Düýn
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady.
Gahryman Arkadagymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi
adamlary ugratdylar.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri tarapyndan binýady goýlan, parahatçylyk söýüjilige
esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda goňşy ýurtlar bilen
hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ileri tutulýan
ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenendir.
Türkmenistan
bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin häsiýete eýedir.
Soňky ýyllarda bilelikdäki tagallalaryň netijesinde bu gatnaşyklar hil taýdan
täze derejä çykaryldy. Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly ýurda amala aşyrýan şu
gezekki sapary hem munuň aýdyň beýanydyr. Ýurtlarymyz syýasy, söwda-ykdysady,
medeni-ynsanperwer ulgamlardaky döwletara gatnaşyklary giňeltmäge möhüm ähmiýet
berýärler. Türkmenistan hem-de Azerbaýjan Respublikasy ikitaraplaýyn görnüşde
bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy, Türki
Döwletleriň Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we
Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi ýaly düzümleriň çäklerinde
netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýärler. Şunda parlamentara
gatnaşyklara-da aýratyn ähmiýet berilýär.
Söwda-ykdysady
ulgam türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Ony ösdürmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan
toparynyň alyp barýan işine uly orun degişlidir. Ulag ulgamy-da möhüm ugurlaryň
biri bolup durýar. Ýurtlarymyzyň Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda geografik
taýdan amatly ýerleşmegi ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de ilerletmäge mümkinçilik berýär. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada
aýdylanda, ol iki dostlukly ýurduň halklarynyň köpasyrlyk taryhy, medeni-ruhy
umumylygyna esaslanýar.
...Biraz
wagtdan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň uçary Baku şäheriniň iki
ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa
menziline gelip gondy. Belent mertebeli myhmanyň hormatyna haly düşelen
ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. Howa
menzilinde Gahryman Arkadagymyzy Azerbaýjan Respublikasynyň resmi adamlary,
şeýle-de ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Bu
ýerde Milli Liderimiz bilen dostlukly ýurduň resmi wekiliniň arasynda
söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler häzirki wagtda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň
arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara
ýokary baha berdiler. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň sapary iki goňşy
döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak
hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak üçin oňyn
mümkinçilikleri açar.
Soňra
hormatly Arkadagymyzyň awtoulag kerweni Azerbaýjan Respublikasynyň
Prezidentiniň “Zagulba” köşgüne tarap ugrady. Köşgüň merkezi girelgesiniň
öňünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew
mähirli garşylady. Bilelikde Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek
dabarasyndan soňra, Gahryman Arkadagymyz bilen Prezident Ilham Aliýewiň
arasynda gepleşikler geçirildi.
Prezident
Ilham Aliýew Milli Liderimizi mähirli mübärekläp, Azerbaýjana sapar bilen
gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de iki halky
dost-doganlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny, Azerbaýjanyň we
Türkmenistanyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika,
medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy üstünlikli
ösdürýändiklerini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Gahryman
Arkadagymyz Azerbaýjana sapar bilen gelmäge çakylyk hem-de türkmen wekiliýetine
bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, döwlet
Baştutanymyzyň Prezident Ilham Aliýewe iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri Azerbaýjana şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn
gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakdan hem-de ösdürmekden, ýetilen sepgitleri
berkitmekden, täze ugurlarda taslamalary amala aşyrmaga itergi bermekden
ybaratdygyny aýtdy we döwletara gatnaşyklaryň häzirki derejesiniň doganlyk,
hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk ruhuna laýyk gelýändigini nygtady. Gahryman
Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmen we azerbaýjan halklarynyň umumy taryhy
kökleri bolup, iki halkyň aňyrsy hem oguzlardan gaýdýar. Özara gatnaşyklar berk
taryhy binýada, iki halkyň ruhy-medeni gymmatlyklarynyň umumylygyna we
garyndaşlygyna, hyzmatdaşlygyň strategik mümkinçiliklerine, iki ýurduňdyr
olaryň halklarynyň abadançylygynyň hem-de gülläp ösmeginiň bähbidine syýasy,
ykdysady mümkinçilikleri gönükdirmäge taýýarlygyna esaslanýar.
