikalary we enjamlary satyn almak üçin berlen karz
serişdeleriniň galyndysy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 26,9
göterim artdy.
2025-nji
ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna
laýyklykda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda
raýatlara gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin berlen ipoteka karzlarynyň
görkezijisi 20,2 göterim artdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, milli ykdysadyýetimiziň
ähli pudaklarynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri dowam etdirmegiň,
munuň üçin ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan kabul edilen
maksatnamalarda göz öňünde tutulan çäreleriň, öňde goýlan wezipeleriň ýerine
ýetirilişini yzygiderli seljermegiň möhümdigini belledi.
Şunuň
bilen baglylykda, maliýe-ykdysady durnuklylygy üpjün etmek üçin salgytlaryň
doly hem-de wagtynda tölenmegini gazanmak, býujet serişdeleriniň tygşytly we
maksadalaýyk peýdalanylyşyna gözegçiligi güýçlendirmek, şu ýylyň ahyryna çenli
Döwlet býujetiniň girdejiler we çykdajylar bölegini üpjün etmek üçin zerur
çäreleri görmek, geljek ýylyň Döwlet býujetini öz wagtynda düzmegi üpjün etmek,
býujet-salgyt ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek barada tabşyryklar berildi.
Milli
ykdysadyýetiň senagat-innowasion ösüş derejesini has-da ýokarlandyrmak, milli
manadyň hümmetini durnukly saklamaga aýratyn üns bermek, maýa goýum syýasatynyň
netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de milli ykdysadyýete gönükdirilýän maýa
goýumlaryň maliýe çeşmelerini kämilleşdirmegi dowam etmek, banklaryň işiniň
netijeliligini ýokarlandyrmak, halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk
etmek we tejribe alyşmak üçin netijeli işleri durmuşa geçirmek zerurdyr diýip,
döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň
welaýatlarynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak we öňde
goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň
Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap
merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji
ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny tassyklamak
hakynda» Karara gol çekdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzda nebitiň we
gazyň çykarylyşyny artdyrmak hem-de dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny
köpeltmek boýunça 2025-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen
işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Wise-premýer
nebit we gaz kondensatyny çykarmak ulgamynda gazanylan tehniki-ykdysady
görkezijiler barada hasabat berip, hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni
tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasynyň 110 göterim ýerine ýetirilendigini
aýtdy.
Konserniň
nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň
meýilnamasy 109 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe benzin öndürmegiň
meýilnamasy 110,3 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 101,8
göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, çalgy ýaglaryny
öndürmegiň meýilnamasy 116,8 göterim berjaý edildi.
Şeýle
hem suwuklandyrylan gazy öndürmek, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak, mawy
ýangyjy daşary ýurtlara ibermek babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler
barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz
pudagyny ösdürmegiň, tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen
ibermegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz topluma degişli kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin
ylmyň soňky gazananlaryny we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagy dowam
etmegi, geologiýa-gözleg işlerini geçirmek, nebitgaz ýataklaryny gözläp tapmak,
nebiti we gazy çykarmak işlerini yzygiderli kämilleşdirmegi, uglewodorod
serişdelerini we olary gaýtadan işlemekden alynýan önümleri dünýä bazarlaryna
ýerlemek boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegi, nebitgaz toplumynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyryp, bäsdeşlige ukyply we ekologik taýdan
arassa önümleri öndürmegi dowam etmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumynda
şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine
ýetirilen işleriň meýilnamasy 109,2 göterim berjaý edildi.
Gurluşyk
we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň
we hyzmatlaryň meýilnamasy 114 göterim ýerine ýetirildi. Senagat we gurluşyk
önümçiligi ministrligi boýunça bu görkeziji 111,7 göterime barabar boldy.
Hasabat
döwründe Energetika ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň, amala aşyrylan
işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 109,3 göterim berjaý edildi. “Türkmenhimiýa”
döwlet konserni boýunça bu görkeziji 108 göterime barabar boldy. Ýerine
ýetirilen işleriň meýilnamasy Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak
baradaky döwlet agentligi boýunça 104,5 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi
boýunça 112,4 göterim berjaý edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin
D.Sapbaýewi “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşadyp, bu
wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetirmegi konserniň başlygynyň orunbasary T.Ataýewiň
üstüne ýükleýändigini aýtdy we degişli resminamalara gol çekdi.
