Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine
gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň binýadyny goýan hem-de
hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän
ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda Hytaý Halk Respublikasy bilen
ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýär.
Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynda ikinji gezek geçirilýän
sammite gatnaşmagy-da munuň aýdyň beýanydyr. Mälim bolşy ýaly, şeýle görnüşdäki
birinji sammit 2023-nji ýylyň maýynda Hytaýyň Sian şäherinde geçirildi. Şunda
hormatly Prezidentimiziň sammitde çykyş edip, tagallalary utgaşdyrmak arkaly
sebitara hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda mundan beýläk-de ösdürmek boýunça
birnäçe teklipleri öňe sürendigini bellemek gerek.
Türkmenistan sebit we ählumumy gün tertibiniň
möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda oňyn başlangyçlary öňe
sürýär. Umumy abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça
tagallalary birleşdirmäge uly goşant goşýar. Merkezi Aziýa ýurtlary bilen
Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, munuň özi medeniýetleriň,
ykdysadyýetleriň we strategik bähbitleriň özboluşly sazlaşygydyr. Soňky
ýyllarda sebitara gatnaşyklar işjeňleşdirilýär. Bu bolsa dürli ugurlarda
hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze gözýetimleri açýar.
Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlarynyň esasy söwda
hyzmatdaşlarynyň biridir. Hytaý bilen sebitiň ýurtlarynyň energetika,
infrastruktura ulgamlarynda bilelikde durmuşa geçirýän maýa goýum taslamalary
ykdysady ösüşe goşant goşýar. Tebigy serişdeleriň baý gorlaryna eýe bolan
Merkezi Aziýa döwletleri bilen Hytaýyň arasynda energetika ulgamyndaky
hyzmatdaşlyk, hususan-da, uglewodorod serişdelerini gazyp almak we eksport
etmek babatda bilelikdäki taslamalar özara bähbitli gatnaşyklary mundan
beýläk-de pugtalandyrmak üçin ygtybarly esas bolup durýar. Merkezi Aziýa
döwletleriniň çäginden geçýän Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi bu
ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarynyň biridir.
Ulag-kommunikasiýa pudagy altytaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda,
Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasynyň mazmuny
boýunça Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjyna laýyk gelýändigini bellemek
gerek. Bu iki başlangyç ykdysady ösüşi üpjün etmäge, ugurdaş infrastrukturany
döwrebaplaşdyrmaga, halklaryň arasynda medeni gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga
gönükdirilendir. Taryhyň dowamynda Beýik Ýüpek ýoly Gündogar bilen Günbatary
baglanyşdyryp, harytlary alyşmaga hem-de medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga
ýardam beripdir. Häzirki wagtda ýurdumyz bu taryhy mirasy täzeden dikeltmegi
maksat edinip, tutuş sebitiň ykdysady ösüşi üçin ulag geçelgeleriniň,
logistikanyň möhüm ähmiýetine ünsi çekýär. Şunuň bilen birlikde,
medeni-ynsanperwer ugur sebitiň ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky
hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär.
...Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde
hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Biraz wagtdan
döwlet Baştutanymyzyň uçary Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara
howa menziline gelip gondy. Bu ýerde “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine
gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy.
Hormatly Prezidentimizi Gazagystan
Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar,
ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Haly düşelen ýodajygyň
iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Myhmansöýerligiň
asylly däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy.
Sammitiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen
ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi.
Günüň ikinji ýarymynda Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň awtoulag kerweni sammitiň geçirilýän ýerine — “Garaşsyzlyk”
köşgüne bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň
Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Bilelikde surata düşmek
dabarasyndan soňra, wekiliýet Baştutanlary köşgüň mejlisler zalyna barýarlar.
Bu ýerde “Merkezi Aziýa — Hytaý” ikinji sammiti geçirildi.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti
Kasym-Žomart Tokaýewiň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Gyrgyz Respublikasynyň
Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.