Halk
Maslahatynyň Başlygy häzirki döwürde iki dostlukly ýurduň arasynda dürli ugurlar
boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň
bardygyny belläp, taraplaryň tagallalary netijesinde türkmen-azerbaýjan
hyzmatdaşlygynyň maksada okgunlylygy bilen tapawutlanýandygyny, ýokary
depginler bilen ösýändigini hem-de birek-birege hormat goýmaga, açyklyga
esaslanýandygyny aýtdy. “Biziň ýurtlarymyzyň arasynda özara düşünişmegiň hem-de
ynanyşmagyň örän ýokary derejesi munuň esasy şerti bolup durýar. Bu bolsa
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli meseleleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň
ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berýär» diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri syýasy-diplomatik gatnaşyklar barada aýdyp, dünýä we
sebit meseleleri boýunça ýurtlarymyzyň garaýyşlarynyň meňzeşdigini ýa-da gabat
gelýändigini belledi. Türkmenistan bilen Azerbaýjan daşary syýasatda Birleşen
Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen
kadalaryna berk eýerýärler. Iki dostlukly ýurt iri halkara guramalaryň, ilkinji
nobatda, BMG-niň, beýleki sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli we netijeli
hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Baş
Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýyly
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky teklibini
ilkinji bolup goldandygy üçin azerbaýjan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekip, iki ýurduň
üstaşyr ulag taslamalarynyň sebit üçin möhüm ähmiýetini belledi. Özara haryt
dolanyşygynyň ýylsaýyn artmagy, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli
ösdürilýändigi söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklaryň hem netijeli häsiýete
eýedigini görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler ýurtlarymyzyň bu
ugurdaky kuwwatyny doly derejede durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleriň
bardygyny bellediler. Medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-azerbaýjan döwletara
dialogynyň däp bolan möhüm ugry bolup durýar. Bu gatnaşyklar iki halkyň diliniň
we dininiň umumylygyna esaslanyp, häzirki wagtda has-da giňeldilýär.
Gahryman
Arkadagymyz iki halkyň hem gadymdan gelýän halyçylyk sungatyny asyrlaryň
dowamynda sünnäläp, şu günlere çenli ýetirip gelendiklerini belledi. Şeýle-de
türkmen we azerbaýjan halklarynyň bedewlere uly sarpa goýýandyklaryna, özboluşly
atşynaslyk, seçgiçilik däplerini dowam etdirýändiklerine ünsi çekdi. Türkmen
halkynyň Milli Lideri iki halkyň Magtymguly, Seýdi, Nyzamy, Fizuly ýaly taryhda
uly yz goýan beýik şahsyýetleriniň edebi mirasynyň häzirki we geljek nesiller
üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyny nygtady.
Milli
Liderimiz şol
gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat
bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti
Oguljahan Atabaýewa bilen Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla
Aliýewanyň arasynda duşuşygyň hem geçiriljekdigini aýtdy we onuň ynsanperwer
ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam
bildirdi. Şunuň bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyz sport ulgamynda tejribe
alyşmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Sportuň göreş görnüşi iki ýurtda-da
meşhurdyr. Munuň özi bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleri
döredýär.
Sözüniň
ahyrynda Milli Liderimiz şu saparyň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň mundan beýläk-de
ýakynlaşmagynyň, hyzmatdaşlygyň uzak möhletli strategiýasyny durmuşa geçirmek
babatda ylalaşylan çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň möhüm şertine
öwrüljekdigine ynam bildirdi hem-de doganlyk Azerbaýjan topragynda hemişe bolşy
ýaly, mähirli kabul edilendigi üçin azerbaýjan tarapyna ýene bir gezek
minnetdarlyk bildirip, öz adyndan, şeýle-de döwlet Baştutanymyz Serdar
Berdimuhamedowyň adyndan Prezident Ilham Aliýewi özi üçin islendik amatly
wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy pursatdan peýdalanyp, türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny
ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin, Prezident Ilham Aliýewe türkmen halkynyň
adyndan minnetdarlyk bildirdi hem-de oňa azerbaýjan halkynyň abadançylygynyň,
rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Prezident
Ilham Aliýew çakylygy we hoşniýetli sözleri üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk
bildirip, azerbaýjan tarapynyň däp bolan dostlukly gatnaşyklary, netijeli
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga ygrarlydygyny
tassyklady.