Döwlet
Baştutanymyz gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalaryny doly kuwwatynda
işletmek boýunça zerur çäreleri görmegiň, gurluşyk senagatynyň önümleriniň görnüşini
hem-de möçberini yzygiderli artdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Hereket
edýän önümçilikleriň durkuny täzelemäge, täze kärhanalary gurmaga gönükdirilen
işleri dowam etmek, himiýa kärhanalaryny doly kuwwatynda işletmek we täze
önümçilikleri döretmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, şeýle hem
mineral dökünleri talabalaýyk saklamak üçin täze, döwrebap ammarlary gurmak
boýunça, elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmak, täze elektrik
beketlerini gurmak, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň
tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etmek, awtomobil ýollaryny
döwrebaplaşdyrmak we olaryň dünýä standartlaryna gabat gelmegi üçin pudagyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek zerurdyr diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy.
Şeýle
hem hormatly Prezidentimiz wise-premýere şu ýylyň ahyryna çenli açylmagy
meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň bellenen möhletde, ýokary hilli
ulanmaga tabşyrylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän
ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle hem telekeçilik
ulgamynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
barada hasabat berdi.
Hasabat
döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda
dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende,
115,9 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,3 göterime barabar boldy.
Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 106,8 göterim
üpjün edildi, şol sanda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah
ýüplügiň önümçiligi 125,1 göterime, nah matalaryňky 130,2 göterime, gön
önümleriniňki 124,4 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça
önüm öndürmegiň meýilnamasy 100,4 göterim ýerine ýetirildi.
Hasabat
döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 146 birža söwdasy geçirilip,
olarda 14 müň 323 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine
ýetirilen işleriň ösüş depgini 106,8 göterime barabar boldy. Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň alty aýynda oba hojalyk we azyk
önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 106,5 göterime, senagat önümlerini
öndürmegiň ösüş depgini 105,7 göterime deň boldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar
ministri wezipesine N.Agahanowy belläp, ony ministriň orunbasary wezipesinden
boşatmak barada karara gelendigini aýtdy we degişli resminama gol çekdi.
Wezipä
täze bellenen N.Agahanow özüne bildirilen ýokary ynam üçin hormatly
Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ministrligiň öňünde durýan
wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna
ynandyrdy hem-de döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk,
uzak ömür, il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyklary arzuw etdi.
Hormatly
Prezidentimiz toplumyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, söwda ulgamynyň önümçilik
kuwwatyny doly peýdalanmagyň, içerki bazaryň azyk we beýleki zerur harytlar
bilen üpjünçiligini gowulandyrmagyň, söwda hyzmatlarynyň ýokary hilli bolmagyny
üpjün etmegiň möhümdigini belledi. Dokma önümleriniň hilini we möçberini
artdyrmak üçin toplumlaýyn çäreleri görmek, sanly ulgam arkaly dokma, haly we haly
önümleriniň söwdalaryny hem guramak, bäsdeşlige ukyply we eksport ugurly ýokary
hilli önümleri öndürmäge niýetlenen täze döwrebap önümçilikleri döretmekde
hususy ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak zerurdyr diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy.
Şeýle
hem hormatly Prezidentimiz wise-premýere Döwlet haryt-çig mal biržasynyň hem-de
Söwda-senagat edarasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi, ýurdumyzyň
eksport mümkinçiliklerini artdyrmak üçin dünýäniň ösen ýurtlarynyň öňdebaryjy
tehnologiýalaryny we tejribesini ornaşdyrmagy dowam etmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu
ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan
edilmegi, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de milli
senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli
dürli dabaralar geçirildi. Yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri
jemlenildi. Hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly täze
kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi.
Hasabat
döwründe dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!”
atly bäsleşigiň Aşgabat we Arkadag şäherleri hem-de welaýatlar boýunça jemleýji
tapgyrlary, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly aýdym-saz
festiwaly, “Parahatçylyk sazy” atly halkara festiwal, “Awaza — dostluk mekany”
atly halkara tans we folklor festiwaly guramaçylykly geçirildi. Şeýle hem Ahal
welaýatynda Medeniýet hepdeligi, şu ýylyň 29-njy iýunynda bolsa Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bina edilen Arkadag şäheriniň iki ýyllygy
mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy guraldy. Ýurdumyzyň medeniýet,
sungat we döredijilik işgärleri daşary ýurtlarda iş saparlarynda boldular.
