01.10.2026
2026-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda
paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Maýa goýum forumy –
2026 (TIF 2026) öz işine başlady. Iki gün dowam edýän iri halkara forumy daşary
ýurtlaryň iri kompaniýalarynyň, halkara maliýe guramalarynyň, döwlet
edaralarynyň hem-de işewür toparlaryň wekillerini bir ýere jemledi.
Forumyň
açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň forumyň
gatnaşyjylaryna iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanynyň Gutlagynda
bellenilişi ýaly, häzirki döwürde innowasiýalara we öňdebaryjy tehnologiýalara
daýanýan ykdysady ösüş, maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek hem-de milli
ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak möhüm ugurlaryň biri bolup durýar.
Forum
Türkmenistanyň häzirki zaman ykdysady mümkinçiliklerini, maýa goýum üçin amatly
şertlerini we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlaryny giňden ara alyp maslahatlaşmak
üçin möhüm meýdança öwrüldi. Çäräniň dowamynda energetika, nebithimiýa,
ulag-logistika, oba hojalygy, sanly ykdysadyýet, Hazar sebiti, syýahatçylyk,
şäher infrastrukturasyny ösdürmek hem-de suw serişdelerini dolandyrmak ýaly strategik
ugurlar boýunça pikir alyşmalar geçirilýär.
Forumyň
çäklerinde işewür duşuşyklaryň, B2G görnüşindäki gepleşikleriň, maýa goýum
hyzmatlaryny hödürleýän guramalaryň we eksport-karz agentlikleriniň wekilleri
bilen duşuşyklaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle hem iri taslamalar
boýunça maslahatlaşmalar we täze hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň ara alnyp
maslahatlaşmagy halkara işewür gatnaşyklaryny ösdürmäge giň ýol açýar.
Çäräniň
açylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň amatly geosyýasy we
geo-ykdysady ýerleşişi, baý tebigy serişdeleri hem-de täze ykdysady
mümkinçilikleri ýurduň maýa goýum babatda özüne çekijiligini has-da
ýokarlandyrýar. Forumyň esasy maksatlarynyň biri hem daşary ýurtly maýadarlar,
halkara maliýe-bank düzümleri, döwlet edaralary we türkmen hususy pudagynyň
wekilleriniň arasynda netijeli dialogy ösdürmekden ybaratdyr.
TIF
2026 Türkmenistanyň halkara işewürlik gatnaşyklaryny täze derejä çykarmaga,
maýa goýum hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmäge we geljegi uly taslamalaryň
durmuşa geçirilmegine ýardam edýän möhüm halkara meýdança hökmünde öz işini
dowam etdirýär.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.