Gepleşikler
tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Azerbaýjan
Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa we Geýdar Aliýew
adyndaky gaznanyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň
öňünde bilelikde ýadygärlik surata düşýärler.
Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerden Azerbaýjan
Respublikasynyň Milli Mejlisine bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygyny dostlukly ýurduň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba
Gafarowa mähirli garşylady. Türkmen halkynyň Milli Lideri we Azerbaýjan Respublikasynyň
Milli Mejlisiniň Başlygy iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata
düşdüler. Surata düşmek dabarasyndan soňra, Sahiba Gafarowa Gahryman
Arkadagymyzy Azerbaýjanyň milli parlamentiniň agzalary bilen, öz nobatynda,
türkmen halkynyň Milli Lideri hem Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygyny
türkmen wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrdy.
Soňra
Sahiba Gafarowa Gahryman Arkadagymyzy hem-de türkmen wekiliýetiniň agzalaryny
Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň sessiýalarynyň geçýän ýeri bolan uly
mejlisler zaly bilen tanyşdyrdy we degişli maglumatlary berdi. Şeýle hem ol
türkmen halkynyň Milli Liderini Milli Mejlisiň muzeý gymmatlyklary bilen
tanyşdyrdy. Muzeý bilen tanyşlykdan soňra, Gahryman Arkadagymyz Hormatly
myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Soňra
iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda türkmen halkynyň Milli Lideri
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň milli parlamentiniň
ýolbaşçysynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Sahiba
Gafarowa Gahryman Arkadagymyzy ýene bir gezek mähirli mübärekläp, şu günki
duşuşygyň döwletara gatnaşyklary, şol sanda parlamentler derejesindäki
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga itergi berjekdigine ynam bildirdi. Ol 2022-nji
ýylda Türkmenistana amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny
aýtdy we pursatdan peýdalanyp, saparynyň dowamynda Türkmenistanyň
«Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglanandygy üçin ýene-de
bir gezek hoşallygyny beýan etdi. Şeýle hem dostlukly ýurduň milli
parlamentiniň ýolbaşçysy Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky
gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini belläp, iki ýurduň halklaryny diliň,
medeniýetiň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygynyň baglanyşdyrýandygyny
aýtdy. Şunuň bilen birlikde, ýokary derejedäki özara saparlaryň döwletara
gatnaşyklary ösdürmekdäki möhüm ähmiýetine üns çekildi.
Sahiba
Gafarowa Bitarap ýurt hökmünde amala aşyrýan parahatçylyk döredijilikli daşary
syýasatynyň Türkmenistana halkara giňişlikde uly abraý getirýändigini belledi
we öz ýurdunyň doganlyk Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha
berýändigini aýtdy.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri bildirilen myhmansöýerlik we mähirli garşylanandyklary
üçin türkmen wekiliýetiniň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Sahiba
Gafarowanyň 2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistana bolan resmi saparynyň
barşynda Aşgabatda geçirilen duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny
nygtady. Şol saparyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şol sanda
parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň
giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz şu günki duşuşygyň
türkmen-azerbaýjan doganlyk gatnaşyklaryny, şol sanda iki ýurduň
parlamentleriniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama
laýyklykda alnyp barylýan parlament diplomatiýasy boýunça hyzmatdaşlygy
berkitmäge möhüm itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Milli
Liderimiz Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda uzak ýyllaryň
dowamynda ýola goýlan köpugurly gatnaşyklaryň strategik häsiýetini belledi.