Şeýle
hem kitaphanalar, muzeýler, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Oguz han adyndaky
«Türkmenfilm» birleşigi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan
ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli medeni mirasymyzy,
edebi gymmatlyklarymyzy düýpli öwrenmek we kämilleşdirmek, şeýle hem halkymyzyň
gadymy mirasyny wagyz etmek boýunça maksatnamalaýyn işleri dowam etdirmegiň,
kitaphana we muzeý işini ösdürmekde häzirki zaman tehnologiýalaryndan giňden
peýdalanmagyň, çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň işini talabalaýyk
guramagyň hem-de kämilleşdirip durmagyň, döwrebap we many-mazmunly täze çeper,
dokumental filmleri yzygiderli surata düşürmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Döwlet
Baştutanymyz taryhy we medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek, gorap
saklamak üçin netijeli işleri alyp barmagyň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň
önümçilik kuwwatyny netijeli ulanmagyň, döredijilik bäsleşiklerini, häzirki
zaman sergilerini, folklor, aýdym-saz toparlarynyň çykyşlaryny hem yzygiderli
geçirmegiň, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramyna gowy taýýarlyk
görmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän
ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam
etdirildi, okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy, okuw-usuly toplumlar
taýýarlanyldy. Okuwçylar hem-de talyp ýaşlar halkara ders we internet
bäsleşiklerinde jemi 748 sany medal gazandylar.
Şu
ýylyň alty aýynda ylym ulgamyny kämilleşdirmek, ylmy barlaglaryň netijeliligini
ýokarlandyrmak ugrundaky işler dowam etdirildi. Ylymlar güni mynasybetli
“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we
innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat, şeýle hem ýaşlaryň
arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy
geçirildi.
Hasabat
döwründe öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullary amaly lukmançylyga
ornaşdyryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara
hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag
çagalara operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Saglygy goraýyş boýunça XII
türkmen-german forumy, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde Immunizasiýa
hepdeligi, Daniýa Patyşalygynyň Kopengagen şäherinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş
Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynda Türkmenistanyň güni geçirildi.
Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça hem netijeli işler alnyp baryldy.
Paýtagtymyzda sportuň milli we guşakly alyş göreşi, küşt boýunça 8, 10 we 12
ýaşly türgenleriň arasynda halkara ýaryş guramaçylykly geçirildi. Hasabat
döwründe ýurdumyzyň türgenleri halkara ýaryşlara gatnaşyp, 466 sany medal
gazandylar.
Mejlisiň
dowamynda hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylda ýokary we orta hünär okuw
mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny, ýokary we orta hünär okuw
mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini, şeýle hem
2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy
akademiýasynyň okuwlaryna kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklamak hakynda
Buýruklara gol çekip, okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlara uly üstünlikleri
arzuw etdi.
Soňra
döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýüzlenip, täze okuw ýylyna gowy taýýarlyk
görmegiň, orta we ýokary okuw mekdeplerinde abatlaýyş işlerini geçirmegiň
möhümdigini belledi. Şu ýyl Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň
hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw
binalarynyň ulanmaga berilmegi täze hünärleri girizmäge we okuwa kabul edilýän
ýaşlaryň sanyny artdyrmaga ýardam berer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we
şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky işleri talabalaýyk ýola goýmagy tabşyrdy.
Ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmeli, giriş
synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirmeli, jemgyýetçilik gözegçiligini
ýola goýmaly diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Şeýle
hem ylmy-barlag işlerini dowam etdirmek, ylym bilen önümçiligi utgaşdyrmak
arkaly önümçilik pudaklaryny ylmy esasda ösdürmek, bu ugurda halkara
hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny innowasion tehnologiýalar esasynda pugtalandyrmak boýunça işleri
yzygiderli alyp barmak, sanly saglygy goraýyş ulgamynyň kömegi bilen döwrebap
hyzmatlary ýola goýmak, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga
giňden çekmek we halkara sport ýaryşlaryny geçirmek boýunça netijeli işleri
geçirmek, sportuň Olimpiýa görnüşlerini ösdürmäge hem aýratyn üns bermek
tabşyryldy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş
direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň alty aýynda ýerine
ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Hasabat
döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini
115,7 göterime deň boldy.