Sammitiň gün tertibine sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, syýasy dialogy
giňeltmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, ulag, energetika, innowasiýalar
ulgamlarynda özara hereketler bilen bagly meseleler girizildi.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew sammite
gatnaşyjylary mübärekläp, bu ýokary derejeli duşuşyga gatnaşýandyklary hem-de
sebit hyzmatdaşlygyny yzygiderli goldaýandyklary üçin döwletleriň
Baştutanlaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ol Merkezi Aziýa döwletleriniň
we Hytaýyň arasyndaky ynanyşykly gatnaşyklaryň, bilelikdäki tagallalaryň
netijesinde hoşniýetli goňşuçylyga, dostluga, birek-birege goldaw bermäge
esaslanýan hyzmatdaşlygyň özboluşly nusgasynyň kemala gelendigini aýtdy. Soňra
sammite gatnaşyjylara söz berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan Gazagystan
Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlygyny beýan edip, şu
gezekki duşuşygyň Sian şäherinde geçirilen sammitde beýan edilen wajyp
pikirleri we teklipleri, onuň jemleri boýunça kabul edilen Sian Jarnamasyny
pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilendigini aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, Merkezi Aziýa döwletleri we
Hytaý yklym hem-de sebit prosesleriniň möhüm gatnaşyjylary hökmünde çykyş
edýärler. Biziň syýasy-diplomatik ulgamdaky hyzmatdaşlygymyz tutuş Aziýada
geosyýasy ýagdaýa oňyn täsir edýär, durnukly we uzak möhletli parahatçylyk,
durnuklylyk we howpsuzlyk üçin şertleri döretmäge ýardam berýär. Hyzmatdaşlygyň
bu formaty pikir alyşmak, daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça tagallalary
utgaşdyrmak, iri halkara meýdançalarda hem-de forumlarda, ilkinji nobatda,
Birleşen Milletler Guramasynda, birnäçe sebit düzümlerinde özara ylalaşylan
diplomatik kararlary kabul etmek üçin yzygiderli gurallaryň bolmagyny
şertlendirýär. Daşary syýasat ulgamynda, dünýädäki häzirki ýagdaýy nazara almak
bilen, Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk
strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjyna ähmiýet berilmegini
teklip edýäris. Bu resminamanyň syýasy, hukuk we dünýägaraýyş esaslary şu
formata gatnaşyjylaryň geljekki ösüş hem-de ählumumy prosesler babatda
konseptual çemeleşmelerine, garaýyşlaryna laýyk gelýär diýip pikir edýärin.
Hususan-da, gürrüň dünýä gatnaşyklarynda ösüp barýan ýurtlaryň eýeleýän orny,
öňüni alyş diplomatiýasynyň, Bitaraplyk ýörelgeleriniň, beýleki parahatçylyk
döredijilik we gepleşik meýdançalarynyň ulanylmagy barada barýar diýip, döwlet
Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňümizdäki
ýubileý sessiýasynyň dowamynda şu formatyň çäklerinde Ählumumy howpsuzlyk
strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça geňeşmeleri geçirmegi, onuň esasy düzgünlerini
ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi. Hormatly Prezidentimiz bu işi Aziýa
toparyndaky hyzmatdaşlar bilen başlamagyň, soňra geňeşmelere gatnaşyjylaryň
düzümini giňeltmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, sammite gatnaşyjylar bu
teklibi goldasa, türkmen tarapynyň minnetdar boljakdygyny aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan ulag ulgamynda
Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek
üçin giň mümkinçilikler bar diýip hasaplaýar. Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek
ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň esasy orny
göz öňünde tutulýar. Biziň pikirimizçe, bu strategiýanyň Hytaýyň “Bir guşak,
bir ýol” başlangyjy bilen utgaşdyrylmagy milli ulag-logistika mümkinçiliklerini
ýakynlaşdyrmaga we olary umumy bähbitler üçin ulanmaga ýardam berer. Biziň
döwletlerimize bu ählumumy başlangyçda möhüm orun degişlidir. Häzirki günde
Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň, Günorta we Merkezi Aziýanyň, Orta hem Ýakyn
Gündogaryň çäklerini gurşap alýan döwrebap ygtybarly we toplumlaýyn
ulag-logistika ulgamyny döretmek üçin tagallalary birleşdirmäge diňe bir
şertler däl, eýsem, zerurlyk hem bar.