Şunda parlamentara dialogy ösdürmekde ýurtlarymyzyň Mejlislerinde döredilen
dostluk toparlaryna möhüm ornuň degişlidigi, olaryň yzygiderli duşuşyklaryny
geçirmegiň zerurdygy nygtaldy. Hormatly Arkadagymyz häzirki wagtda
parahatçylygy goramakda, howpsuzlygy üpjün etmekde, hormat goýmak dialogynyň
medeniýetini dikeltmekde parlamentleriň wajyp ornuny belläp, Türkmenistanyň we
Azerbaýjanyň parlament wekilleriniň bilelikde bu maksatlara ýetmäge, häzirki
döwürde ählumumy gün tertibinde duran meseleleriň üstünde işlemäge uly
goşantlaryny goşjakdygyna ynam bildirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri
parlamentara dialogyň, gender deňliginiň, zenanlar we ýaşlar diplomatiýasynyň
möhüm ähmiýetine ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyz azerbaýjan parlamentarilerine
türkmen kärdeşleri bilen bilelikde bu ugurlarda özara hyzmatdaşlyk etmegiň
usullaryny işläp taýýarlamagy teklip etdi hem-de taraplaryň üstünlikli
tejribesiniň mundan beýläk-de bilelikdäki işlerde peýdalanylmagynyň
maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn medeni, ylym-bilim hyzmatdaşlygyny
pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirip, iki ýurduň
parlamentleriniň howandarlygynda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ýaşlarynyň ylym
we bilim forumlaryny guramak mümkinçiligine seretmegi teklip etdi. Hormatly
Arkadagymyz Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň doganlyk döwletlerdigini,
halklarymyzy diňe bir geografiýanyň däl, eýsem, umumy taryhyň, diliň,
medeniýetleriň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň ýakynlygynyň hem baglanyşdyrýandygyny,
bu beýik mirasy peýdalanmagyň parlament wekilleriniň gönüden-göni wezipesi
bolup durýandygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri hökmünde mundan
beýläk-de döwletara gatnaşyklary ösdürmek, türkmen we azerbaýjan halklaryny
asyrlaryň dowamynda baglanyşdyryp gelýän gatnaşyklary berkitmek üçin ähli
tagallalary etmäge taýýardygyny tassyklady.
Dostlukly
ýurduň parlamentiniň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzyň beýan eden teklipleriniň
möhüm ähmiýetine ünsi çekip, azerbaýjan tarapynyň kanun çykaryjy edaralarynyň
ugry boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat
edinýändigini nygtady.
Duşuşyk
tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow,
Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa hem-de iki
ýurduň wekiliýet agzalary bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
Gahryman
Arkadagymyz azerbaýjan halkynyň umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň baky aram
tapan ýeri bolan Hormat meýdançasyna bardy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Azerbaýjanyň görnükli döwlet we syýasy işgärini hatyralap, Geýdar
Aliýewiň guburyna gül desselerini goýdy. Geýdar Aliýewiň ýolbaşçylygynda
Azerbaýjan Respublikasynyň okgunly ösüşi we halkara abraýynyň belende galmagy
üçin berk binýat goýuldy. Ol Türkmenistanda iki doganlyk ýurduň arasynda
dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga uly ähmiýet beren
döwlet işgäri hökmünde tanalýar. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Azerbaýjan
Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň käbesiniň guburyna gül dessesini
goýdy.
Soňra
Milli Liderimiz “Ýeňiş” ýadygärlikler toplumyna bardy we öz Watany üçin janyny
gurban eden Azerbaýjanyň milli gahrymanlaryny hatyralap, ýadygärlige gül
desselerini goýdy. Munuň özi geljek nesilleriň abadan durmuşy üçin şirin janyny
pida eden gahrymanlary hatyralamak ýaly türkmen we azerbaýjan halklaryna mahsus
däpleriň dowamata atarylýandygynyň beýany boldy.
Günüň
ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kawkaz musulmanlarynyň
müdiriýetiniň başlygy Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazade bilen duşuşygy boldy.
Allahşukur
Paşazade belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Gahryman Arkadagymyz
bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy we ruhy-medeni gymmatlyklary
ilerletmekde şeýle duşuşyklaryň möhüm ähmiýetini belledi. Şeýle-de ol 2014-nji
ýylda Aşgabatda bolanda, paýtagtymyzyň gözel binagärlik keşbiniň özünde uly
täsir galdyrandygyny, Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Türkmenistany
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen uly işleriň amala aşyrylandygyny,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň görnükli syýasatçy hökmünde dünýäde
giňden tanalýandygyny aýtdy.