Şu
ýylyň birinji ýarymynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary
arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 102,6 göterim, ýolagçy gatnatmagyň meýilnamasy
102,1 göterim berjaý edildi. “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine
ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 104,5 göterime, “Türkmenawtoulaglary”
agentligi boýunça 111,3 göterime barabar boldy. “Türkmenhowaýollary” agentligi
boýunça ösüş depgini 121,5 göterim ýerine ýetirildi. Bu görkeziji
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 114,4 göterime,
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 120,7 göterime barabar boldy.
“Türkmenistanda
2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip
çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän işler barada hem aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Altyn asyr” öýjükli
aragatnaşyk ulgamynyň 4G+ tehnologiýasy, şeýle hem Arkadag şäherinde 5G
tehnologiýasy işe girizildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip,
ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm
ugurlarynyň biri bolup durýandygyny, häzirki döwürde bu toplumy ösdürmek we
onuň işini kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa
geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumyny düýpli özgertmek
hem-de dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň
ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligini ýatyrmak hem-de Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasarynyň
wezipesini girizmek barada karara gelendigini aýtdy.
Ýurdumyzyň
ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen,
Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi, Türkmenistanyň Aragatnaşyk
ministrligi, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi, «Türkmenhowaýollary»
döwlet gullugy hem-de Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy
döredilýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we täze ministrlikleriň,
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň döredilmeginiň ýurdumyzyň ulag we
aragatnaşyk toplumynyň işini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga ýardam
etjekdigini belledi.
Mejlisiň
dowamynda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we
aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasary wezipesine 6 aý synag möhleti bilen
M.Çakyýewi belledi.
Wise-premýer
özüne ynanylan wezipede yhlasyny gaýgyrman işlejekdigini aýdyp, hormatly
Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp
barýan döwletli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow demir ýol ulaglary ministri
wezipesine M.Akmämmedowy belledi.
Ministr
bildirilen ýokary ynam üçin hoşallyk bildirip, täze wezipede tutanýerli zähmet
çekjekdigine ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza
berk jan saglyk, döwlet ähmiýetli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet
Baştutanymyz aragatnaşyk ministri wezipesine 6 aý synag möhleti bilen
H.Hudaýgulyýewi belledi.
Hormatly
Prezidentimiz awtomobil ulaglary ministri wezipesine B.Annadurdyýewi belledi.
B.Annadurdyýew
bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirip, täze wezipede netijeli işlemek üçin
ähli bilimini, güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyny aýtdy hem-de hormatly
Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt
bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Hormatly
Prezidentimiz “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň başlygy wezipesine
D.Saburowy belledi.
Döwlet
Baştutanymyz Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy
wezipesine A.Şanazarowy belledi.
Ol
bildirilen uly ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu wezipede ähli
bilim-başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimize we
Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür hem-de eziz Watanymyzyň,
mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.
Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekdi.
Soňra
hormatly Prezidentimiz wise-premýer M.Çakyýewe ýüzlenip, ýolagçylary
gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmak we bu ugurda ýerine
ýetirilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak, demir ýollaryň durkuny täzelemek,
demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri
has-da güýçlendirmegiň, halkara awtomobil ýollary bilen ýük daşamagy we üstaşyr
gatnawlary ösdürmegi dowam etdirmegiň, howa menzilleriniň durkuny täzelemegiň,
uçarlaryň düzümini döwrebaplaşdyrmagyň yzygiderli ýerine ýetirilmeginiň,
ykdysady taýdan amatly ugurlar boýunça täze içerki we halkara howa gatnawlaryny
açmaga möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet
Baştutanymyz Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini, «Balkan»
gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyny doly kuwwatynda işletmek, ýurdumyzyň
aragatnaşyk ulgamyny hem döwrüň talabyna görä döwrebaplaşdyryp durmak, bu
ugurda täze hyzmatlary yzygiderli ýola goýmak babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra
welaýatlaryň häkimleri hasabatlar bilen çykyş etdiler.
Ahal
welaýatynyň häkimi T.Nurmyradow şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda welaýatda
ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda welaýatda ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş
nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak, ýerleşdirmek we talabalaýyk
saklamak, şeýle hem bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm we tekizlemek
işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda, ideg işleri geçirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatyň
ekerançylyk meýdanlarynda gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnamak we ilata
ýetirmek, şeýle hem bu ekinleriň güýzki ekişine taýýarlyk işleri alnyp
barylýar.
Şeýle
hem häkim welaýatda Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat
berdi.
Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow şu ýylyň birinji ýarymynda welaýatda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler welaýatda ýygnalan bugdaý hasylyny elewatorlara we ammarlara
daşamak işleri alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin galla oragyndan boşan
meýdanlary, oba hojalyk tehnikalaryny we bugdaý tohumyny ekiş möwsümine
taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi,
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri alnyp
barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň
ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak hem-de bu ekinleriň güýz möwsümindäki
ekişine taýýarlyk görmek işleri dowam etdirilýär.
Şeýle
hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan
medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Soňra
Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew şu ýylyň alty aýynda welaýatda ýerine
ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk görmegiň
çäklerinde welaýatda galla oragyndan boşan ýerleri sürmek, şeýle hem ekişde
ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we bugdaý tohumyny möwsüme taýýarlamak
işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň
talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary
netijeli peýdalanylýar. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek we
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şunuň bilen bir
hatarda, ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýeralma we beýleki gök-bakja önümleri
bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur
alnyp, welaýatda bu ekinleriň hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Şeýle
hem bu ekinleriň güýz möwsüminde ekiljek meýdanlarynda sürüm hem-de tekizleýiş
işleri geçirilýär.
Mundan
başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda
şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Lebap
welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda 2025-nji ýylyň ýanwar — iýun
aýlarynda alnyp barlan işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda welaýatda ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş
nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara daşamak, ýerleşdirmek hem-de
talabalaýyk saklamak boýunça zerur işler geçirilýär. Bugdaý oragyndan boşan
meýdanlarda geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak üçin ýerleri sürmek we
mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam
edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär.
Welaýatda ýetişdirilen ýeralma we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak
boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, şaly
ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ideg işleri ýerine
ýetirilýär.
Şeýle
hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz M.Annanepesowy Lebap welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyp, Suw
hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Genjiýewi şol bir wagtda Lebap
welaýatynyň häkimi wezipesine belledi we degişli resminamalara gol çekdi.
D.Genjiýew
bildirilen ýokary ynam üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, bu wezipede
gujur-gaýratyny gaýgyrman işlejekdigine ynandyrdy hem-de hormatly
Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli işleriniň
üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.
Mary
welaýatynyň häkimi B.Orazow şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda welaýatda ýerine
ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul
ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara daşamak, galla oragyndan boşan
meýdanlary, oba hojalyk tehnikalaryny hem-de ýokary hilli bugdaý tohumyny
geljek ýylyň hasyly üçin ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp
barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen
birlikde, welaýatda ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak,
bu önümleri içerki bazarlarymyzda ilata ýetirmek, şeýle hem güýz möwsüminde oba
hojalyk ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli
işler geçirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatda gant şugundyrynyň
ekişini talabalaýyk geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen
meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde ideg etmek işleri
alnyp barylýar.
Mundan
başga-da, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz B.Orazowy Mary welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä
D.Annaberdiýewi bellemek barada karara gelendigini aýtdy we degişli
resminamalara gol çekdi.
D.Annaberdiýew
bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirip, täze wezipede netijeli işlemek üçin
ähli bilimini, ukyp-başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de hormatly
Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt
bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe söz berildi.
Ol
hasabatyny ýurdumyzyň gallaçylary tarapyndan 1 million 400 müň tonnadan gowrak
bugdaý hasylynyň öndürilip, bu ugurda bellenen meýilnamanyň üstünlikli berjaý
edilendigi baradaky hoş habardan başlady. Wise-premýer oba hojalyk pudagyny
toplumlaýyn ösdürmek babatda berýän hemaýat-goldawlary üçin hormatly
Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we
Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan il-ýurt bähbitli
işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdi.
Soňra
wise-premýer gözegçilik edýän toplumynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk
işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.
Hasabat
döwründe oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, 113,3 göterime barabar boldy. Bu görkeziji
Oba hojalyk ministrligi boýunça 100 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi
boýunça 103,5 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 138,7
göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 124 göterime,
“Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 108,2 göterime,
“Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 101 göterime, Azyk senagaty döwlet
birleşigi boýunça 104,7 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet
birleşigi boýunça 103,2 göterime hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşigi
boýunça 100,8 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň
meýilnamasy 278,2 göterim ýerine ýetirildi.