Türkmenistan biziň formatymyzyň çäklerinde
energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda-da çykyş edýär we munuň
üçin oňyn şertler bar diýip hasaplaýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam
etdi hem-de ýurdumyzyň türkmen tebigy gazynyň iberilmegini
diwersifikasiýalaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny
tassyklady. Elektroenergetika hem energetika hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi
bolup durýar. Bu babatda Türkmenistan elektrik energiýasynyň iberilýän
ugurlaryny we möçberlerini artdyrmak ugrunda çykyş edýär. Şeýle-de söwdanyň,
telekeçiligiň höweslendirilmegi, dürli ugurly bilelikdäki kärhanalaryň
döredilmegi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň bilelikdäki ykdysady ösüşinde
möhüm orun eýeleýär.
Döwlet Baştutanymyz innowasion hyzmatdaşlyk
barada-da belläp, Türkmenistanyň hytaýly hyzmatdaşlar tarapyndan bu ugra has
uly üns berilmegine umyt edýändigini aýtdy hem-de emeli aňy ulanmak, hemra we
kosmos ylmy-barlag işlerini geçirmek, sanlylaşdyrmak, maglumat platformalary,
programma üpjünçiligi ýaly birnäçe tehnologik ugurlar boýunça bilelikdäki
maksatnamalaryňdyr taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň özara ykdysady
hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrjakdygyna, beýleki bir tarapdan,
Merkezi Aziýanyň çäginde tehnologik hyzmatlaryň durnukly bazaryny döretmäge,
hünärmenleri we tejribeleri alyşmaga, milli tehnologik mekdepleri çalt depginde
ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Bu strategik wezipe Merkezi
Aziýanyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda bilelikdäki ösüşiň uly
taslamasynyň çäklerindäki gatnaşyklaryň geljegine maýa goýumdyr.
Köpasyrlyk beýik medeniýet we hakyky
ruhy-ahlak gymmatlyklary Merkezi Aziýanyň hem-de Hytaýyň halklarynyň
hyzmatdaşlygynyň, taryhy we häzirki ýakynlygynyň, özara düşünişmeginiň,
birek-birege oňyn garaýyşlarynyň mizemez esasyny düzýär. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz sammite gatnaşyjy ýurtlaryň her birinde
bilelikdäki medeniýet we sungat festiwallaryny yzygiderli esasda guramak
mümkinçiligine seretmegi, şundan ugur alyp, “Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň medeni
dialogy” atly medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze meýdançasyny döretmek
başlangyjyny ara alyp maslahatlaşmagy we döwlet Baştutanlarynyň makullan
ýagdaýynda, ugurdaş edaralara şeýle meýdançanyň usullaryny işläp taýýarlamak
barada degişli tabşyryklary bermegi teklip etdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy
boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly” diýip yglan etdi. Hormatly Prezidentimiz Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda
geçiriljek iri halkara forumda häzirki döwrüň ählumumy meseleleriniň
çözgütlerini gözlemek, halkara giňişlikde ylalaşygy we düşünişmegi gazanmak
boýunça döwletleriň arasyndaky dialogyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirip,
sammite gatnaşýan ähli döwlet Baştutanlaryny bu maslahata gatnaşmaga uly hormat
bilen çagyrdy.
Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz
Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatyndaky ýakyn hyzmatdaşlyga berk we
üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklap, ýurdumyzyň bu formatyň biziň halklarymyzyň
hem-de döwletlerimiziň parahatçylygy, abadançylygy üçin ägirt uly
mümkinçilikleri açýandygyna berk ynanýandygyny tassyklady. Şeýle hem döwlet
Baştutanymyz “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynyň Sekretariatynyň Baş sekretary
jenap Sun Weýduna şu gezekki sammiti üstünlikli geçirmäge goşandy üçin
minnetdarlyk bildirdi.
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew
çuň manyly çykyşy hem-de beýan eden teklipleri üçin hormatly Prezidentimize
hoşallyk bildirdi.
Sammitdäki çykyşlarda bellenilişi ýaly, tebigy
serişdeleriň baý gorlaryna eýe bolan Merkezi Aziýa halkara gatnaşyklaryň we
söwda-ykdysady, maýa goýum, ynsanperwer hyzmatdaşlyga möhüm gatnaşyjy hökmünde
öz ornuny yzygiderli pugtalandyrýar. Sebitiň ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky
gatnaşyklar häzirki wagtda ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykaryldy. Ol
dürli ugurlary öz içine alýar. Şunda Hytaý bilen bilelikdäki taslamalary
durmuşa geçirmäge, özara haryt dolanyşygynyň görnüşlerini giňeltmäge we
möçberini artdyrmaga, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmäge aýratyn üns
berilýär. Şunuň bilen bir hatarda, oba hojalygy pudagyndaky hyzmatdaşlyga, şol
sanda öňdebaryjy agro we suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet
berilýär.
Sammite gatnaşyjylar sebitde energetika
howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň, energetika çeşmelerini
diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhümdigini bellediler. Ulag-kommunikasiýa hem
sebitde çalt depginler bilen ösýän pudaklaryň biri bolup durýar. Häzirki wagtda
Merkezi Aziýa Ýewropanyň we Aziýanyň iri sebitlerini birleşdirýän esasy
logistika merkezine öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, transmilli ulag
arabaglanyşygyny pugtalandyrmagyň, sebitiň geografik taýdan amatly
ýerleşmeginiň mümkinçiliklerini has doly durmuşa geçirmegiň wajypdygyna üns
çekildi. Sammite gatnaşyjylar şu günki duşuşygyň taraplaryň hoşniýetli
goňşuçylygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat
edinýändiklerini görkezendigini bellediler hem-de beýan edilen teklipdir başlangyçlaryň
hemişelik dostluk we strategik hyzmatdaşlyk üçin berk esas boljakdygyna ynam
bildirdiler.
Sammitiň jemleri boýunça Türkmenistanyň,
Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň,
Özbegistan Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň arasynda hemişelik
hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama; «Merkezi Aziýa
— Hytaý» ikinji sammitiniň Astana Jarnamasyna gol çekildi, şeýle hem «Merkezi
Aziýa — Hytaý» formatynyň çäklerinde raýatlaryň özara saparlary üçin oňyn
şertleri döretmek boýunça Başlangyç kabul edildi.
Resminamalara gol çekmek dabarasyndan soňra,
«Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşindäki hyzmatdaşlyk merkezleriniň açylýandygy
yglan edildi we bu barada wideoşekiller görkezildi. Şeýle-de sammitiň
çäklerinde Ahal welaýatynyň häkimligi (Türkmenistan) bilen Şensi welaýatynyň
halk hökümetiniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda Ahal welaýaty bilen Şensi
welaýatynyň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Ylalaşyk yglan
edildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparyny tamamlap, Astana şäheriniň
Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline geldi we bu ýerden
Watanymyza ugrady.
Biraz wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary
paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy
ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.
Şeýlelikde, şu gezekki ýokary derejedäki
duşuşyk Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny görkezdi. Sammitiň jemleri boýunça
gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bolsa uzak möhletleýin
esasda umumy abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam berer.
tdh.gov