Hormatly
Arkadagymyz myhmansöýerligi we hoşniýetli sözleri üçin Allahşukur Paşazadä
minnetdarlyk bildirdi hem-de şu duşuşygyň Azerbaýjana saparynyň möhüm we
ähmiýetli bölegidigini, ikitaraplaýyn köpugurly hyzmatdaşlyk bilen baglylykda,
aýratyn mana eýedigini belledi.
Nygtalyşy
ýaly, iki doganlyk halkyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň taryhy
asyrlaryň jümmüşine uzaýar. Taryhyň, diliň, medeniýetiň, däp-dessurlaryň
umumylygy iki halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň mizemez binýadyny emele getirýär.
“Biz diňe bir dil babatda däl, eýsem, beýleki ugurlarda hem birek-birege örän
gowy düşünýäris. Iki halkyň bir bitewi kökleri bar. Biz umumy köklere, ýakyn
garyndaşlyga esaslanýarys. Bir umumy gymmatlyklara eýerýäris. Biz örän baý
taryhy tejribäni häzirki döwre çenli aýawly saklap geldik. Häzir biziň
ýurtlarymyz, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn
gatnaşyklary berkitmegiň, uzak möhletli bähbitleriň gabat gelmeginiň zerurdygyna
anyk düşünmäge, hyzmatdaşlygyň ägirt uly geljeginiň bardygyna esaslanýarlar”
diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Allahşukur
Paşazade syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara hyzmatdaşlygyň
üstünlikli ösdürilýändigine ünsi çekip, ýurtlarymyzyň munuň üçin ähli zerur
tagallalary edýändigini, bu işde iki ýurduň din işgärleriniň, umuman,
Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň halklaryny birleşdirýän yslam dininiň ornuny
aýratyn nygtady. Yslam dini beýik we ebedi gymmatlyklary bilen biziň
gatnaşyklarymyzy baýlaşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler yslam
dininiň ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde, olarda Watana, onuň taryhyna
söýgi, ata-enä, maşgala ojagynyň mukaddesligine hormat goýmak duýgularyny
kemala getirmekde örän uly ähmiýetini bellediler. Häzirki döwürde bu düşünjeler
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ruhy-ahlak köklerini, olaryň jemgyýetçilik,
durmuş-syýasy nusgasyny emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz
ýurtlarymyzda bu wezipäni ýerine ýetirmekde din işgärleriniň tutýan ornunyň
uludygyny kanagatlanma bilen nygtady.
Din
işgärleriniň at-abraýy, baý tejribesi ýurtlarymyzda üstünlikli döwlet
gurluşynyň, parahatçylygy goramagyň we berkitmegiň, durmuş, milletara
agzybirliginiň örän möhüm şertine öwrülýär. Gahryman Arkadagymyz häzirki
şertlerde dinara dialogyň aýratyn ähmiýete eýedigini we derwaýysdygyny belläp,
şeýle dialogyň hyzmatdaşlygyň, özara düşünişmegiň köprüleriniň biri bolup
biljekdigine ynam bildirdi.
Halk
Maslahatynyň Başlygy 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigine ünsi çekip, bu başlangyjyň
syýasy-diplomatik çäklerden daşary çykýandygyny, onuň diňe bir ählumumy
geosyýasy häsiýete däl-de, eýsem, örän giň dünýägaraýyş häsiýetine-de eýedigini
aýtdy. Bu başlangyç özara hormat goýmak esasyndaky dialogy ýola goýmaga,
döwletleriň we halklaryň arasynda ynanyşmaga, ýalňyş garaýyşlarydyr ideologik
çäkleri ýeňip geçmäge ýardam bermäge niýetlenendir. Bu başlangyjy öňe süren
ýurt hökmünde Türkmenistanyň maksady häzirki döwürdäki ýeňil bolmadyk şertlerde
parahatçylyk, özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk ýollaryny gurmakdan ybaratdyr.