Oba
hojalygy pudagynda dowam edýän möwsümleýin işleriň çäklerinde häzirki wagtda
ýurdumyzda ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we
elewatorlara daşamak, talabalaýyk ýerleşdirmek we saklamak, şeýle hem geljek
ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlary, oba hojalyk tehnikalaryny, ýokary
hilli bugdaý tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler
geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda,
hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny
tutmak işleri alnyp barylýar. Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen
meýdanlarynda ideg etmek işleri dowam edýär. Şeýle hem gök-bakja we beýleki
azyklyk oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen ilaty
bolelin üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň
suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de suw
serişdelerini tygşytly we rejeli peýdalanmak maksady bilen, suw howdanlaryna
suw toplamak, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri ýerine
ýetirilýär.
Döwlet
Baştutanymyz wise-premýer T.Atahallyýewe, oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylaryna,
welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň häkimlerine ýüzlenip,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny, şeýle hem Oba milli maksatnamasyny üstünlikli
durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtady.
Aşgabat
şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň Baş meýilnamalaryny işläp
taýýarlamak boýunça işleri çaltlandyrmak, welaýatlarda we şäherlerde ýaşaýyş
jaýlarynyň, hassahanalaryň we beýleki durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna
berk gözegçilik etmek, şäherleriň binagärlik-şähergurluşyk keşbini mundan
beýläk-de abadanlaşdyrmak, ilaty arassa agyz suwy, elektrik energiýasy we
tebigy gaz bilen üpjün etmek boýunça işleri netijeli dowam etdirmek,
arassaçylygy berjaý etmek we abatlaýyş işlerini wagtynda geçirmek üçin ähli
çäreleri görmek, ýerli býujetiň doly we talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün
etmek, salgytlaryň we ýerli ýygymlaryň gelip gowuşmagyny gazanmak zerurdyr
diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Welaýatlarda
oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek üçin ideg işlerini
agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmegiň, oba hojalyk önümleriniň,
hususan-da, gallanyň we gowaçanyň hasylyny artdyrmak üçin guramaçylyk we usuly
işleri güýçlendirmegiň, ýokary hilli tohumlyk bugdaý bilen üpjün etmegiň,
öndürilýän azyk önümleriniň görnüşlerini artdyrmak, hilini ýokarlandyrmak
hem-de azyk senagaty kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan
işleri güýçlendirmegiň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz ilaty un, çörek
we çörek önümleri bilen üpjün etmegi üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Mallaryň
we guşlaryň baş sanyny artdyrmak hem-de bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy
usullaryny ulanmak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň, oba hojalyk
tehnikalaryny we gurallaryny möwsümleýin alnyp barylýan oba hojalyk işlerinde
netijeli ulanmagy berk gözegçilikde saklamagyň, pagta arassalaýjy kärhanalarda
pagtany gaýtadan işlemek hem-de dokma kärhanalaryny ýokary hilli pagta önümleri
bilen üpjün etmegi üns merkezinde saklamagyň möhümdigi nygtaldy. Şeýle hem suw
serişdelerini rejeli we tygşytly peýdalanmagy berk gözegçilikde saklamak,
goşmaça suw gorlaryny döretmek boýunça netijeli işleri geçirmek, ýer kadastryny
döretmek işlerini hemişe üns merkezinde saklamak, daşky gurşawy gorap saklamak,
ekologik abadançylygy üpjün etmek hem-de ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek,
atçylyk pudagyny ösdürmek, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak boýunça
alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmek babatda anyk tabşyryklar berildi.
Döwlet
Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda gallanyň bol hasylynyň
ýygnalandygyny, gallaçy daýhanlarymyzyň Watan harmanyna ýokary hilli bugdaý
tabşyryp, guwandyryjy netijeleri gazanandygyny kanagatlanma bilen belledi.
“Ýygnalan
bol galla hasyly mähriban halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň baýlygydyr,
saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir!” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly
Prezidentimiz galla hasylyny ýetişdirmekde we ýitgisiz ýygnap almakda uly
işleri bitiren, Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine
ýetiren ussat gallaçy babadaýhanlarymyzy tüýs ýürekden gutlap, olara täze
üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ministrligiň alyp baran işleriniň netijeleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Bitarap
Türkmenistan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde dostlukly hem-de netijeli
hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa
geçirýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu ugurda beren tabşyryklaryny we öňde goýan
wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda
degişli işler geçirildi.
Ýylyň
başyndan bäri hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi»
görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasyna,
Russiýa Federasiýasyna, «Merkezi Aziýa — Italiýa» birinji sammitine we «Merkezi
Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş
saparlaryny, Ýaponiýa sapary, şeýle hem Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrdy.
