31.10.2026
2026-njy ýylyň 29 – 30-njy
oktýabrynda Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäherinde Türki
Döwletleriniň Guramasynyň (TDG) döwlet Baştutanlarynyň 13-nji sammiti
geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky
Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
ýolbaşçysy hem bu ýokary derejeli halkara çäresine gatnaşdy.
“Türki dünýäsiniň asyry: dilde, pikirde we
işde birlik” atly şygar astynda geçirilen Sammitiň dowamynda türki döwletleriň
arasynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de ösdürmek, özara gatnaşyklary berkitmek, şeýle-de sebit we halkara
gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň
çäklerinde ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, işewür toparlaryň arasyndaky
hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, ulag-logistika, energetika we beýleki ileri
tutulýan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine aýratyn
üns berildi. Sammitiň jemleri boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we guramanyň
işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalara
gol çekildi, şol sanda Ankara Jarnamasy kabul edildi.
Mälim bolşy
ýaly, Türkmenistanyň Türki Döwletleriniň Guramasy bilen hyzmatdaşlygy oňyn
Bitaraplyk ýörelgelerine we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna
laýyklykda ösdürilýär. Ýurdumyz synçy döwlet hökmünde guramanyň çäklerinde
alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşmak bilen, türki döwletleriň arasyndaky
dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga we köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge
mynasyp goşant goşýar.
Gahryman
Arkadagymyzyň türki dünýäsiniň agzybirligini berkitmek, medeni-ynsanperwer
gatnaşyklary ösdürmek we halklaryň taryhy umumylygyny dabaralandyrmak boýunça
öňe sürýän başlangyçlary hem bu hyzmatdaşlygyň many-mazmunyny has-da
baýlaşdyrýar.
Ankara sammiti türki
döwletleriň arasynda özara ynanyşmagy pugtalandyrmak, söwda-ykdysady
gatnaşyklary täze derejä çykarmak hem-de geljegi uly hyzmatdaşlyk taslamalaryny
durmuşa geçirmek üçin möhüm ähmiýete eýe boldy.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.