Hormatly Arkadagymyz bu asylly maksada ýetmekde yslam dinine we onuň wekillerine,
uly abraýa eýe bolan işgärlerine örän aýratyn ornuň degişlidigine ynam
bildirip, Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazadäni 2025-nji ýylyň dekabrynda Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp, Aşgabatda geçiriljek halkara
maslahata çagyrdy.
Kawkaz
musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazade çakylyk
üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan
daşary syýasatynyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy
pugtalandyrmaga ýardam berýändigini nygtady.
Gahryman
Arkadagymyz Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň halklarynyň arasyndaky doganlyk,
hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge goşýan uly goşandy
üçin Allahşukur Paşazadä tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, ýurtlarymyzyň din
wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ähli goldawyň
we ýardamyň beriljekdigini, olaryň arasynda berk, uzak möhletli gatnaşyklaryň
ýola goýulmagy üçin hemme şertleriň dörediljekdigini aýtdy. Kawkaz
musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy belent mertebeli myhmana hoşallyk
bildirip, iki ýurduň arasynda bu möhüm ugurdaky dialogyň mundan beýläk-de dowam
etdirilmeginiň azerbaýjan we türkmen halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny
has-da pugtalandyrmaga ýardam berjekdigini belledi.
Duşuşygyň
dowamynda Gahryman Arkadagymyz Şeýh-ul-islam Allaşukur Paşazadä türkmen donuny
we namazlyk sowgat berdi. Ol tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, bu sowgady
iki doganlyk halkyň arasyndaky hormat-sarpanyň nyşany hökmünde kabul
edýändigini aýtdy.
Duşuşyk
tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatyna Kawkaz
musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygynyň adyndan günortanlyk nahary berildi.
Nahardan soňra, Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okady. Töwirde Beýik
Biribardan türkmen we azerbaýjan halklarynyň arasyndaky dost-doganlygyň
dowamat-dowam bolmagy, olaryň hemişe abadan durmuşda ýaşamaklary dileg edildi.
Soňra
Milli Liderimiziň awtoulag kerweni “Sea Breeze” dynç alyş toplumyna bardy. Bu
ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew we “Sea Breeze” toplumynyň
esaslandyryjysy Emin Agalarow mähirli garşyladylar. Bu ýerde Gahryman
Arkadagymyza şekil taslamalarynyň üsti bilen agzalan dynç alyş toplumy barada
maglumat berildi.
Ýeri
gelende bellesek, soňky ýyllarda türkmen topragynyň ajaýyp künjegi bolan
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy hem tanalmaz derejede özgerdi. Hazar deňziniň
türkmen kenarynda ak mermerli kaşaň myhmanhanalar, kottej şäherçeleri,
ýaht-klublar, çagalar sagaldyş merkezleri, sport desgalary guruldy, dynç alyş
seýilgähleri, ýaşyl zolaklar, emeli derýa döredildi. Bularyň hemmesi, şol sanda
ulag, inženerçilik-tehniki düzümleriň desgalary öňdebaryjy tehnologiýalary
hem-de gurluşyk, binagärlik we bezeg ulgamlaryndaky özboluşly çözgütleri
peýdalanmak arkaly, täzeçil çemeleşmeleriň esasynda bina edildi. Häzirki
döwürde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy iri işewürlik, medeni we sport
merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyryp, ýokary derejedäki duşuşyklaryň, dürli
halkara çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Amatly howa şertleri hem-de Hazar
deňziniň türkmen kenarynyň baý şypahana kuwwaty, iň döwrebap tehnologiýalardan,
innowasiýalardan, öňdebaryjy binagärlik, inženerçilik-tehniki gazanylanlardan
ugur alynmagy, öňde goýlan maksatlara ýetmek babatda oýlanyşykly çemeleşmeler,
eziz Diýarymyzyň “deňiz merjeniniň” halkara syýahatçylygyň, şypahana-dynç alşyň
hem-de sportuň ykrar edilen merkezine öwrülmegi üçin ähli şertleri döredýär.
Gahryman
Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna sapary dowam edýär.
tdh.gov