Hasabat
döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gahryman Arkadagymyz Monako Knýazlygyna sapary, Gazagystan
Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna we Özbegistan Respublikasyna dostlukly
saparlary, Fransiýa Respublikasyna resmi sapary hem-de Russiýa Federasiýasynyň
Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
Şu
ýylyň mart aýynda Gruziýanyň Premýer-ministri Türkmenistana resmi sapar bilen
geldi.
Abraýly
sebit we halkara düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň
daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şu ýylyň birinji
ýarymynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Halkara sergiler býurosynyň Baş
sekretarlary, Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça
wise-prezidenti, Aziýa ösüş bankynyň Günorta, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça
wise-prezidenti we beýlekiler Türkmenistanda saparda boldular.
Hasabat
döwründe daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana, şeýle hem ýurdumyzyň
wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary özara gatnaşyklaryň
okgunly ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki
duşuşyklaryň 336-sy geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanda daşary ýurt döwletleri
we halkara guramalar bilen bilelikde resmi gepleşikleriň we duşuşyklaryň
1495-si guraldy. Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryň
şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üsti 97 resminama bilen ýetirildi.
Daşary
syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklar hem yzygiderli häsiýete eýedir.
Hasabat döwründe daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn
geňeşmeleriň birnäçesi geçirildi. Şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler
we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili — Ýewropa Komissiýasynyň
wise-prezidenti hem-de halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary bilen
duşuşyklar geçirildi.
Ilçihanalar
arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak we giňeltmek boýunça yzygiderli
çäreler görülýär. Munuň özi Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm
ugurlarynyň biri bolup durýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistanyň
oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýermek bilen, ählumumy abadançylyga gönükdirilen
daşary syýasaty alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady,
medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda ýola goýlan gatnaşyklary
ösdürmegiň, halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak
boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Türkmenistanyň
başlangyjy bilen 2025-nji ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy
tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi diýip,
hormatly Prezidentimiz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary
işler ministrine ýurdumyzda guralýan halkara çäreleri ýokary derejede geçirmegi
dowam etdirmegi tabşyrdy.
Mejlisiň
Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda milli parlament tarapyndan
ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Türkmenistanyň Kanunlarynyň 13-si, şol sanda «Türkmenistanyň Raýat
kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda», «Kazyýet hakynda»,
«Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda», «Ýük markalary hakynda halkara
Konwensiýa degişli Teswirnama goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul
edildi. Şunuň bilen birlikde, jenaýat, arbitraž, raýat we jenaýat iş ýörediş,
maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, ýubileý medaly, administratiw
önümçilik, awtomobil ulagy, migrasiýa, içeri işler edaralary, gümrük meseleleri
bilen baglanyşykly hereket edýän Kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar
girizildi. Mundan başga-da, Mejlisiň kararlarynyň 11-si kabul edildi.
Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin
Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda kanun çykaryjylyk işiniň döwrebap
usullary we ýörelgeleri barada okuw sapaklary guraldy. Şunuň bilen bir hatarda,
daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly
ilçilerinden ynanç hatlarynyň 7-si kabul edildi. Şeýle hem Mejlisde dünýä
döwletleriniň parlamentleriniň we halkara guramalaryň wekilleri bilen
duşuşyklaryň 32-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun
çykaryjylyk işini kämilleşdirmek meseleleri boýunça ýurdumyzyň degişli döwlet
edaralarynyň halkara guramalar bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň
62-sine gatnaşdylar. Halkara tejribeleri öwrenmek maksady bilen, milli
parlamentiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 21-si amala aşyryldy.
Milli
parlamentiň ýolbaşçysy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý
medalynyň we ýadygärlik nyşanynyň taslamasyny taýýarlamak barada beren
tabşyrygyna laýyklykda, Mejlisde degişli işleriň geçirilendigini belledi. Şunuň
bilen baglylykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny hem-de
halkara parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň syýasy,
ykdysady, medeni ugurlarynda gazanan üstünliklerine mynasyp goşant goşan
adamlary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisinde “Türkmenistanyň
Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek
hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň taýýarlanylandygy aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny ähli ugurlarda
ýokary netijeleri gazanmak bilen, uly dabaralara besläp, halkara derejede
giňden belläp geçýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Halkara Bitaraplyk gününi has-da
dabaralandyrmak maksady bilen, «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna»
atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Mejlisiň Başlygyna ýüzlenip, hasabat döwründe
döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny berkitmek boýunça işlenip taýýarlanan
Türkmenistanyň Kanunlarynyň 13-siniň kabul edilendigini, şeýle hem birnäçe
Kanunlara üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilendigini aýtdy. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek we
döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini
belledi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz
ýurdumyzda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul
edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini
belledi.
Hasabat
döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. “Türkmenistany
2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna”
laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 17 milliard 829 million manat düýpli
maýa goýumlary özleşdirildi. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, 15,6 göterim köpdür diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Ýurdumyzyň
welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 269,7 müň inedördül metre
barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Senagat desgalarynyň, çagalar
baglarynyň, mekdepleriň we beýleki desgalaryň gurluşygy meýilnama esasynda
alnyp barylýar.
Geçen
ýarym ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýeti durnukly ösdürildi. Bäsleşige ukyply,
ýokary hilli dürli harytlary öndürýän täze kärhanalary döretmek boýunça zerur
işler alnyp baryldy. Ykdysady we maliýe durnuklylygyny gazanmak, iş bilen
üpjünçiligi ýokarlandyrmak boýunça zerur işler geçirilýär. Ýurdumyzyň eksport
mümkinçiligi artdyrylyp, pudaklara sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar
diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet
Baştutanymyz sözüni dowam edip, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň möhüm waka
bolandygyny belledi.
Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30
ýyllygy bilen gabat gelmeginiň aýratyn uly manysy bar, şunuň bilen baglylykda,
şu ýylyň ikinji ýarymynda köp sanly möhüm halkara çäreler meýilleşdirilýär
diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda
geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumyny
hem-de beýleki çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin düýpli taýýarlyk
görmegiň, şeýle hem döwletimiziň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk baýramlaryny örän
ýokary derejede geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini hem dabaraly ýagdaýda
geçireris. Mejlisde berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň,
ýetilen sepgitleriň jemlerini jemläris. Şeýle hem öňde duran möhüm wezipeleri
ara alyp maslahatlaşarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Türkmenistanyň
Halk Maslahaty we Mejlisi ýurdumyzyň Ministrler Kabineti, häkimlikler, degişli
ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri
bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge hem düýpli
taýýarlyk görüp başlamaly diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň bu ýokary
wekilçilikli edaranyň nobatdaky mejlisini çagyrmak, geçiriljek senesini we
ýerini kesgitlemek hem-de ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny
döretmek we onuň düzümini tassyklamak barada karar kabul etse, maksadalaýyk
boljakdygyny aýtdy.
Bu
guramaçylyk topary Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni
durmuşynda ýokary üstünlikleri gazanan, il içinde uly abraýdan peýdalanýan
raýatlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara hormatly atlary dakmak
üçin hödürlemek hem-de resmileşdirmek boýunça degişli işleri geçirmäge möhüm
ähmiýet bermelidir, şeýle hem geçiriljek bu guramaçylyk işleri boýunça
Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem-de Türkmenistanyň Mejlisi degişli işleri alyp
barmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Döwlet
Baştutanymyz geçen ýarym ýylyň görkezijileriniň ýurdumyz boýunça, umuman, gowy
bolandygyny belläp, ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna
geçen alty aýda ýerine ýetirilen işleriň jemleri boýunça 12-nji iýulda
maslahatlary geçirmegi tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz 1-nji awgustdan başlap, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan
hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara dynç almaga rugsat
berýändigini aýdyp, olaryň ýurdumyzyň şypahanalarynda hem-de «Awaza» milli
syýahatçylyk zolagynda dynç alyp biljekdigini belledi.
Şu
ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara maslahatyň
geçirilýändigi bilen bagly ähli ýolbaşçylar guramaçylyk işlerine hem
gatnaşarlar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly
Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, olaryň ählisiniň 13-nji iýulda
Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda
geçiriljek guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisine gatnaşjakdygyny aýtdy.
Mejlisde Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly soraglara
serediler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu halkara maslahaty ýokary
derejede geçirmek boýunça kabul edilen Karardan ugur alyp, her kimiň jogapkär
ugry boýunça degişli işleri alyp barmalydygyny nygtady.
Hormatly
Prezidentimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň abraýyna abraý goşjak bu
halkara maslahatyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasy wakalarynyň
biri boljakdygyna berk ynam bildirdi. “Biz alyp barýan adyl «Açyk gapylar» we
Bitaraplyk syýasatymyzy mundan beýläk hem dowam ederis” diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov